21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Täze Çandybil şaýoly ulanmaga başlady.

Täze işewürçilik we medeni merkeziň kemala gelýän ýeri bolan paýtagtymyzyň günorta künjeginde häzirki zaman ulag ýoly—Çandybil şaýolunyň açylyş dabarasy boldy. Aşgabadyň we tutuş ýurdumyzda ulag-aragatnaşyk düzüminiň sazlaşykly ösýän möhüm ugruny alamatlandyrýan bu desganyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Biziň ýurdumyzyň ykbal çözüji tapgyry bolan täze Galkynyş eýýamynyň ýyl ýazgysyna möhüm sahypany ýazjak dabaraly wakanyň başlanmagyna hemme zat taýýar edildi. Gojaman Köpetdagyň eteginden geçýän we özünde häzirki zaman ýol gurluşygy ulgamynyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny jemleýän, şol bir wagtyň özünde bolsa häzirki döwrüň döredijilik ruhuny alamatlandyrýan ulag ýoly ýurdumyzda alnyp barylýan ägirt uly özgertmeleriň aýdyň subutnamasydyr. Şeýlelikde Çandybil şaýoly ähli ölçegler boýunça ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýär. Bu pudakda abraýly bilermen hasaplanýan we täze şaýol boýunça degişli barlagy amala aşyran Fransianyň “?ETE APAVE ?udeurope” kompaniýasy tarapyndan ýörite kepilnamanyň berilmegi munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Hususan-da, Çandybil şaýolunyň AASHTO-niň /Amerikanyň Döwlet magistrallary assosiasiýasy/ we ÝK-niň /Ýewropa Kadalary/ ülňülerine laýyk gelýändigi şol kepilnamada bellenilýär.

Şeýle hem täze ulag ýoluny Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, açyklyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň özboluşly netijesidir diýip atlandyrmak bolar. Çünki, biziň ýurdumyz gadymy döwürlerden bäri “ýedi ýoluň çatrygy” diýlip atlandyrylýar we onuň çäginden Beýik Ýüpek ýoly geçýär. Häzirki döwürde yklymüsti ulag ugurlarynyň çatrygynyň ýerleşen ýeri bolan Türkmenistan bütin dünýäniň we sebitiň abadançylygynyň hem-de durnukly ösüşiniň hatyrasyna özara peýdaly söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen, bu ulgamdaky ähli mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge çalyşýar.

Ählumumy baýramçylyk we ýokary ruhy göteriliş ýagdaýynyň emele gelen ýerinde milletiň Lideriniň gelmegine garaşylýar. Bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň Başlygy, ministrliklreiň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryryň we missiýalaryň baştutanlary, jemgyýetçilik guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, şeýle hem paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary, myhmanlar ýygnandylar.

Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidentini şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar. Mili lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanyna gül desselerini gowşurýarlar. Din wekilleri we hormatly ýaşulular milletiň Liderine duz-çörek hödür edýärler we Garaşsyz, Bitarap Watanymyza hemişelik abadançylygy, hormatly Prezidentimize berk jan saglygyny hem-de il-ýurt bähbitli alyp barýan ägirt uly işlerinde täze üstünlikleri gazanmagyny Beýik Biribardan dileg edýärler.

Döwlet Baştutany dabara gatnaşyjylar bilen mähirli görşüp, olary türkmen paýtagty üçin möhüm desganyň ulanmaga berilmegi mynasybetli gutlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşulular bilen bolan söhbetdeşlikde häzirki zaman, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ulag-aragatnaşyk düzüminiň kemala getirilmegi jähetinde täze ulag ýolunyň Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm ugry hökmündäki ähmiýetini belledi. Sarpaly ýaşulular milletiň Liderine mähriban Watanymyzyň rowaçlanmagy we halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda yzygiderli alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanyna ähli türkmenistanlylaryň doly we biragyzdan goldawyna mynasyp bolan ýurdumyzy düýpli özgertmäge hem-de mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen köp ugurly işinde uly üstünlikler arzuw etdiler.

Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň taýýarlan we özünde täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynyň döredijilik ruhuny jemleýän aýdym-sazly çykyşlar bu ýerde geçirilýän dabara aýratyn baýramçylyk öwüşginini çaýýar.

