24.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Ministrler Kabinetiniň Giňişleýin Mejlisi we Halkara Ahalteke Atçylyk Assosiasiýasynyň X Mejlisi

Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň X ýubileý mejlisi geçirildi. Bilelikde geçirilen mejlise ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyz şu ýyl Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilenine on ýyl dolýandygyny belläp, hemmeleri bu şanly sene hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady we atçylygy ösdürmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Milli Liderimiz mejlisiň dowamynda ahalteke atçylygy, atşynaslyk sungatyny we atçylyk sportuny mundan beýläk-de halkara derejesinde ösdürmegiň meselelerine garaljakdygyny belledi.

Mundan başga-da, Halkara ahalteke assosiasiýasyna täze agzalar kabul ediler. Ýurdumyzda we daşary ýurtlarda ahalteke atçylygyny ösdürmekde netijeli işler alyp barýan assosiasiýanyň agzalaryny Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky Permanlara gol çekiler.

Şeýle hem bu guramanyň XI mejlisiniň geçiriljek ýeri hem-de wagty kesgitleniler, öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar we olar boýunça degişli çözgütler kabul ediler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredileninden bäri geçen 10 ýylyň içinde köp iş edildi. Häzirki döwürde dünýäniň 34 döwletinden ýuridik we fiziki şahslaryň 155-si bu guramanyň agzasy bolup durýar. Olar atçylygy ösdürmekde uly işleri bitirdiler. Bu bolsa dünýäde ahalteke bedewleriniň baş sanynyň we muşdaklarynyň artmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, asyrlaryň dowamynda türkmen topragynda kemala gelen behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça häzirki wagtda ýurdumyzda giň gerimli maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Atçylyk pudagyny ösdürmek, halkara derejesinde ýaryşlary we bäsleşikleri geçirmek üçin dünýä ölçeglerine laýyk gelýän atçylyk sport toplumlaryny gurup, ulanmaga berildi.

Bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, atçylygy ylmy esasda ösdürmek üçin döwrebap edaralary döretmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça hem köp işler edildi.

Döwletimiz atşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga 680 million amerikan dollary möçberde maliýe serişdelerini goýberdi. Biz geljekde hem bu ugurda alyp barýan giň gerimli işlerimizi dowam ederis diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmenistanda Türkmen bedewiniň milli baýramy halkara derejesinde giňden bellenilýär. Şu baýram mynasybetli ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi we atçylygyň möhüm meselelerine bagyşlanan ylmy-amaly maslahat, at çapyşyklary, atly sport bäsleşikleri ýokary derejede guramaçylykly geçirilýär.

Behişdi bedewlerimiziň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşikleri guralýar. Bu çäreler ady äleme dolan atlarymyzyň şan-şöhratyny has-da belende göterýär.

Şu ýyl biz Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaraly çäreleri paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, Ahal we Lebap welaýatlarynda geçirmegi meýilleşdirdik. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylary bu baýramçylyk çärelerine işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi bilen, dünýäde ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak, baş sanyny artdyrmak we şan-şöhratyny giňden ýaýmak boýunça berk binýadyň düýbi tutuldy.

Ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda halk seçgisi esasynda döredilen ynsan kimin duýgur we gözelligiň nusgasyna öwrülen, ýelden ýüwrük behişdi bedewleri ösdürip ýetişdirmäge, olaryň seçgi-tohumçylyk işlerini kämilleşdirmäge aýratyn üns beripdirler. Häzirki döwürde pederlerimiziň bu ugurda alyp baran işleri türkmen atşynaslary tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär.

Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda at çapyşyklaryny, at üstündäki milli oýunlary we atly sportuň beýleki görnüşlerini, şol sanda konkur, marafon bäsleşiklerini halkara derejesinde geçirmek üçin ähli şertler döredilýär.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap atçylyk- sport toplumlary, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda bolsa, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy gurlup, ulanmaga berildi. Şunuň bilen birlikde, at çapyşyklaryny we atly sport bäsleşiklerini halkara talaplaryna laýyklykda geçirmek üçin Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň, şeýle hem Aşgabat we Lebap atçylyk sport toplumlarynyň çapuw ýodalary döwrebap ýagdaýa getirilip, olara politrek örtügi düşeldi diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Mundan başga-da, at çapyşyklaryny we atly sportuň dürli görnüşleri, şol sanda konkur görnüşi boýunça bäsleşikleri geçirmek we at üstündäki milli oýunlary ýerine ýetirmek boýunça ussat türgenleri taýýarlamaga hem uly üns berilýär. Şu maksat bilen, Aşgabat atçylyk sport toplumynda ýörite okuw merkezi hem-de halkara ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap açyk we ýapyk manežler guruldy.

Şeýle hem atçylygy we atly sporty ösdürmegiň hukuk, ykdysady hem-de guramaçylyk esaslaryny kesgitlemek boýunça degişli işler durmuşa geçirildi. Ýurdumyzda arassa ganly tohum atlaryň genofonduny gorap saklamaga gönükdirilen we atlar ösdürilip ýetişdirilende, köpeldilende hem-de ulanylanda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň «Atçylyk we atly sport hakyndaky» Kanuny kabul edildi.

Bu kanun atçylykda alnyp barylýan tohumçylyk işini gowulandyrmak, halkara genofonduna girýän atlaryň milli tohum özenini gorap saklamak, köpeltmek we kämilleşdirmek üçin hukuk kepilliklerini döredýär. Atçylygy hem-de atly sporty ösdürmäge, şeýle hem bu ugurda ýokary netijeleri gazanmaga ýardam edýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny, atşynaslyk sungatymyzy hem-de at üstündäki milli oýunlarymyzy dünýä ýaýmaga «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary hem mynasyp goşant goşýar. Bu topar Ýer ýüzüniň onlarça döwletinde bolup, abraýly halkara festiwallarynda behişdi bedewlerimiziň ukyp-başarnygynyň örän ýokarydygyny görkezip gelýär.

Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz şu toparyň Russiýa Federasiýasynyň Moskwa we Sankt-Peterburg şäherlerinde, Italiýada, Hytaý Halk Respublikasynda, şeýle hem Gyrgyz Respublikasynda geçirilen Halkara sirk festiwallarynda üstünlikli çykyş edip, baş baýraklara hem-de altyn kuboklara mynasyp bolandygyny aýratyn buýsanç bilen belledi.

Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçirilen V Aziýa oýunlarynyň sanawyna ilkinji gezek atly sportuň konkur görnüşi goşuldy. Bu bolsa ahalteke bedewleriniň atçylyk sportundaky şöhratly ýoluny mynasyp dowam etmäge we bu ugurdaky ukybyny doly açyp görkezmäge giň mümkinçilikleri döretdi diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, atçylygyň gadymy mekany bolan güneşli Diýarymyzda atçylyk sportuny dünýä derejesinde ösdürmek boýunça giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigini ýene-de bir gezek nygtady.

Biz ahalteke bedewlerimiziň halkara bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş etmegi üçin geljekde hem ähli tagallalary ederis diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek, halkymyzyň milli baýlygyna we buýsanjyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende götermek, gadymy nesil ugurlaryny dikeltmek, tohum arassalygyny gorap saklamak hem-de baş sanyny artdyrmak biziň esasy wezipelerimiziň biridir. Häzirki döwürde bu ugurda daşary ýurtly atşynaslar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk has-da giňeldilýär. Atly sporty ösdürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzda atçylygyň we atly sportuň dürli ugurlary boýunça ýokary we orta hünär okuw mekdeplerimizde ýaş hünärmenler taýýarlanýar.

Bu ugurdan hünärmenleri halkara derejesinde taýýarlamak, şeýle hem ahalteke bedewleriniň özboluşly aýratynlyklaryny, taryhyny, seýisçilik we tohumçylyk-seçgi işlerini ylmy esasda düýpli öwrenmek maksady bilen, Ahal welaýatynyň täze gurulýan dolandyryş merkezinde Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebiniň hem-de Ylmy-önümçilik merkeziniň gurluşyk işleri başlandy.

