22.9 C
Aşkabat
03.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi.

Milli bahar baýramynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine seredildi. 

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçmek bilen, gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy barada hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, wise-premýer şahsy taraplaryň ýurdumyza getirýän käbir önümlerini güwälendirmäge degişli kararyň taslamasyny taýýarlamagyň çäklerinde alnyp barlan işler barada habar berdi. Bu resminama standartlaşdyryş we güwälendiriş ulgamynyň işini kämilleşdirmek, ýurdumyza getirilýän önümleriň ýokary hilli, adamyň saglygy we daşky gurşaw üçin howpsuz bolmagyny üpjün etmek maksady bilen “Sertifikatlaşdyrmak hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda işlenip taýýarlandy. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ösüşiň milli we pudaklaýyn maksatnamalarda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek üçin toplumlaýyn çäreleriň görülmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Bellenen meýilnamalaryň hemmesiniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi Türkmenistanyň gülläp ösüş ýoly bilen mundan beýläk-de üstünlikli öňe ilerlemegine ýardam etmäge gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Maliýe-ykdysady düzümleriň öňünde jogapkärli wezipeleriň durýandygyny belläp, şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

Döwlet Baştutanymyz şahsy taraplaryň ýurdumyza getirýän käbir önümlerini güwälendirmek hakynda kararyň taslamasyny, umuman, oňlap, resminama gol çekdi. Kabul edilýän kanunçylyk hukuknamalarynyň ýerine ýetirilişine pugta gözegçiligiň üpjün edilmeginiň ähmiýetini belläp, milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlaryna we Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Hojamgulyýewe bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi. 

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentiň ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek hem-de deputatlaryň ýerlerde düşündiriş işlerini geçirmek bilen bagly alnyp barylýan işleri barada habar berdi. Häzir Türkmenistanyň Mejlisiniň komitetlerinde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan durmuş maksatly syýasatyň esasy ugurlary bilen baglylykda täze kanun taslamalary we kadalaşdyryjy hukuk namalary işlenip taýýarlanylýar. Olar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň dürli ugurlaryny kämilleşdirmäge gönükdirilendir. 

Döwletimiziň hukuk esaslaryny berkitmek, durmuşyň ähli ugurlarynda kanuny ileri tutmak boýunça Türkmenistanyň amala aşyrýan ugry bilen baglylykda işlenip taýýarlanylýan kanunçylyk namalarynyň ähmiýetini belläp, döwlet Baştutanymyz bu ugurda işleri ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny, şeýle hem umumylykda ykrar edilen halkara hukugynyň kadalaryny nazara almak bilen geçirmegiň möhümdigini aýtdy. 

Milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, jemgyýetiň we döwletiň durmuşynyň has möhüm ugurlarynyň ösüşini kanunçylyk taýdan üpjün etmek, ykdysadyýeti, ylmy we medeniýeti hemmetaraplaýyn ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny has-da giňeltmek hem-de goramak boýunça işleri dowam etmek üçin zerur bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa Milli bahar baýramy mynasybetli paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda guraljak çäreler, şeýle hem aprel aýynda geçiriljek medeni çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp, ulanmaga bermegiň tertibi barada hasabat berdi. 

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, ýurdumyzda, şeýle-de daşary döwletlerde geçiriljek medeni çäreleriň, şol sanda “Suw damjasy – altyn dänesi”, Türkmen bedewiniň baýramyna, Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan çäreleriň baý mazmunly maksatnamasy taýýarlanyldy. Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda konsertler, täze teatr oýunlary, sergiler we bäsleşikler, maslahatlar, döredijilik we sport bäsleşikleri şol maksatnamanyň esasyny düzüp, olar paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda geçiriler. 

Aprel aýynda halkara ähmiýetli çäreleri, şol sanda “Magtymguly we dünýä medeniýeti” atly halkara ylmy maslahatyny hem-de Magtymguly Pyragynyň edebi eserleriniň türk diline terjime edilen täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasyny, paýtagtymyzda “Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty” atly halkara teatr festiwalyny, “Aşgabat – Aziada-2017-niň paýtagty” atly halkara sport sergisini, “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara maslahatyny we sergi-ýarmarkasyny we beýleki çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere Milli bahar baýramynyň hormatyna geçiriljek baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz aprel aýynda geçiriljek ähli halkara medeni we beýleki çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi, milli baýramlarda türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe onuň agzybirligini we döredijilikli ylham joşgunyny şöhlelendirmek maksady bilen, dabaralara mynasyp taýýarlyk görmegi tabşyrdy. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow ýangyç-energetika toplumynyň düzüm bölümlerinde işleriň ýagdaýy hem-de “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň” çäklerinde amala aşyrylýan birnäçe iri maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. 