Garaşylan pursat gelip etýär. Türkmenistanyň Prezidenti dabaraly ýagdaýda, şowhunly el çarpyşmalaryň astynda dabara mynasybetli çekilen toý bagyny kesýär.

Şeýlelikde Çandybil şaýoly açylýar. Milletiň lideri dabara gatnaşyjylar bilen Köpetdagyň gözel künjeginden çekilen täze şaýolunyň ugru boýunça ep-esli aralygy pyýada geçdi.

Çandybil şaýoly ägirt uly täze gurluşyk bolmak bilen, ýurdumyzyň baş şäheriniň şäher gurluşyk maksatnamasynyň ýaýbaňlandyrylmagy netijesinde täze keşbe eýe bolan günorta künjeginiň esasy bezegine öwrüler.Türkmen paýtagtyny ýaşaýyş üçin ähli amatlyklary bolan we gülläp ösýän şähere öwürmek maksady bilen durmuşa geçirilýän toplumlaýyn hem-de täzeçillik meýilnamasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan badalga gerildi. Munuň özi Aşgabady abadanlaşdyrmak, ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän we özünde iň häzirkr zaman inženerçilik-tehniki çözgütleri jemleýän şäher ýollaryny gurmak bilen baglanyşyklydyr.

Şeýlelikde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynyň belent derejesine laýyklykda Aşgabadyň täze keşbi çeper döredijilik we gülläp ösüş ruhuny özünde jemleýär. Ozal bellenilişi ýaly, adamlaryň oňaýly ýaşaýşy üçin iň ýokary derejedäki amatly şertleriň döredilmegi ýurdumyzyň şähergurluşyk maksatnamasynyň we tutuşlygyna alnanda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Aşgabatda bina edilýän häzirki zaman desgalarynyň hemmesi şu asylly ýörelgä laýyk gelýär we olar paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen sazlaşýar hem-de şäherimiziň görküni artdyrýar.

Ýurdumyzyň geografiki taýdan amatly ýerleşişine laýyklykda, häzirki zaman ulag düzüminiň kemala gelmegi ugrunda ägirt uly serişdeleri goýbermek bilen, Türkmenistan milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek üçin pugta binýady döredýär. Bu bolsa ýurtda amatly maýa goýum ýaglaýlaryny emele getirýär hem-ze özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygyny ýokarlandyrmaga şert döredýär. Şu nukdaý nazardan seredeniňde, Aşgabatda döwrebap şaýolunyň emele gelmegi ýurdumyzyň bu ugurdaky ýene bir möhüm ädimini alamatlandyrýar. Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeleriň çäklerinde ähli görnüşli ulaglary hasaba almak bilen, ulag-aragatnaşyk ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça giň möçerli taslamalary durmuşa geçirmek üstünlikli dowam etdirilýär. Bu babatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilýän Demirgazyk-Günorta transmilli demir ýol ugrunyň gurluşygyny mysal hökmünde görkezmek bolar.

Ulag ýolunyň düzümini ösdürmek barada aýdylanda bolsa, ýurdumyzyň taryhynda ulag ýollaryny gurmak boýunça şunuň ýaly täze taslamalar şeýle giň gerimde alnyp barylmandy diýip ynam bilen aýtsa bolar. Çünki häziki döwürde tutuşlygyna täzeden we hil taýdan täze derejede möhüm ulag ýollary gurulýar. Olaryň hatarynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän Farap -Türkmenbaşy, Aşgabat-Daşoguz ulag ýollaryny, Aşgabadyň daşyndan aýlanyp geçýän halkalaýyn ýoly görkezmek bolar. Şunuň ýaly desgalar bina edilende ýokary hil we täze tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy olardan edilýän esasy talap bolup durýar. Çandybil şaýoly gurlanda hut şu talaplarlan ugur alyndy.