Bu bolsa, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda atçylyk pudagyny halkara derejesinde ösdürmäge döwletimiz tarapyndan aýratyn üns berilýändiginiň ýene-de bir aýdyň mysalydyr.

Türkmen we daşary ýurtly atşynaslaryň ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmekde çekýän asylly zähmetine mynasyp baha berilýär. Olara Türkmenistanyň at gazanan atşynasy, Ussat halypa çapyksuwary we Halk atşynasy diýen hormatly atlary dakýarys. Bu işler geljekde hem dowam etdiriler.

Döwlet Baştutanymyz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýän «Behişdi ahalteke atlary» žurnalynyň ýurdumyzda we dünýäde ahalteke bedewleriniň ösdürilip ýetişdirilişini, taryhy we beýleki gymmatly maglumatlaryny, atşynaslarymyzyň alyp barýan işlerini giňden beýan etmekde we dünýä ýaýmakda uly işleri bitirýändigini aýratyn belledi.

Assosiasiýanyň agzalarynyň, atşynaslaryň hem-de bu ugurdan hünärmenleriň we bilermenleriň işini sanly ulgam esasynda utgaşdyryp alyp barmak maksady bilen, Internet ulgamynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýörite saýty hem döredildi. Bu saýt dürli ýurtlarda ösdürilip ýetişdirilýän ahalteke bedewleri baradaky maglumatlar we atçylyk pudagyndaky täzelikler bilen tanyşmaga şert döredýär. Ahalteke bedewlerine bagyşlanyp geçirilýän bäsleşikler, halkara sergileri we maslahatlary baradaky maglumatlary ýygnamaga ýardam berýär.

Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde ahalteke bedewleri syn-sypaty, gözelligi bilen muşdaklaryny özüne çekip, dünýä döwletleriniň ençemesinde ösdürilip ýetişdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu assosiasiýanyň döredilenden bäri, behişdi bedewlerimizi ýetişdirmek isleýänleriň, onuň muşdaklarynyň ýylsaýyn artýandygyny kanagatlanmak bilen belledi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle halkara hyzmatdaşlygyny alyp barmakda assosiasiýanyň möhüm ornunyň bardygyny aýratyn belläp, dürli döwletleriň bu jemgyýetçilik guramasyna agza ýuridik şahslaryna we hususy atşynaslaryna alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi hem-de bu ugurda gatnaşyklaryň barha pugtalanjakdygyna we has-da kämilleşjekdigine berk ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiziň çykyşy mejlise gatnaşyjylar tarapyndan uly üns bilen diňlenildi we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berildi. Wise-premýer ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda arassa ganly ahalteke bedewleriniň sanyny artdyrmak, bu ajaýyp tohumdaky bedewleri saklamak we köpeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda atçylyk pudagynyň häzirki zaman düzümini döretmek boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirildi. Bu bolsa öz gezeginde atçylyk sportunyň görnüşleriniň ösdürilmegini, tohumçylyk-seçgi işi boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegini, at çapyşyklary boýunça zerur şertleriň döredilmegini, çapyksuwarlaryň we seýisleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyny şertlendirdi. Türkmen atşynaslygynyň asyrlaryň dowamynda synagdan geçen netijeli usullary, atlary seýislemegiň milli mekdebi dünýäniň dürli ýurtlarynyň hünärmenleriniň ünsüni özüne çekýär.

Ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki şöhratynyň dikeldilmeginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasyny aýratyn bellemeli. Milli Liderimiziň aladasy netijesinde, atşynaslyk ulgamy ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orna mynasyp boldy hem-de halkymyzyň mirasyny, medeniýetini, taryhy tejribesini, zähmetsöýerligini, döredijilik işjeňligini we belent ruhuny özünde jemleýär.

Türkmen bedewlerine bolan halk söýgüsine aýratyn gadyr goýýan milli Liderimiz ahalteke bedewleriniň abraýyny we şöhratyny belende galdyrmak, pederlerimiziň atşynaslyk sungatyny ösdürmek we dünýäde giňden wagyz etmek ýörelgelerini döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwürdi. Hormatly Prezidentimiz özüniň asylly ýörelgelerini, zehinini hut şu ugra gönükdirýär. Milli Liderimiziň birnäçe edebi eserleri munuň aýdyň subutnamasydyr.

Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde geçirilen Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çäreleriň dowamynda Türkmenabat şäherinde milli Liderimiziň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitabynyň nemes, türk we arap dillerine terjime edilen neşirleriniň tanyşdyryş dabarasy boldy.

On ýyl mundan ozal döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda arassa ganly ahalteke bedewlerini köpeltmek bilen meşgullanýan atşynaslary, atçylyk sporty üçin ýokary derejeli bedewleri taýýarlaýan hünärmenleri, şeýle hem alym-ippologlary hem-de dünýäniň dürli ýurtlaryndan behişdi bedewlere gadyr goýýan adamlary özünde birleşdiren Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy döredildi.

Taryhy nukdaýnazardan şu gysga döwürde bu gurama ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň atşynaslarynyň özara gatnaşyklary ýola goýmagy üçin netijeli edara öwrüldi. Assosiasiýanyň agzalarynyň yzygiderli duşuşyklary we geňeşmeleri dünýä medeniýetiniň ajaýyp görnüşi bolan ahalteke tohumyndaky atlaryň saklanylmagyna gönükdirilen bilelikdäki tagallalara täze itergi berýär, tejribe alyşmak, bu ugurdaky täzelikler we onuň ýeten derejesi bilen tanyşmak üçin oňyn mümkinçilik döredýär. Şeýle hem ol hyzmatdaşlygy täze taslamalar, oňyn ýörelgeler we işewür gatnaşyklar bilen baýlaşdyrýar.

E.Orazgeldiýew türkmen atşynaslygynyň ösdürilmegine yzygiderli üns berýändigi, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge berýän kömegi hem-de milli atşynaslyk hakynda edýän hemmetaraplaýyn aladasy üçin hormatly Prezidentimize pudagyň ähli işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» atly hormatly derejäni esaslandyrmak hakyndaky teklibi döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz bu teklibi makullady hem-de Mejlisiň ýolbaşçysyna ýüzlenip, ýurdumyzyň kanunçylygyna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek babatda degişli işleriň alnyp barylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmalary bilen Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurdumyzyň has tapawutlanan atşynaslaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň daşary ýurtly işjeň agzalaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakyndaky Permanlara gol çekdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň atşynaslaryny tüýs ýürekden gutlap, olara ahalteke bedewleriniň dünýädäki şöhratyny belende galdyrmakda alyp barýan işleri üçin minnetdarlyk bildirdi we olara atçylyk pudagyny ösdürmekde alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly şu günki mejlise gatnaşýan Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Jeýkob Ferdezuçt GBR» atçylyk firmasynyň direktory hanym Katarina-Irena Anna — Margarita Ýakoba söz berdi.

Hanym Katarina — Irena Anna — Margarita Ýakob hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýüzlenip, milli Liderimiziň ýadawsyz aladasy netijesinde, türkmen halkynyň zehinli seýisleriniň asyrlaryň dowamynda uly söýgi bilen ýetişdiren behişdi bedewleriniň diňe bir myhmansöýer türkmen topragynda däl, eýsem, dünýäniň dürli künjeklerinde toý-baýramlaryň bezegine öwrülýändigini, dürli ýurtlaryň ahalteke bedewlerini ösdürmek bilen meşgullanýandygyny nygtady.

Behişdi bedewlere aýratyn gadyr goýmakda we oňa söýgi bilen garamakda nusga bolýan döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallasy netijesinde, Türkmenistanyň atçylyk pudagyny ösdürmekde we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda tutuş dünýä üçin nusgalykdygy bellenildi.

Atşynaslaryň asylly işlerine mynasyp baha berilýär. Bu pudakda has tapawutlanan türkmen atşynaslary bilen bir hatarda, olaryň daşary ýurtly kärdeşleri hem hormatly atlara mynasyp bolýarlar. Munuň özi tutuş dünýäde bu pudagyň işgärlerine bildirilýän hormatyň we çekilýän zähmete berilýän goldawyň nyşany bolup durýar.