Hususan-da, bar bolan döwletara ylalaşyklaryna laýyklykda, türkmen tebigy gazynyň Hytaý Halk Respublikasyna iberlişiniň möçberlerini artdyrmaga niýetlenen täze düzümleýin desgalaryň gurluşygynyň barşy barada habarlar aýdyldy. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň ägirt uly nebitgaz kuwwatyny netijeli peýdalanmaga hem-de milli we umumy bähbitlere laýyk gelýän özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, düýpli energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendigini nygtady. 

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere nebitgaz çykaryjy senagaty has-da döwrebaplaşdyrmaga, tehniki we tehnologiýa taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmaga, türkmen energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna, şol sanda Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi boýunça iberilmeginiň möçberlerini tapgyrlaýyn artdyrmaga degişli birnäçe tabşyryklary berdi. 

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmak, nebiti we gazy gaýtadan işlemek boýunça täze desgalary gurmak, öndürilýän nebithimiýa önümleriniň möçberlerini artdyrmak we görnüşlerini giňeltmek bilen baglanyşykly meselelere ünsi güýçlendirmegi tabşyrldy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Italmazow gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy, milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny hem-de önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler hakynda hasabat berdi. Hasabatyň barşynda aýna we aýna önümlerini öndürýän kärhanany gurmak boýunça alnyp barylýan işler hakyndaky habar aýdyldy. Degişli taslama döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi. 

Bellenip geçilişi ýaly, bu kärhanada aýna we aýna önümleri häzirki zaman usuly bilen öndüriler, munuň özi ýurdumyz üçin senagat tehnologiýalarynyň iäze görnüşleriniň biri bolup durýar. Hususan-da, gurluşyk aýnasyny, laminirlenen aýnany, aýna paketlerini, azyk senagaty üçin bankalary we çüýşeleri, lukmançylyk senagaty üçin çüýşejikleriň dürli görnüşlerini öndürmek meýilleşdirilýär. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe senagat ulgamynyň ösüşiň hil taýdan täze derejesine ynamly gadam urýandygyny kanagatlanma bilen belledi, munuň özi, hususan-da, köpsanly senagat desgalarynyň işe girizilmeginiň depginli ösüşi, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy bilen şertlendirilendir. 

Döwlet Baştutanymyz ähli bellenilen meýilnamalaryň öz wagtynda durmuşa geçirilmegi hem-de iň oňat dünýä tejribesiniň ulanylmagy üçin pudaklaýyn önümçilik düzümlerini mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýän gündelik we geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmäge aýratyn üns bermegiň zerurdygyny aýdyp, ykdysadyýetimiziň aýna önümlerini öndürýän pudagynyň netijeliligini has-da giňeltmegiň, bu ugurda öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmagyň ähmiýetini nygtady. Milli Liderimiz wise-premýere aýna önümlerini öndürýän kärhanany gurmagyň taslamasy, ýerini kesgitlemek we potratçyny saýlap almak bilen baglanyşykly ähli meseleleri oýlanyşykly çözmegi tabşyrdy. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek maksady bilen Türkmenistanyň wekiliýetiniň 23-29-njy martda Hytaý Halk Respublikasyna boljak iş saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Saparyň barşynda düzüminde nebitgaz, senagat, oba hojalyk we söwda pudaklarynyň ministrlikleriniň we edaralarynyň hünärmenleri bolan wekiliýet Pekin, Tianjin şäherlerinde we Şandun welaýatynda bolup, dürli çärelere we duşuşyklara gatnaşar. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň dokma we pagta önümleriniň ýörite sergisi guralar, şeýle hem ýurdumyzda gazanylan ykdysady üstünlikler we maýa goýum syýasaty barada giňişleýin tanyşdyryş çäreleri geçiriler. 