Ýolugruna Türkmenistanyň Prezidentini bu şanly waka mynasybetli ýygnanyşan müňlerçe aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary uly ruhubelentlik bilen gutlaýarlar. Ähli ýerde baýramçylyk ýagdaýy höküm sürýär. Adamlaryň ruhubelentligi türkmen topragyna ajaýyp öwüşgin çaýan bahar paslynyň hoştaplygy bilen sazlaşýar. Döwlet Baştutany täze ulag ýolunyň gurluşygy bilen tanşyp, onuň tehniki häsiýetleri we ölçegleri bilen içgin gyzyklanýar. Ulag ýolunyň umumy ini 80 metre golaýlaýar. Çandybil şaýoly ulag hereketini dolandyrmagyň iň kämil enjamlary we energiýany tygşytlaýjy tehnologiýalary peýdalanmak arkaly döwrebap yşyklandyryş, maglumat tablolary bilen üpjün edilipdir, Bularyň hemmesi iň häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär. Köp zolakly täze şäher ýolunyň umumy uzynlygy 12 kilometre barabardyr. Şeýle hem ugurdaş, eltiji we beýleki ýollar bilen halkalaýyn böleklerini hasaba alanyňda bolsa bu ýoluň umumy uzynlygy 29 kilometrdir. Bu ýerde iki sany suw çüwdürimi, dört köpri, sekiz ýerasty geçelgeleri, 13 sany suw saklaýjy gaplary, 44 kilometrlik derýajygy, 77 sany zeýkeş ulgamlaryny, umumy uzynly 300 kilometre barabar bolan ýoluň ýakasyna goýlan granit raýyşlary, 3 müňe ýakyn yşyklandyryjylary, ýoluň ýanaşyk ýerlerinde umumy 530 müň inedördül metrlik ýaşyl zolaklaryň döredilendigini, 18 müňe golaý agaçlaryň we 52 müňden gowrak gülleriň, şeýle hem 1 million 345 müň düýp bag nahallarynyň ekilendigini nazara alsaň, bu gurluşygyň geriminiň juda giňdigine göz ýetirýärsiň. Mundan hem başga ýoluň tutuş ugruna granit düşelen ýodajyklaryň gurlandygyny bellemeli.

Ýoluň bütin dowamynda ähli zerur bolan enjamlar, şol sanda salkynlaşdyryş we ýyladyş ulgamlary bilen üpjün edilen duralgalar bar. Olarda ýylyň ähli paslynda ulaga garaşýan ýolagçylar üçin oňaýly howa şertlerini üpjün edýän düzüm, şeýle hem GPS ulgamy hereket edýär.

Döwlet Baştutany dabara gatnaşyjylar bilen täze alnan awtobuslaryň ýanyna barýar. Olaryň arasynda ?obra Double De?ker belgili täze görnüşli iki sany iki gatly maşyn bar.

Türkmenistanyň Prezidenti ähli oňaýlyklary bolan awtobusa girýär. Bu awtobusyň içinde ýaşajyk türkmenistanlylaryň hem bardygyny bellemeli. Mähriban topragymyzy özgertmäge, Halkymyzyň ýokary durmuş derejesini we abadançylygynyň artdyrylmagyny üpjün etmäge, şäher ýerinde bolşy ýaly, ýurdumyzyň obalarynda hem ýokary derejeli ulag düzümini kemala getirmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleriň hemmesi ýaş nesliň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň hatyrasyna amala aşyrylýar. Bir söz bilen aýdylanda, bu özgertmeler Watanymyzy gülläp ösýän, adamlaryň ýokary durmuş derejesini üpjün edýän, ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürmäge gönükdirilendir. Täze Çandybil şaýolundan geçýän ilkinji ýolagçylaryň arasynda çagalaryň bolmagy hem hut şonuň üçindir. Häzirki täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň ýaş nesiliniň öňünde häzirki nurana we giň ulag ýoly ýaly ajaýyp geljege tarap şaýollar açylýar.

Iki gatly awtobuslaryň ikinjisinde Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň ýolbaşçylary ýerleşýärler. Aşgabadyň täze ulag ýoly boýunça täsin gezelenji amala aşyrmak üçin ýurdumyzyň hormatly ýaşululary we mährem eneler hem çagyrylypdyr.

