20.9 C
Aşkabat
24.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YLYM

HYY we ÖU-niň Topary F.F. Martens Adyndaky Bäsleşige Gatnaşanlygy Üçin Ýörüte Diploma Mynasyp Boldy

HYY we ÖU-niň Topary F.F. Martens Adyndaky Bäsleşige Gatnaşanlygy Üçin Ýörüte Diploma Mynasyp Boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň topary Halkara Gyzyl haç Komitetiniň Belarusdaky, Moldowadaky we Russiýadaky Sebit wekilhanasynyň howandarlygynda Moskwada geçirilen F. F. Martens adyndaky Halkara ynsanperwer hukugy boýunça bäsleşikde Türkmenistana mynasyp wekilçilik etdi. Oňa dünýä ýurtlarynyň 11-sinden ýokary okuw mekdepleriniň 18-siniň wekilleri gatnaşdylar.

F. F. Martens adyndaky bäsleşik GDA-da halkara ynsanperwer hukugy boýunça iň uly ýaryş bolup, oňa esasy hukuk ýokary okuw mekdepleriniň we bölümleriniň talyplary gatnaşýarlar. Bäsleşik tanymal ýuristiň we diplomatyň, halkara hukugynyň russiýa mekdebiniň düýbüni tutujylaryň biriniň adyny göterýär.

Hatarynda Babajan Rozybaýew, Yhlas Rahymow we Selbi Hojageldiýewa bolan Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň topary halkara hukugy kafedrasynyň müdiri Emir Jumaýewiň ýolbaşçylygynda ilkinji gezek şeýle abraýly bäsleşikde Türkmenistana wekilçilik etmäge hukuk gazandy.

Ýokary okuw mekdebiniň Ýuristler klubyna gatnaşmaklary talyplaryň taýýarlygynyň tapgyrlarynyň biri boldy, onda olar halkara kazyýet işini öwrendiler, işiň gidişini göz öňüne getirip, işleri seljerdiler, BMG-nyň nusgasynda döredilen Jedeller klubyna gatnaşdylar.

Halkara eminler toparynda halkara ynsanperwer hukugy boýunça professorlardyr alymlar, şeýle hem işleýän kazylar bardy. Keşpler elementleriniň hukuk elementleri bilen utgaşmagy bäsleşigiň aýratynlygydy, öz nukdaý-nazaryňy diňe bir ýuridiki taýdan düşnükli delillendirmek däl, eýsem meseleleri çözmekde amaly strategiýany taýýarlamagam wajypdy.

Bäsleşigiň netijesi boýunça Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň topary „Görkezen ösüşi üçin“ diýen ýrüte diploma mnasyp bolup, türkmen hünärmenleriniň hünär taýýarlygynyň ýokarylygyny we ýurduň ýokary bilim ulgamynyň ylym-bilim babatda täzeliklerden ugur alýandygyny subut etdiler.

Degişli makalalar

Pissäniň Tejribe Nusgalary Botanika Bagynyň Alymlaryny Ýokary Hasyllylygy Bilen Begendirdi

Saýlawlaryň Öňüsyrasyndaky Möhüm Tapgyr

Hala Ýazylan Ýagşy At