Bu çäreleriň barşynda ikitaraplaýyn geňeşmeler geçiriler hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň has möhüm we geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar. Iş saparynyň işewür maksatnamasynda Pekin şäheriniň halkara sergiler merkeziniň wekilleri bilen duşuşyk geçirip, bilelikdäki sergi-ýarmarkalaryny guramak babatda özara hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, giň halkara aragatnaşyklarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasy ýaly iri hyzmatdaşy bilen gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, ilkinji nobatda, halk hojalygynyň eksporta niýetlenen pudaklarynyň mümkinçiliklerini has doly durmuşa geçirmäge, önümçilik ulgamyna, senagata maýa goýumlary hem-de döwrebap tehnologiýalary çekmäge gönükdirilendigini aýtdy. 

Göni işewür gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň türkmen önümleriniň hytaý bazaryna ornaşmagynda, özara haryt dolanyşygynyň ösmeginde täze mümkinçilikleri açýandygyny belläp, milli Liderimiz iş saparynyň çäklerinde meýilleşdirilen hemme çäreleriň hakykatda anyk netije bermegini gazanmagy göz öňünde tutup, olary ýokary derejede geçirmek boýunça wise-premýere anyk görkezmeleriň birnäçesini berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň bilim ulgamynda özgertmeleri çaltlaşdyrmak hem-de işgärleri taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça işlenip taýýarlanan çäreler barada hasabat berdi. Şeýlelikde, milli Liderimiziň garamagyna «Döwlet hünär bilimi edaralary hakyndaky düzgünnamalary tassyklamak barada» Kararyň taslamasy hödürlendi. 

Hususan-da, başlangyç, orta we ýokary okuw mekdepleriniň düzümini kesgitlejek we işini kadalaşdyrjak resminamada ýokary hünär biliminiň iki basgançakly (bakalawr, magistr) gurluş düzümi göz öňünde tutulýar. Düzgünnama şeýle hem bilim almagyň we okatmagyň görnüşlerine (gündizki, gündizki-gaýybana, gaýybana), kadalyk ölçeg möhletlerine (ýokary okuw mekdeplerinde 4-5-6 ýyl, orta hünär okuw mekdeplerinde 2-4 ýyl, başlangyç hünär mekdeplerinde 1-1,5 ýyl) degişlidir. Beýleki çäreleriň hatarynda daşary ýurt dillerini öwrenmek hünär biliminiň maksatnamalaryna hökmany ders hökmünde girizmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmakdyk adamlaryň hünär okuw mekdeplerinde bilim almagynyň şertleri kesgitlenilýär. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Şol syýasat bolsa ýurdumyzy ykdysady taýdan kuwwatly hem-de ösen döwletleriň hataryna çykarmaga gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyz bilim ulgamynyň kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmeginiň wajypdygyny nygtap, “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda kesgitlenen kadalaryň doly berjaý edilmeginiň bu ulgamy kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýedigini aýtdy. Milli Liderimiz «Döwlet hünär bilimi edaralary hakyndaky düzgünnamalary tassyklamak baradaky» karara gol çekip, resminamadan gelip çykýan wezipeleriň doly ýerine ýetirilmegi babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra mejlisde Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanowyň hasabaty diňlendi. Ol gözegçilik edýän düzümlerinde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň baş şertini ykrar etmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler, zyýanly endikleriň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem neşe serişdeleriniň ýaýradylmagynyň öňüni almaga, olaryň ýok edilmegine gönükdirilen “Göknar-2014” meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmegiň wajypdygyny nygtap, şu möhüm wezipäni çözmekde ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de bu gullugyň tagallalarynyň birleşdirilmelidigini we sazlaşykly hem-de netijeli işlemeginiň üpjün edilmelidigini aýtdy we bu babatda wise-premýer S.Toýlyýewe hem-de Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanowa anyk tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew özüne ynanylan düzümlerde geçirilýän işler barada hasabat berdi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, döwlet dolandyryş edarasynyň işleriniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen guramaçylyk çärelerini görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň garamagynda bolan ähmiýetli desgalaryň gurluşygynda alnyp barylýan işlere berk gözegçilik etmegi tabşyryp, milli Liderimiz bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow çykyş etdi. Ol hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça 16-18-nji martda Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. 

