20 C
Aşkabat
01.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Merkezi Aziýa-Hytaý Gaz Geçirijisi Boýunça 304,6 Mlrd Kub Metr «Mawy Ýangyç» Iberildi

Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisiniň ulanyşa girizilen döwründen şu ýylyň 7-nji martynda çenli ýagdaýa görä, Hytaýa iberilen tebigy gazyň jemi möçberi 304,6 mlrd kub metre barabardyr, diýip Sinhua agentligi habar berýär.

2020-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda gaz geçiriji boýunça Merkezi Aziýadan Hytaýa 7,6 mlrd kub metr tebigy gaz eksport edildi.

Şol bir wagtda «Sinhua» agentliginiň nygtaýşy ýaly, Merkezi Aziýa gaz geçirijisi HHR üçin ilkinji guryýer transmilli energetiki geçelgesi boldy. Bu günki gün ol dünýäde iň uzyn (10 müň km) gaz geçirijidir.

2009-njy ýylda ulanyşa girizilen bu gaz magistraly, Türkmenistandan gözbaş alyp, Özbegistanyň we Günorta Gazagystanyň üstünden geçip, Horgos serhetýaka nokadyna çenli gidýär. Soňra Hunan we Hubeý welaýatlaryndan geçip, gaz ilat sany boýunça dünýäniň iň iri şäherleriniň biri bolan Şanhaýa ýetirilýär. Şeýlelikde, Merkezi Aziýanyň gazy 27 welaýatyň, munisipalitetleriň, awtonom etraplaryň we Gonkong ýörite administratiw etrabynyň 500 milliondan gowrak ýaşaýjylaryna peýda getirýär.

Hytaý habar beriş serişdeleri tebigy gazyň ekologiki artykmaçlyklary barada belleýärler. Hususan-da, bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýadan alnan 300 mlrd kub metr tebigy gaz 399 mln tonna kömür ulanylmagynyň öňüni almaga ýardam etdi. Degişlilikde, kömürturşy gazynyň we kükürt dioksidiniň atmosfera zyňylmasynyň ýüzlerçe million tonnasy azaldyldy.

Mart aýynyň başynda Hytaýyň habar beriş serişdeleri HHR-iň kompaniýalarynyň daşary ýurt nebitgaz taslamalaryny öň bellenilen meýilnamalara laýyklykda alyp barmaklaryny dowam edýändigi hakyndaky habaryny ýaýratdy. Şol taslamalaryň hatarynda Türkmenistanda Amyderýanyň sag kenarynda hem-de Täjigistandaky tunneliň gurluşygynda — «Merkezi Aziýa – Hytaý» gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň (D) birinji desgasynda gurluşyk işlerini alyp barýar.

Çeşme: oilgas.gov.tm

Degişli makalalar

Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy – Aşgabadyň Ilkinji Hormatly Raýaty

Hormatly Prezidentimiz Köpçülikleýin Bag Ekmek Dabarasyna Taýýarlyk Görlüşi Hem-de Täze Desgalaryň Birnäçesindäki Işleriň Ýagdaýy Bilen Tanyşdy

Eýranyň Amaly-Haşam Sungatynyň Sergisiniň Tomaşaçylary Gündogar Ussatlarynyň Nepis Eserlerine Mynasyp Baha Berdiler