19.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Milli Olimpiýa Komitetleriniň Wekilleri V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlygyň Ýokary Derejesini Bellediler

Milli Olimpiýa Komitetleriniň Wekilleri V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlygyň Ýokary Derejesini Bellediler

Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşýan ýurtlaryň Milli Olimpiýa komitetleriniň wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň maslahaty geçirildi. Bu oýunlara taýýarlyk görmek jemleýji tapgyra gadam basdy.

Forumyň barşynda Aşiýa we Okeaniýa ýurtlarynyň MOK-larynyň ýolbaşçylary Türkmenistanda V Aziýa oýunlaryny geçirmek boýunça alnyp barylýan işler, şol sanda meýlitinçileri taýýarlamak işleri bilen tanyşdylar. Bellenilişi ýaly 9-njy fewralda “Ilkinji ýyldyzlar” maksatnamasyna badalga berildi. Ol 10 müňe çenli meýletin kömekçileriň taýýarlanylmagyna niýetlenendir.

“Trivandi Chanzo Limited” britan kompaniýasynyň baş direktory Mik Raýt hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Aziadany taýýarlamak işine gatnaşmaga döredilen mümkinçiligi üçin çuňňur hoşallyk bildirdi. Ol şeýle hem “Aşgabat-2017” taslamasynda Türkmenistanyň hyzmatdaşy hökmünde kompaniýanyň wezipesi barada gürrüň berdi. Şol wezipe bolsa bu iri sport wakasynyň kömegi bilen bütin dünýä türkmen paýtagtynyň gözelligini, türkmenistanlylaryň hoşniýetliligini hem-de açyklygyny görkezmekden ybaratdyr. 62 ýurtdan bäş müň türgeniň gelmegine garaşylýar. Olardan başga-da, bu iri sport çäresine wekiliýetleriň we toparlaryň beýleki agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we köp sanly janköýerler geler. Sport ýaryşlaryna petekleriň 600 müňüsini satmak meýilleşdirilýär.

Milli Olimpiýa komitetleriniň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem akkreditasiýa, ulag we lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemek, dopinge garşy göreş gullugynyň işi, logistikany hem-de howpsuzlygy üpjün etmek, myhmanlary ýerleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýaryşlary geçirmegiň tertibine we türgenleşik meýdançalaryny ulanmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Türgenleşikleri geçirmek babatda Olimpiýa şäherjiginden başga-da, paýtagtymyzyň beýleki sport desgalary, şol sanda ýokary okuw mekdepleriniň desgalary hem ulanylar.

Şu gün Milli Olimpiýa komitetleriniň wekilleri Olimpiýa şäherjigine baryp gördüler we onuň desgalary, bu ýerde türgenler, tälimçiler, eminler, tomaşaçylar üçin döredilen şertler bilen tanyşdylar, welotregiň ýodajyklarynda welosiped sürüp gördüler. Daşary ýurtly myhmanlar gören zatlarynyň ählisine haýran galýandyklaryny aýtdylar.

Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygyna ABŞ-nyň 5 milliard dollaryna golaý serişde gönükdirildi. Bu maýa goýumlary Türkmenistanyň sport geljegine uly goşantdyr. Milli Olimpiýa komitetleriniň wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň belleýşi ýaly, Aziadanyň şeýle ajaýyp mirasy bilen Aşgabat özünde Olimpiýa oýunlaryny geçirmäge isleg bildirmäge haklydyr.

Milli Olimpiýa komitetleriniň maslahatyna gatnaşyjylar üçin Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzili boýunça tanyşlyk gezelenji hem guraldy. Bu ägirt uly howa menzili 2016-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirildi.

Hakykatdan hem, ägirt uly howa menzili özüniň ajaýyp keşbi hem-de möçberi bilen haýran galdyrýar. Bu ýerde ýolagçylar üçin ähli oňaýly şertler döredildi. Aşgabadyň Halkara howa menzili diňe bir bezeg babatda däl, eýsem, özüniň ulanylyşy we hyzmat edişi babatda hem tapawutlanýar. Ilkinji nobatda, ol özüniň innowasion ulgamy bilen ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Ýolagçylara hyzmat etmek babatda Aşgabadyň howa menzili bu görkezijiler babatda bütin dünýäde ykrar edilen şeýle desgalar bilen bäsleşmegi göz öňünde tutýar.

Paýtagtymyzyň täze howa menzilini dünýäniň şeýle desgalarynyň ählisinden esasy tapawudy onuň täsin, adaty bolmadyk çeperçilik bezeginden hem-de çözgüdinden ybaratdyr. Maslahata gatnaşyjylar hem muny aýratyn bellediler. Olar howa menzili bilen tanyşlyk soň, Türkmenbaşy şäherine ugradylar. Ertir şol ýerde halkara sport kongresi geçiriler.

Degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Psihiatrik Kömek Bermek Hakynda

1-nji Sentýabrda Aşgabatda Täze Mekdepler we Ýokary Okuw Mekdebiniň Binalary Açylar

Türkmenistan Fotosuratlary

turkmenhabargullugy