Hususan-da, wise-premýer saparyň barşynda sebitlde bina etmek meýilleşdirilen gant şugundyryny gaýtadan işleýän täze kärhananyň ýerleşjek ýeri kesgitlenendigini habar berdi. Etrap häkimleri bilen bilelikde, täze zawody zerur bolan çig mal bilen üpjün etmek maksady bilen, gant şugundyryny ýetişdirmek üçin goşmaça ýer böleklerini bermek meseleleri çözüldi. 

Gowaça ekişine taýýarlyk barada hasabat berip, wise-premýer daýhan hojalyklarynyň ýokary hilli tohumlar, şeýle hem ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalary bilen doly üpjün edilendigini belledi. 2120 sany traktor taýýarlyk hataryna çykaryldy. Beýleki oba hojalyk işleriniň, hususan-da, boý alan maýsalara ideg etmek işleriniň depgini artýar. Häzirki wagtda gallaçylar ösüş suwuny tutýarlar, bugdaý ekilen meýdanlary mineral dökünler bilen iýmitlendirýärler. 

Döwlet Baştutanymyz suw hojalyk ulgamynda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler oba hojalyk toplumynyň ägirt uly kuwwatyny peýdalanmak, dürli görnüşli oba hojalyk önümlerini öndürmegiň möçberlerini artdyrmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça wezipeleriň çözülmegine ýardam etmäge, ahyrky netijede bolsa Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir diýip aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz wise-premýere gowaça ekişini gysga wagtda geçirmek, ekinlere zerur idegi üpjün etmek barada görkezmeleri berdi. Şunda bugdaýyň we pagtanyň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny almagyň möhüm şerti bolup durýan agrotehniki kadalara pugta gözegçilik etmegiň zerurdygyna aýratyn üns berildi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag toplumy we aragatnaşyk ulgamlarynda işleriň barşy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi “Aşgabat-Bereket-Türkmenbaşy” demir ýolunyň ýokary hilli döwrebap aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakyndaky” hem-de “Gyzylgaýa-Bereket-Etrek” demir ýolunyň ugrundaky Bereket we Serhetýaka stansiýalarynyň gurluşygyny malýieleşdirmek hakyndaky” kararlaryň taslamalary, şeýle hem Aşgabat şäherindäki täze halkara howa menziliniň ikinji ýolagçy terminalyny açmaga görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. 

“Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin milli maksatnamasynda” bellenilen giň gerimli wezipeleri üstünlikli amala aşyrmakda ulag we aragatnaşyk ulgamynyň eýeleýän ornuny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow demir ýol pudagyny çalt depginlerde ösdürmäge gönükdirilen demir ýollaryny has-da döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen resminamalary, umuman makullap we olara gol çekip, wise-premýere täze tehnologiýalary peýdalanmak arkaly gurluşygyň ýokary hilli bolmagyny gazanmagy tabşyrdy. Munuň özi ýurdumyzyň demir ýollarynyň uzak möhletleýin ulanylmagyny üpjün eder. 

Hormatly Prezidentimiz “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäherinde täze halkara howa menziliniň gurluşygynyň birinji nobatdakysynyň, ýagny ikinji ýolagçy terminalynyň ulanmaga berilmegi bilen bagly meselä ünsi çekip, wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem içerki sarp edijiler üçin elektrik energiýasyny hasaplaýjy enjamlary oturtmagyň 2014-nji ýyl üçin meýilnamasy, elektrik energiýasyny hasaplaýjy enjamlary satyn almak boýunça geçirilýän işler barada habar berildi. 

Wise-premýer ýurdumyz boýunça jemi 966 müň 397 öý hojalygynyň, edara-kärhananyň elektrik energiýasyndan peýdalanyp, olaryň jemi 835 müň 889-synda elektrik hasaplaýjy enjamlaryň oturdylandygyny, bu görkezijiniň 86,5 göterime barabar bolandygyny aýtdy. 

