18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

«Nurly Meýdan» 100 Düýbe Golaý Limon Ýetişdirýär

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Nurly meýdan» daýhan hojalygy Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň çäginde gurlan ýyladyşhanada limon agajyny ösdürip ýetişdirmegi ýola goýdy. Daýhan hojalygy 100 düýbe golaý limon agajyndan üç ýyl bäri bol hasyl alyp, elýeterli bahadan halkymyza hödürläp gelýär.
— Limonyň dermanlyk ösümlikdigi sebäpli, lukmanlar ony köp iýmegi maslahat berýärler. Onuň düzüminde adam saglygy üçin peýdaly bolan limon we alma turşusy, askorbin kislotasy, kaliý, demir ýaly dürli witaminler bar. Limon bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar, ol dümewiň, sowuklamanyň öňüni almakda has-da peýdaly. Halkymyzyň bu dermanlyk ösümlige bolan islegi ýokary. Bu agajyň miwesi fewral aýyna çenli şahasynda terligine durýar. Ony şahasyndan ýolup alanyň¬dan soň hem gury çägede biri-birine degmez ýaly edip gömüp goýsaň, uzak wagtlap terligine durýar. Biz limonyň «meýr» diýlip atlandyrylan görnüşini ösdürip ýetişdirýäris. Geljekde düýp sanyny köpeldip, 500-e ýetirmegi maksat edinýäris. Şu günler gül açan agaçlar noýabr aýynda bol hasyl getirip başlar, munuň özi bize hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly toýunda bereketli saçaklary Günüň tyllaýy öwüşgininden reňk alan limondyr olardan taýýarlanylan dürli tagamlar bilen bezemäge mümkinçilik berer. Türkmen telekeçilerine yzygiderli goldaw-hemaýat berip, halkymyzyň saglygy üçin peýdaly bolan dermanlyk ösümligiň türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilmegine ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys — diýip, «Nurly meýdan» daýhan hojalygynyň ýyladyşhana toplumynyň ýolbaşçysy Güljahan Ýagmyrowa gürrüň berdi.

Çeşme: http://metbugat.gov.tm/

Degişli makalalar

Prezidentimiz Päkistanyň Prezidentine gynanç bildirdi.

syrach

Prezident Aleksandr Lukaşenko: Biz Iki Halka Uly Peýda Getirýän Ägirt Uly Taslamany Amala Aşyrdyk

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine Gynanç Bildirdi

syrach