Hanym Katarina-Irena Anna-Margarita Ýakobyň belleýşi ýaly, oňa birnäçe kärdeşleri bilen bilelikde, hormatly derejäniň berilmegi durmuşynyň ýatdan çykmajak taryhy wakasyna öwrüldi hem-de onda ägirt uly buýsanç duýgusyny döretdi. «Jeýkob Ferdezuçt GBR» atşynaslyk firmasynyň direktory bildirilen hormat üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlady hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan köptaraply işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Milli Liderimiz hanym Katarina-Irena Anna-Margarita Ýakoby «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen adyň dakylmagy bilen ýene bir gezek gutlady we türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewlerini halkara derejesinde ösdürmek işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlise gatnaşýan Wengriýanyň ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti jenap Ýožef Gýula Nýeka söz berdi.

Jenap Ýožef Gýula Nýeke döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda seýisçilik sungatynyň uly tejribe toplandygyny belledi. Häzirki döwürde türkmen atşynaslary dünýä derejesinde bu sungaty kämilleşdirmek, ahalteke atçylygyny ösdürmek boýunça giň gerimli işleri alyp barýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde, häzirki döwürde Türkmenistanda behişdi bedewleri ýetişdirmegiň gadymy däplerini dowam etdirmek bilen birlikde, bu pudaga dünýä ylmynyň gazananlarynyň hem-de döwrebap tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylýandygy nygtaldy. Munuň özi bolsa bu babatda ýurdumyzy öňdäki hatarlara çykarýar.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyz ahalteke bedewlerine uly sarpa goýýar, özüniň edebi döredijiliginde ganatly bedewleri ruhubelentlik bilen wasp edýär. Hormatly Prezidentimiziň behişdi bedewlere bagyşlanan kitaplarynda türkmen halkynyň wepaly ýoldaşy ahalteke bedewlerini ýetişdirmegiň we seýislemegiň nesilden-nesle geçip gelýän täsin däpleri barada gürrüň berilýär. Halkymyzyň köp asyrlyk baý taryhy we ykbaly bedewler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Jenap Ýožef Gýula Nýeke milli Liderimize şeýle ýokary ady dakandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, munuň özi üçin ýatdan çykmajak we şatlykly waka bolandygyny nygtady. Wengriýanyň ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzda her ýyl giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Ýožef Gýula Nýekeni «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly adyň dakylmagy bilen gutlap, oňa ajaýyp ahalteke bedewleriniň arassa tohumyny saklamak we bütin dünýäde şan-şöhratyny artdyrmakda alyp barýan asylly işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna täze türkmen hem-de daşary ýurtly agzalary kabul etmek hakynda assosiasiýanyň Kararlaryna gol çekdi.

Milli Liderimiz pursatdan peýdalanyp, assosiasiýanyň täze agzalaryny tüýs ýürekden gutlady we guramanyň öňünde durýan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmekde olara üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlise gatnaşýan Bahreýn Patyşalygynyň Daşky gurşaw boýunça ýokary geňeşiniň başlygynyň orunbasary Şeýh Faýsal bin Raşid bin Isa al-Halifa söz berilýär.

Pursatdan peýdalanyp, Şeýh Faýsal Bahreýniň Patyşasynyň mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, abadançylyk we parahatçylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistana ýygy-ýygydan gelýän myhman Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, köp ýyllaryň dowamynda biziň ýurdumyzyň medeniýetini we taryhyny gyzyklanma bilen öwrenýändigini, bu ajaýyp ýurtda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda atşynaslyk sungatynyň okgunly ösdürilýändigini belledi.

Siz atlaryň dünýäde iň gadymy tohumy bolan, gözelligi hem-de syraty bilen haýran galdyrýan ahalteke bedewlerini gorap saklamak we wagyz etmek üçin uly tagallalar edýärsiňiz diýip, Bahreýn Patyşalygynyň Daşky gurşaw boýunça ýokary geňeşiniň başlygynyň orunbasary nygtady hem-de öz ýurdunda atşynaslygyň we atçylyk sportunyň ösdürilmegine tutuş ömrüni bagyş edendigini, häzir hem bu ugurda uly işleriň alnyp barylýandygyny buýsanç bilen belledi.