Şeýle hem Daşoguz şäherindäki iri panelleri öndürýän zawodyň durkuny täzelemek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi. Deslapky hasaplamalara laýyklykda, iri panelleri öndürýän zawodyň durky täzelenenden soňra, onuň bir ýyldaky kuwwatlylygy 70 müň inedördül metr demir-beton önümlerini öndürmäge çenli artdyrylar. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ykdysadyýetimiziň yzygiderli ösdürilmegi, täze zawodlaryň gurulmagy, ilatly ýerleriň sanynyň barha artmagy bilen elektrik energiýasyna bolan islegleriň ýokarlanýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň energetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini gowulandyrmak, ilatly ýerleri elektrik energiýasy bilen üpjün etmekde ýokary önümçilik görkezijilerini gazanmak, häzir hereket edýän energetika desgalaryny düýpli abatlamak we durkuny täzelemek maksady bilen, dünýäniň esasy önüm öndürijilerinden döwrebap enjamlary, şol sanda elektrik hasaplaýjy enjamlary yzygiderli satyn almagyň möhümdigine ünsi çekdi. 

Döwlet Baştutanymyz ýakyn onýyllyklaryň dowamynda Türkmenistany senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge gönükdirilen milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmegiň wajypdygyny belläp, täze senagat pudaklaryny döretmegiň, şeýle hem häzir hereket edýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmagyň gaýragoýulmasyz wezipe bolup durýandygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz «Daşoguz şäherindäki iri panelleri öndürýän zawodyň durkuny täzelemek hakyndaky» karara gol çekip, wise-premýere gurluşyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. 

Döwlet Baştutanymyz şeýle-de wise-premýerler M.Artykowa we A.Goçyýewe ýüzlenmek bilen, olara Gurluşyk ministrliginiň alyp barýan işlerini seljermegi tabşyrdy. Şunlukda milli Liderimiz bu ministrligiň gurluşyk işlerini, esasan-da, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede alyp barmaýandygyny, sebitlerde Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine haýal-ýagal çemeleşýändigini aýdyp, düzümiň işine düýpli nägilelik bildirdi. 

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýerlere ýüzlenip, ýurdumyzyň Gurluşyk ministrliginiň işini döwrebaplaşdyrmak, we kämilleşdirmek barada birnäçe tabşyryklary berdi. 

Bilelikdäki mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikowa ýüzlenip, paýtagtymyzda ýol hereketiniň bökdençsiz hereketini we howpsuzlygyny hem-de degişli düzümleriň kadaly işini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Hususan-da, bu tabşyryklar Aşgabat şäherinde ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak bilen bagly amala aşyrylýan işler, şeýle hem paýtagtymyzda awtoulag gatnawlarynyň artmagy bilen baglylykda, şäheriň käbir ýollarynda hereketiň wagtlaýyn çäklendirilmegi barada raýatlary habardar etmekden ybaratdyr. 

Şonuň bilen bir wagtda hormatly Prezidentimiz ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almagyň, sürüjileriň we pyýadalaryň howpsuzlygynyň esasy şerti hökmünde ilatyň arasynda ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmäge gönükdirilen düşündiriş işlerini geçirmegiň wajypdygyna ministriň ünsüni çekdi. 

Soňra Türkmenistanyň goranmak ministri B.Gündogdyýew “Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň degişli Permanynyň we Buýrugynyň ýerine ýetirilişi hakyndaky hasabat bilen çykyş etdi. 

Hasabat berlişi ýaly, häzirki wagtda şol resminamalara laýyklykda, degişli harby bölümlerde we harby wekilliklerde bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary ätiýaçlyga boşatmaga bagyşlanylan dabaraly çärelere taýýarlyk görmek hem-de olary geçirmek boýunça işler alnyp barylýar. Olary ýaşaýan ýerlerinde mynasyp garşylamak boýunça hem çäreler görülýär. Şunuň bilen bir hatarda, harby wekilliklerde çagyryş toparlary döredildi, täze çagyryş bilen baglanyşykly degişli işler alnyp barylýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň hem-de mähriban topragymyzda asudalygyň, türkmen halkynyň abadan we döredijilikli durmuşynyň goragynda eserdeň durýan Ýaragly Güýçleriniň öňünde goýlan wezpeleriň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu barada söz açyp, ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik, diňe goranyş häsiýetli Harby doktrina üýtgewsiz ygrarlydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Belent Serkerdebaşymyz ata-babalarymyzyň şöhratly däplerini mynasyp dowam etdirýän ýaş esgerleri watançylyk ruhunda terbiýelemek, Watan goragçylarynyň üstünlikli gulluk etmegi, göwnejaý durmuşy we dynç alşy üçin ähli şertleri döretmek boýunça alnyp barylýan işe örän jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigine goranmak ministriniň ünsüni çekdi. 