Awtobuslaryň kerweni Çandybil şaýoly bilen ugraýar. Ulag kerweniniň tutuş ugrunda paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary we myhmanlary olary mübärekleýärler. Aşgabatlylar we ähli türkmenistanlylar ýurdumyzyň ähli künjeklerinde amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň başynda duran ak mermerli paýtagtymyza tüýs ýürekden guwanýarlar. Ýurdumyzyň baş şäherinde durmuşa geçirilýän özgertmeler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýar we mazmuny boýunça sazlaşykly, täzeçillik Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşini şertlendirýär we oňyn özgertmeler syýasatynyň üstünlikli alnyp barylýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Ine-de, ulag kerweni Çandybil şaýoly boýunça ýoluny dowam edýär. Awtobuslaryň penjiresinden düýpli abadanlaşdyrylan ulag ýollarynyň ajaýyp keşbi görünýär. Şu gün Çandybil şaýolunyň ugruna ýygnananlaryň arasynda ýaş türkmenistanlylaryň köpdügini aýratyn bellemek gerek. Okuwçy ýaşlaryň ellerinde baýdajyklar we dürli reňkli howa şarlary bar.Täze şaýoluň ugrunda şatlykly döredijilik ruhubelentligine hem-de täze taryhy eýýamyň beýik döredijilik ruhuna beslenen aýdym-sazly çykyşlar hem ýaýbaňlandyryldy. Olarda köp öwüşginli baharyň ajaýyplygy jemlenýär.

Döwet Baştutanyny körpe aşgabatlylar – paýtagtymyzyň mekdebe çenli ýaşly çagalar edalaralarynda terbiýelenilýänler tüýs ýürekden mübärekleýärler. Olar şu günki dabara mynasybetli aýdymdyr tanslara beslenen çykyşlaryny taýýarlapdyrlar.Ýurdumyzda ýaş nesiller, olaryň terbiýesi we sazlaşykly ösüşi hakyndaky alada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar. Türkmenistanda ýaşlaryň ýokary dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejede bilim almaklary, saýlan hünärine eýe bolmaklary, özleriniň zehinlerini we ukyplaryny açyp görkezmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän bilim babatdaky özgertmeleriň çäklerinde ýurtda kompýuter tehnikalary we multimediýa enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap mekdepler we çagalar baglary açyldy hem-de olaryň gurluşygy güýçli depginlerde alnyp barylýar. Aşgabadyň etegindäki Gökdere jülgesinde we Hazaryň jana şypaly kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda bina edilen ajaýyp sagaldyş merkezleri körpe nesilleriň hyzmatynda.

Täze şaýoluň bu böleginde milletiň Liderini Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary, lukmanlar, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri tüýs ýürekden gutlaýarlar. Şeýle hem bu ýerde aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyrylypdyr. Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň täze enjamlary bilen üpjün edilen lukmançylyk desgalarynyň yzygiderli gurulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Milli özgertmeler maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň ähli künjeklerinde ilatymyza ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň giň ugurlaryny hödürleýän täze saglyk öýleri we hassahanalar gurulýar.

Awtobuslardan düzülen kerwen Çandybil şaýoly boýunça hereketini dowam etdirýär. Ulag ýolunyň bu ýerinde awtobuslar kerwenini ýurdumyzyň dokma senagatynyň işgärleri uly ruhubelentlik bilen garşylaýarlar. Döredijilik toparlarynyň köp öwüşginli çykyşlary dabaranyň şowhuny bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär. Dokma senagaty milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösýän we eksport ugruny ileri tutýan pudagyň biri bolmak bilen, onuň önümleri häzirki döwürde ýurdumyzyň daşynda giňden bellidir we olar uly islegden peýdalanýar. Pudagyň düzümi yzygiderli ösdürilýär. Soňky ýyllarda bu ulgamyň hataryna täze enjamlar hem-de ekologiýa taýdan arassa öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze kärhanalar goşuldy.

