01.12.2025
YLYM

Nobel baýragynyň eýelerinden ussatlyk dereje.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň dürli ugurlarynda okaýan talyplarynyň üçüsi Ýaponiýanyň Sukuba şäherinde “Aziýa ylmy lager”ady bilen guralan çärä gatnaşdylar. 

Israil, Hindistan, Hytaý, Türkiýe, Bangladeş ýaly dünýäniň ýigrimi döwletinden gelen talyplar Tokiodan uzak bolmadyk ýerde ýerleşýän dünýä meşhur bu akademiki şäherçede ýygnandylar. 

Däp bolşy ýaly, ylmy lageriň işleriniň çäklerinde milli wekilýetleriň wekilleri meşhur halypalaryň – Nobel baýragynyň eleriniň himiýa, biologiýa, fizika we matematika boýunça beren sapaklaryna gatnaşyp, master-klasda boldylar. Sukuba uniwersitetiniň hem predmet synag barlaghanasynyň binýadynda, hem Tokionyň aýratyn göwzel ýerlerinde bolmaklary ýaly medeni-öwreniş çäreleriniň guralmagy okuw sapagynyň özboluşly üstüni ýetirdi. 

Ylmy lageriň işi tamamlandan soňra oňa gatnaşan talyplara dünýä ylmynyň “yşyklandyryjy” halypalaryndan alynanlygyny subut edýän ýörite şahadatnamalar gowşuryldy.

Degişli makalalar

Üstünlige Ýetmek Üçin 10 Basgançak

turkmenhabargullugy

Belli Paleontolog Aman Nigarowyň „Türkmenistanyň Gadymy Pilleeri“ Atly Kitaby Çapdan Çykdy

turkmenhabargullugy

Ähli Makalalar: Kitap Okamagyň Peýdalary

turkmenhabargullugy