25.9 C
Aşkabat
23.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Nakgaş Sülgün Hojagulyýewanyň Ýagty Ýadygärligine: Durmuşyň Metaforaly Beýany

Şekillendiriş sungaty mizeýinde üýtgeşik zehinli nakgaş Sülgün Hojagulyýwanyň sergisi açyldy, diri gezip ýörenliginde şu ýyl onuň 70 ýaşy dolardy. Ol aramyzda giden bolsa-da, onuň özboluşly ajaýyp işleri galdy, olarda nakgaşyň köňlüniň bir bölegi bar, duýgylary möwç urýar, bu zehinli hem hoşamaý zenanyň oý-pikirleri beýanyny tapdy…

Sergi onuň ýanýoldaşy Türkmenistanyň halk nakgaşy Annaguly Hojagulyýewiň Sülgüne bagyşlan suraty bilen açylýar. Žiwopisçi aýalynyň portretini onuň baý döredijilik pikirleriniň metaforasy hökmünde köpgatly ýodumyň fonunda ýerleşdiripdir.

Annaguly bilen şöhbetdeş bolanymyzda üýtgeşik ýagdaýy gürrüň berdi. Ol edil portretindäki ýaly, uzyn gara saçly, ýaş, owadan Sülgüne 50 ýyla golaý mundan ozal gabat gelipdir. Olar durmuş gurupdyrlar. Annaguly şol wagt Moskwanyň Strogonow adyndaky çeperçilik-senagat institutyny tamamlap, mugallymçylyk edýärdi. Sülgüniň çeperçilik bilimi bolmasa-da, reňklerdir kendir mata görenden onuň gözlerinde uçgun döräbererdi. Muny aňan Annaguly oňa sapak berip başlaýar.

-Belki, bu meniň öz pikirimdir, ýöne ony okuwçylarymdan iň zehinlisi hasaplaýaryn –diýip nakgaş aýtdy.

Dogrusy, Sülgün Hojagulyýewanyň döredijiligine kärdeşleriniň ählisi-de ýokary baha berýär. Mysal üçin, Türkmenistanyň halk nakgaşy Baba Owganow onuň baý fantaziýasyna we reňkleri inçeden duýuşyna, Aýa Serhenowa bolsa Sülgüniň kompozision sazlaşygy bozman kendir matanyň ýüzüni ençeme gahrymanlardyr ýordum çäkleri bilen doldurmak başarnygyna haýran galýar.

Sülgüniň žiwopis işleri kitap miniatýurasy tilsiminde çekilipdir. Tekiz we köpfiguraly, halyçylykda has köp ulanylýan reňkli bu işler halyny ýada salýar. Şeýle çeper milli tilsimler türkmen zenany Sülgüne doga mahsus bolmaly. Onsoňam ol oba durmuşyna beletdi, oba adamlary nakgaşyň işleriniň gahrymanlarydy.

Annaguly aýlayna çotgany dogry tutmagy, reňkleri nähili ulanmalydygyny, surata grunt salmagy we žiwopis eserlerini döretmegiň beýleki syrlaryny öwredipdir. Şeýdibem «Howluda», «Gurbanlyk», «Sazanda» we başga-da ençeme işleri yzly-yzyna peýda bolýar. Sergide, gobelenleri hem goşanyňda onuň işleriniň 100-den gowragy goýlupdyr. Meselem, «Sazanda» suratyny alyp göreliň. Ol ýöne bir dutar çalyp oturan sazanda däl. Ol aşyk sazanda! Şonuň üçinem sazam belentden ýaňlanýar, özem bagtyýarlygyny gizläp bilmeýär.

Sülgün Hojagulyýewanyň gobelenleri başgaça usulda döredilipdir. Ol çarçuwada işlände fantaziýasyny öz erkine goýberýär. Köplenç bolşy ýaly, olam nakgaşy gadym döwürlere alyp gidýär, netijede ýüplüklerden metaforaly ýordumlar emele gelýär. Eseriň manysynyň çuňlugyny nygtamak üçin ol stilleşdirme tilsimini ulanardy. Onuň gobelenlerinde göwresi üçburç şekilli düýe köp duşýar. «Gadymýet» we «Awçylar» gobelenleri hem şeýle tilsimde döredilipdir.

«Awaza» atly gobeleni aýratyn üýtgeşik çykypdyr. Nakgaş onda üç-gyraksyz mawy fonda her hili kümüşsow deňiz balyklaryny ýerleşdiripdir.

Gülgünräk öwüşginli açyk sary reňkde berlen «Ömür agajy» gobeleni has owadan çykypdyr. Daragtyň şahalaryny mekan tutunan guşlar onda höwürtgelap, köpelýärler. Sülgüniň halan gahrymany köşejik bilen owlajygam agajyň salkyn saýasyna gelipdirler. Geň ýeri, Sülgün Hojagulyýewa gobelenlerinde ýaşyl reňki asla ulanmandyr. Daragtlaryň ýaprakalry gök, çal we gara reňkli, işiň sarymtyl-gülgüne fony agajyň gujurly köklerini iýmitlendirip oturan, Gün nuruna eýlenen topragy ýada salýar.

Sülgün Hojagulyýewanyň işleri bilen tanşanyňda ol zehinini žiwpoisdemi ýa-da gobelende has güýçli açybildikä diýip sowal bereniňi bilmän galýarsyň. Dogrusy, özboluşly nakgaşyň döredjiligi barada gürrüň edilende onuň ähmiýetem ýok ahyry…

Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Bişkekde ÝB-Merkezi Aziýa Ýokary Derejeli Dialogy Geçirildi

Türkmen Howa Ýollary Gatnawlaryň Uçuş Rejesiniň Tertibi

turkmenhabargullugy

Türkmenistan — Abadançylygyň we Rowaçlygyň Ýurdy

syrach