Awtobuslar kerwenini ýoluň ugrunda medeniýet ulgamynyň işgärleri, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň we Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary tuýs ýürekden we ruhubelentlik bilen garşylaýarlar. Olar Türkmenistanyň Baş milli muzeýler toplumyna çenli bolan aralykda ýerleşipdirler. Täze taryhy eýýämda ähli döredijilik toparlarynyň wekillerine öz zehinlerini we ukyplaryny açyp görkezmek üçin giň mümkinçilikler döredildi. Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösmegine, türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň oňaýly saklanmagyna we onuň dünýä ýüzünde giňden wagyz edilmegine ägirt uly ähmiýet bermek bilen, döwletimiz bu pudagyň maddy-tehniki binýadynyň pugtalanmagy ugrunda ägirt uly serişdeleri goýberýär. Türkmen artistleriniň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary şu günki dabaranyň esasy bezegine öwrüldi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurdumyzyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar toplumynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň wekilleri we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary we ykdysadyýet ulgamynyň kärhanalarynyň işgärleri mübärekleýärler. Bu ýerde hem tutuş ýoluň ugrunda bolşy ýaly, aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyrylypdyp. Olar täze ulag ýolunyň ugrunda guralýan baýramçylyk dabaralaryna utgaşyp ruhubelentlik ýagdaýyny emele getirýär.

Döwlet Baştutany bu ýerde saklanmagy teklip etdi we şaýoluň ugrunda oturdylan duralganyň enjamlaşdyrylyşy bilen içgin tanyşdy. Hormatly Prezidentimiz şu günki dabara gatnaşýan daşary ýurtly diplomatlar bilen bu häzirki zaman ülňüleri esasynda döwrebaplaşdyrylan desga girip gördi. Milletiň Lideri ol ýerde daşary ýurtly diplomatlara bu duralganyň aýratynlyklary we awtobuslaryň anyk hereketi barada awtomatiki usulda maglumat almaga mümkinçilik berýän GPS ulgamynyň tehniki häsiýeti barada gürrüň berdi. Dabara gatnaşyjylar bu pudakda iň öňdebaryjy tehnologiýalara laýyk gelýän tehniki täzeçillige ýokary baha berdiler we onuň Türkmenistanda ilatyň ýaşaýyş derejesini dünýä ülňülerine laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan syýasatyň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny bellediler.

Ýoluň indiki böleginde ulag kerwenini ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň belent binasynyň ýanynda toplumyň işgärleri we Türkmen politehniki institutynyň talyplary uly ruhubelentlik bilen garşylaýarlar. Olaryň aýdym-sazly çykyşlary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrýar.

Çandybil we Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň çatrygynda harby orkestr joşgunly we dabaraly sazlar bilen çykyş edýär. Bu ýepde hem harby okuw mekdepleriniň, Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyplary, harby gullukçylar we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri uly ruhubelentlik bilen döwlet Baştutanymyzy garşylaýarlar.

Ýoluň ýakasynda gurluşyk senagat düzüminiň işgärleri, paýtagtymyzdaky ýöriteleşdirilen hünärment mekdepleriniň okuwçylary hatara düzülipdir. Bu ýerlerde hem aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyrylýar. Ýurdumyzyň gurluşykçylary täze Galkynyş eýýamynda Diýarymyzyň ähli şäherlerini we obalaryny, şeýle hem ak mermere beslenen paýtagtymyz Aşgabady gurşap alan giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine ägirt uly goşant goşýarlar. Täze ulag ýolunyň ýanaşyk ýerlerinde dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň döwrebap edara jaýlarynyň gurluşygy ýaýbaňlandyrylypdyr. Olaryň köpüsiniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam basypdyr. Bu desgalaryň açylyş dabarasy hem şu ýyl Türkmenistanda giňden belleniljek mukaddes Garaşsyzlymyzyň şanly 20 ýyllyk baýramçylygynyň şowhunyny belende göterer.

Ýakyn wagtda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň işgärleri hem bu ýerde gurulýan täze edara binasyna göçüp gelerler. Şu gün ýoluň bu künjegine Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň talyplary we döwrebaplaşdyrylmagyna hem-de ösdürilmegine döwlet tarapyndan uly üns berilýän bu pudagyň kärhanalarynyň işgärleri ýygnanypdyrlar. Olar uly ruhubelentlik bilen milletiň Liderini mübärekleýärler we artistleri özleriniň ýerine ýetirijilik ussailyklaryny görkezýärler.

