21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Milli Aýakgabyň Taryhyndan

Milli Aýakgabyň Taryhyndan

Uly adamlar üçin türkmen milli aýakgaplarynyň ökjesiniň beýikligi, ýiti reňk öwüşginleri we bezemenligi ýaly umumy sypatlary bolupdyr. Ahli tire-taýpalaryň ýaşy uly adamlary pes ökjeli, az -kem bezegli goýy-gök ýa-da gara reňkli mesi geýipdirler. XX asyryň başyna çenli baý maşgalalaryň zenanlary toý-dabaralara gülli mesili çykypdyrlar.

Ýaşlaryň ädigidir köwşi çylşyrymly biçüwli, ýiti reňkli we bezegli bolupdyr. Ýokary gatlagyň wekilleri gön, mişi, mahmal ýaly gymmatly serişdeler, şeýle hem altyndyr kümüş ulanylyp tikilen aýakgap geýipdirler.

Gadym zamanlarda aýagyň ölçegine, tüňňüligne bakmazdan, sagyny-çepini saýgarman iki taý köwşem bir ülňüde deň tikipdirler. Gowy aýakgap hemmä ýetdirýän zat däl eken. Onuň reňkidir şekili özboluşlylylgy bilen tapawutlanypdyr. Aýakgaplar inçeburun we ýasyburunlylara bölünipdir.

Zenan aýakgaplary erkekleriňkiden bezemen, tumarly giň gonçlylygy bilen tapawutlanypdyr.

Gelin-gyzlar dürli reňkli ýüpek sapaklar bilen keşdelenen deriden tikilen apgyrtsyz beýik ökjeli köwüş, şeýle hem gönden we mişiden tikilen jüýk burun ädik geýipdirler.

Türkmenlerde erkekler we zenanlar ökjesi ýuka mesi geýipdirler. Ol gara geçi derisinden tikilipdir. Ilki-ilkiler din hadymlary we emeldaarlar, täjirler şu hili aýakgap geýipdirler. Soň-soňdan ol ähli gatlagyň wekillerine elýeterli bolupdyr.

Türkmenistanyň çöllük ýerlerinde gyzgyn çägeden we tikenlerden goraýan sandallar ýörgünli eken. Köplenç at üstünde gezýän maldalaryň arasynda aýagy üzeňňide ykjam saklaýan ökjeli aýakgap ýoň bolupdyr.

Ähli tire-taýpalarda çaryk iň oňaýly aýakgap bolupdyr. Çopanlardyr daýhanlaryň gündelik bu aýakgaby sygryň, düýäniň ýa-da öküziň eýlenmedik çig derisinden taýýarlapdyrlar. Dagdyr çöllerde ýeňiljek, oňaýly çarygyň belli bahasy bolmandyr.

Erkek kişiler at münende çöwrülen deriden tikilen pessejik ökjeli ädik geýipdirler. Barjamly adamlar toý-dabaralarda ökjesi nally, çüňki gaňtarylgy, gonjy seçekli gyzyl ädik ýa-da ökjesi ak mişili ädik geýipdirler.

Ýerli ussalar Hywadan ýa-da Russiýadan getirilen, eýlenen goýy ýa-da mele galyň deriden (gönden) erkeklerdir zenanlar üçin dürli nysakly toý aýakgaplaryny taýýarlapdyrlar. Erkekleriň arasynda burny basma keşdeli gyrmyzy köwüş-çepek ýörgünli bolupdyr, onuň burny açyk reňkli sapaklar mis simler bilen tikilipdir. Ony esasan tomsuna geýýän ekenler.

Zenanlar toý-dabara çüňki gaýtarylan we sütük derili bökejem köwüşli çykypdyrlar. Käte onuň tüýüne jaňjagazlar berkidilipdir, olar her ädimde ses edipdir.

ХVIII asyrda zenan aýakgaplary olaryň aýagyny keseki gözlerden gizlemäge niýetlenipdir. Gyşda ýaş gelinler mişiden tikilen ädigiň içinden beýik gonçly gülli ýüň jorap geýipdirler. Ädikler basma nagyşly bolupdyr, burma burnuna bolsa demir bölejii kakylypdyr. Galyň ökjesin sygyr ýa-da öküz derisinden taýýarlapdyrlar. Erkekle ýylboýy şeýle aýakgap geýipdirler, gyşyna bolsa ony gülli ýüň joraplaryň üstünden geýipdirler.

Geçmişde obalylaryň halaýan köwşi galoşlary çig deriden tikipdirler.Olar ýumşak, ýeňil, aýaga geliwli bolup, çyg geçirmändir. ХХ asyrydan başlap arassa deriden tikilen ýerli galoşlara derek Russiýanyň fabrikleriniň Orta Aziýalylar üçin rezinden taýýarlanan aýakgaplary getirilipdir. Käbir kemçiligine garamazdan ýerli howa şertlerinde rezin galoşlar oňaýly bolupdyr. Obada ýaşaýan ýaşy uly adamlar häli-häzirem galoş geýýärler.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň DIM-de Ýurdumyzda Işleýän Halkara Guramalarynyň Wekilhanalarynyň Ýolbaşçylary Bilen Duşuşyk

Täze Elektrik Beketleri Ýurdumyzyň Kuwwatyny Artdyrýar

Bütindünýä Uniwersitetara Gyşky Oýunlary

syrach