Milli Liderimiz bellenilen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary ätiýaçlyga boşatmaga bagyşlanan çäreleri göwnejaý guramagy hem-de geçirmegi, söweşjeň we jemgyýetçilik-ynsanperwerlik taýýarlygynda tapawutlananlary dabaraly ýagdaýda höweslendirmegi tabşyrdy. 

Belent Serkerdebaşymyz edep-ekramly, halal, erjel we merdana, Watan öňündäki mukaddes harby borjuny ýerine ýetiren mahalynda özlerini hakyky watansöýüji esgerler hökmünde görkezen ogullary terbiýeläp ýetişdiren ata-eneleri sylaglamak bilen baglanyşykly meselä ünsi çekip, bu babatda goranmak ministrine degişli görkezmeleri berdi. 

Hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna harby düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de döwrebaplaşdyrmak, ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak, Watan goragçylarynyň we kanunyň goragynda durýan harby gullukçylaryň ýokary derejedäki gulluk hem-de durmuş şertlerini üpjün etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Bilelikdäki mejlisiň ahyrynda döwlet Baştutanymyz oňa gatnajylara ýüzlenip, ertir ýurdumyzda Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz baýramy uly dabara bilen bellenilýändigini ýatlatdy. 

Milli Liderimiz ýygnananlary we olaryň üsti bilen mähriban halkymyzy bu ajaýyp baýram bilen tüýs ýürekden gutlap, Nowruz baýramynyň öz gözbaşlaryny gadymy döwürlerden alyp gaýdýandygyny belledi. Nowruz Ýer ýüzüniň halklaryny ýakynlaşdyryp, ynsanperwerlik däplerini ösdürýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Bu baýram adamzadyň umumy medeni mirasyny, köpasyrlyk däplerini özünde jemleýär, halklary parahatçylyga we hoşniýetli gatnaşyklara çagyrýar. Şoňa görä-de, Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi we halkara baýramy hökmünde yglan edildi. Bütindünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi hökmünde bu baýram dünýäniň köp ýurtlarynda giňden bellenýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. 

Halkymyzyň baý durmuş tejribesine esaslanýan, asylly däp-dessurlaryny, medeni gymmatlyklaryny özünde jemleýän bu baýramyň many-mazmuny asyrlaryň dowamynda kämilleşip gelipdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Ylhamyň we ösüşiň çeşmesi bolan, ruhy-ahlak gözelliklerini, parahatçylyk, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp däpleri özünde jemleýän Nowruz baýramyny ata-babalarymyz berekediň we bagtyýarlygyň baýramy hökmünde ruhubelentlik bilen garşylapdyrlar. Olar bu ajaýyp baýramy tebigat bilen adamyň arasyndaky sazlaşykly gatnaşygy ündeýän ekerançylygyň baýramy hökmünde belläpdirler. 

Merdana halkymyzyň ajaýyp däp-dessurlaryny, mizemez ýörelgelerini özünde jemleýän Milli bahar baýramy häzirki döwürde täze many-mazmuna eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, beýik maksatlara tarap ynamly öňe barýan Bitarap Watanymyzyň bagtyýar halky bu nurana baýramy agzybirlikde we jebislikde garşy alýar, ýakyn goňşulary bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk edip, dost-doganlyk we parahatçylyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmek bilen, giňden belläp geçýär. 

Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylary we ähli türkmen halkyny ýetip gelýän Milli bahar baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, ýygnananlara we ýurdumyzyň ähli raýatlaryna berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, rysgal-döwlet, hemişe asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy arzuw etdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň ählisine ata Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Degişli makalalar

Ýokary Tizlikli Aşgabat-Türkmenabat Awtomobil Ýolunyň Gurluşygyna Badalga Berildi

turkmenhabargullugy

Aşgabatda Ilat Gaznasynyň Ählumumy Hasabatynyň Tanyşdyrylyşy Geçirildi

Kompozitor Aşyr Kulyýewiň Doglan Gününiň 100 Ýyllygyna

turkmenhabargullugy