Täze ýoluň ugrunda ýurdumyzyň agrosenagat toplumynyň işgärleri we pudagyň geljekki hünärmenleri bolan Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplary ulag kerwenini garşylaýarlar. Olar ýakyn wagtda agrosenagat toplumyna degişli bolan edaralaryň ýerleşjek täze binasynyň öňünde Türkmenistanyň Prezidentini şowhun bilen garşylaýarlar. Bu ýerde döredijilik toparlary özleriniň baýramçylyk çykyşlary bilen mähriban Watanymyzy, ene topragyň jomartlygyny wasp edýärler.

Täze ulag ýolunyň tutuş dowamynda adamlar ulag kerwenini şatlyk bilen mübärekleýärler. Ýoluň ýene bir künjeginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Umumymilli “Galkynyş” hereketine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we mugallymçylyk mekdebiniň talyplary garşylaýarlar. Bu guramanyň edara jaýlarynyň täze binada peýda boljak wagty hem daşda däl. Ýoluň tutuş dowamynda aýdym-sazlaryň sesi belentden ýaňlanýar.

Şeýle hem Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň täze edara jaýynyň gurluşygy hem tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Çandybil şaýoly bilen barýan ulag kerwenini bilim ulgamynyň işgärleri we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary garşylaýarlar. Ýoluň bu künjeginde hem baýramçylyk dabaralaryna özboluşly goşant goşan çeperçilik toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyrylypdyr.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, ýurdumyzyň DIM-niň Halkara gatnaşyklar institutynyň, D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary döwlet Baştutanyny we bu günki dabara gatnaşyjylary mähirli garşylaýarlar. Çeperçilik toparlarynyň şu günki şanly waka mynasybetli taýýarlan çykyşlary dabaranyň şowhunyny artdyrýar.

Çandybil şaýoly bilen Bekrewe köçesiniň çatrygynda ulag kerwenini Sport we syýahatçylyk milli institutynyň talyplary uly joşgun bilen garşylaýarlar. Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň giňden wagyz edilmegi, türkmenistanlylaryň köpçülikleýin bedenterbiýe we sporta giňden çekilmegi, ýaşlaryň sport bilen meşgullanmagy, ýurtda bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmgi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň bir bolup durýar. Häzirki döwürde Türkmenistanyň ähli künjekleinde döwrebap stadionlar we sport toplumlary, ýöriteleşdirilen sport okuw jaýlary gurulýar. Aşgabatda bolsa möçberi boýunça ägirt uly Olimpiýa şäherjigi bina edilýär. Ol iň ýokary düný derejesindäki halkara ýaryşlaryny geçirmäge niýetlenen onlarça döwrebap desgalary özünde jemlär.

Soňra milletiň Liderini Çandybil şaýoly boýunça barýan ugrunda Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň talyplary ajaýyp öwüşginli aýdym-sazly çykyşlar bilen garşylaýarlar.

Ýoluň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidentini tansçylary birleşen topary özüniň aýdyň we owadan öwüşginli çykyşy bilen garşylady, olar joşgunly “küşt depdi” milli tansyny ýerine ýetirdiler.

Saglyk ýolunyň başlanýan ýerindäki döwrebap seýilgähiň ýanynda, Köpetdagyň gözel künjekleriniň birinde täze ulag ýoly boýunça guralan ulagly gezelenç tamamlandy. Täze ulag ýolunyň ulanmana tabşyrylmagy Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllyk toýunyň bellenilýän ýylyndaky şanly wakalaryň birine öwrüldi.

Bu ýerde guralan ajaýyp feýerwerkleriň dürli öwüşgini şu günki dabaranyň jemini jemledi. Şowhunly sazyň astynda biri-biriniň yzyndan täsin şekilleri emele getiräýn görnüşler asmana göterilip, Aşgabadyň agşamyna özboluşly gözellik çaýýar.

Bu owadan görnüşler tamamlanansoň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Bank Ulgamy Boýunça Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

turkmenhabargullugy

Ýerli Çig Maldan Portland Sement Öndürilip Başlandy

Ýolagçylar Üçin Gümrük Düzgünleri (Harytlar Hakynda)

turkmenhabargullugy