01.03.2026
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Nebit Gymmatlaýar

2018-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Moskwa wagty bilen 7:57-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,84 göterim ýokarlanyp, 67,17 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,74 göterim gymmatlap, 56,88 amerikan dollaryna barabar boldy.

Söwda gatnaşyjylar OPEC-iň nebitiň dünýä bazarynda teklibiniň artyklygynyň alamatlarynyň netijesinde onuň çykarylyşyny çäklendirmäge başlamaklaryna garaşýarlar, diýip Ria Nowosti habar berýär.

Geçen hepdede Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) energetika ministri Suheýla al-Mazruiniň habar berşi ýaly, OPEC we onuň hyzmatdaşlary bazary deňagramlaşdyrmak üçin zerur bolan halatynda nebitiň çykarylyşynyň derejesini çäklendirmäge ýa-da düzgünleşdirmäge taýýar.

Degişli makalalar

Türkmenistan Fotosuratlary 37

Stambul Şӓherinde Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 20 Ýyllygy Mynasybetli Ylmy Maslahat Geçirildi

syrach

Täze Çandybil şaýoly ulanmaga başlady.

syrach