11.2 C
Aşkabat
01.03.2026
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YLYM

Oguz Hanyň Tagmalary Tapyldy

Milli Liderimiziň badalga bermeginde Balkan welaýatynyň Serdar etrabyndaky gadymy Akýaýla obasynyň golaýynda ýerleşýän Kazy şäherinde geçirilen ylmy-barlag işleriniň netijesinde Oguz hanyň Aý han oglundan bolan uly agtygy Ýazyryň bişen kerpijiň ýüzüne haşamlanan tagmasy tapyldy. Ýeri gelende bellesek, bu täsin mazmunly nyşan barada XV asyrda ýaşap geçen taryhçy Ýazyjyoglunyň «Oguznama» eserinde ýatlanylyp, onuň Ýazyr hanyň tagmasydygy tassyklanylýar.
Orta asyr Kazy şäherinden tapylan, ýüzüne tagma haşamlanan inedördül kerpijiň ölçegleri 22x22x4 santimetre deňdir. Kerpijiň ýüze çykarylan ýerindäki binagärlik we küýze önümlerinden, şeýle hem, kerpijiň ölçeglerinden, ýasalyş usullaryndan çen tutsak, bu tapyndy XI —XII asyrlara degişlidir.

Çeşme: http://metbugat.gov.tm/

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik Muzeýinde Watan Goragçylarynyň Gününe Bagyşlanan Sergisiniň Fotosuratlary

turkmenhabargullugy

BMG-niň Baş Sekretary Antonio Guterreşiň Türkmenistana Bolan Saparynyň Netijeleri Barada Brifing Geçirildi

turkmenhabargullugy

Aşgabatda Talyplar Döredijiliginiň Festiwaly Geçirildi

turkmenhabargullugy