Şeýh Faýsal bin Raşid bin Isa al-Halifa tutuş Ýer ýüzünden täsin bedewleri söýýänleri we olara sarpa goýýanlary özünde birleşdirýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň işine mundan beýläk-de uly goşant goşmaga taýýardygyny beýan edip, hemmeleri Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlady hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyna parahatçylyk, abadançylyk we ösüş arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çuňňur many-mazmunly çykyşy hem-de Türkmenistan barada aýdan ýakymly sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň täze agzasy hökmünde Şeýh Faýsalyň atşynaslyk ulgamynda türkmen-bahreýn gatnaşyklaryny ösdürmek işlerine işjeň gatnaşjakdygyna ynam bildirdi.

Rumyniýanyň Parlamentiniň deputaty, Rumyniýa-Türkmenistan Parlamentara toparynyň ýolbaşçysy Antal Iştwan Ýanoşa söz berilýär.

Ol Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edilendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, muny özi üçin uly mertebe saýýandygyny aýtdy.

Gadymy türkmen topragy boýunça gezelenç etmäge döredilen mümkinçilikden peýdalanyp, maňa türkmen halkynyň däp-dessurlary, medeniýeti we taryhy bilen tanyşmak bagty miýesser etdi diýip, Antal Iştwan Ýanoş sözüni dowam etdi. Dünýäde iň gadymy we iň gözel atlaryň biri bolan ahalteke bedewleri meni haýran galdyrdy.

Hakykatdan-da, ahalteke bedewleri siziň atşynaslyk medeniýetiňize we sungatyňyza dünýäde taý ýokdugyny subut edýär, tohumçylyk işleriniň, atlary ösdürip ýetişdirmegiň usullary haýran galdyrýar. Men bu ýokary üstünliklere ýetilýändigine şaýat bolýanyma örän şatdyryn diýip, rumyn deputaty aýtdy.

Ol öz ýurdunda uzak ýyllaryň dowamynda arassa ganly ahalteke bedewlerini wagyz etmek bilen meşgullanýandygyny aýdyp, geljekde hem parlament işinde bu Assosiasiýanyň ösdürilmegine ýardam etjekdigine ynandyrdy.

Antal Iştwan Ýanoş Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edilendigi üçin ýene bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de bu wekilçilikli guramanyň ähli agzalaryny Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür hem-de Türkmenistanyň ösüşiniň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyz hakynda aýdan ýakymly sözleri üçin Antal Iştwan Ýanoşa minnetdarlyk bildirip, rumyn deputatynyň parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek işine uly goşant goşmak bilen bir hatarda, assosiasiýanyň täze agzasy hökmünde dünýäde ahalteke bedewlerini wagyz etmäge işjeň gatnaşjakdygyna ynam bildirdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen, 2021-nji ýylyň aprelinde Halkara ahalteke assosiasiýasynyň nobatdaky XI mejlisini Aşgabatda geçirmek hakyndaky Karara gol çekdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty müňýyllyklaryň dowamynda äleme dolup gelýär. Biziň bedewlerimiziň dünýäniň atçylyk medeniýetiniň ösmeginde uly goşandy bardyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şoňa görä-de, biz ata-babalarymyzdan miras galan gadymy seýisçilik ýoluny geljekde hem dowam ederis. Bu däpleri ýaş nesillerimize ýetirmekde hem-da olaryň atlara bolan söýgüsini artdyrmakda alyp barýan işlerimiziň gerimini has-da giňelderis diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşyjylary Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmeginiň on ýyllyk ýubileýi, Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen ýene bir gezek gutlady hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, atçylygy ösdürmek boýunça alyp barýan asylly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. TDH

Degişli makalalar

Türkmenistan-BMG: Parahatçylyk Döredijilik Maksadynda Hyzmatdaşlyk

Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Edermen Oba Zähmetkeşlerine, Hasyl Ussatlaryna we Ähli Halkyna

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekti

syrach