24.9 C
Aşkabat
25.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar SPORT

Okeaniýanyň Wekiliýeti Uly Üstünligiň Şaýady Bolandygyny Nygtady

Okeaniýanyň Wekiliýeti Uly Üstünligiň Şaýady Bolandygyny Nygtady

Okeaniýa ýurtlaryndan gelen türgenler hem-de toparlaryň resmi wekilleri Ýapyk binalarda we söweş sugnaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmagyň şowly hem-de sebitleýin sporty ýaýbaňlandyrmakda taryhy döwrüň bolandygyny nygtap, gatnaşyjylara uly tejribe gazandyran Aşgabat 2017 oýunlarynyň peýdasynyň geljekki ýyllarda hem görüljekdigini belläp geçdiler.

Okeaniýanyň jemi 19 sany Milli Olimpiýa komitetleri (bilelikde ONOC) Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň (AOG) Aşgabatda geçiriljek oýunlara gatnaşmak baradaky çakylygyny kabul edip, öz türgenlerini hem-de toparlarynyň resmi wekillerini Aşgabada ugratdylar.

Türkmenistanyň Guramaçylyk komiteti Aşgabat 2017 oýunlaryna gatnaşjak toparlaryň uçar petek çykdajylaryny öz hasabyna amala aşyrdy. Okeaniýa ýurtlaryndan gelen takmynan 250 sany türgen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çäginde sportuň 11 görnüşi boýunça ýaryşlara gatnaşdy.

“Biz Türkmenistanyň Guramaçylyk komiteti hem-de Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi tarapyndan biz üçin döredilen mümkinçilikler üçin çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris” diýip, Fijiniň Olimpiýa komitetiniň baş ýerine ýetiriji müdiri hem-de Baş kätibi Lorreýn Mar döredilen mümkinçilikler üçin sagbolsun aýtdy.

“Bu ajaýyp binalarda ýaryşlara gatnaşan türgenlerimiz öz ukyplaryny has-da kämilleşdirerler. Sebäbi gynansak-da, Fijide beýle sport desgalary ýok. Okeaniýa hem-de Aziýa ýurtlarynyň arasynda has-da dostlukly we ysnyşykly aragatnaşyklary ýola goýulmagyny örän ýerlikli diýip hasap edýäris” diýmek, bilen Lorreýn sözüni jemledi.

Marşal adalarynyň Milli Olimpiýa komitetiniň Baş kätibi Terri Sasser Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlaryna gatnaşan okeaniýaly türgenler üçin ençeme bähbitli pursatlaryň bolup geçendigini belläp, şeýle diýdi:

“Biz bu ýaryşlara gatnaşanymyza örän şat. Çünki, Ýuwaş ummanda ýerleşýän adalar sport ýaryşlaryň aglabasyna gatnaşyp bilenoklar. Sebäbi geçilmeli ýol uzak hem-de örän çykdajyly. Şeýle-de bu oýunlary gurnan ýurt oýunlar üçin düýpli taýýarlyk görüpdir. Sport desgalarynyň ajaýyplygy hem-de türkmen halkynyň myhmansöýerligi biziň garaşanymyzdan has-da ýokary boldy. Biziň gatnaşan oýunlarymyz Olimpiýa oýunlarynyň derejesinde gurnalan. Aşgabat şäheri geljekde-de Olimpiýa oýunlaryny geçirip biler. Sebäbi, sizde munuň üçin ähli mümkinçilikler bar”.

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi hem-de Okeaniýa ýurtlarynyň Milli Olimpiýa komitetleri iki uly sebiti bir sport çäresinde jemlemek üçin örän uly işleri alyp bardylar. Häzirki günlerde şaýat bolýan wakalarymyz bolsa, şol işleriň miwesidir.

Okeaniýa ýurtlary ýaryşlara gatnaşmak üçin ilkinji gezek Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi tarapyndan VIII Aziýa Gyşky oýunlara çagyryldy. Bu oýunlar Ýaponiýanyň Sappori şäherinde geçirildi. Emma, okeaniýaly türgenler ol oýunlardan hiç hili medal gazanyp bilmedi. Soňra olar Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlaryna gatnaşmaga çakylyk aldylar hem-de dört sany Okeaniýa ýurtlarynyň baýdagy olaryň ýeňijileriniň münbere münmegi bilen asmana galdyryldy.

Mikroneziýanyň Federatiw Ştatlaryndan gelen sprinter Alwin Martin bile gelen ýoldaşlarynyň Aşgabat şäherinde gurlan sport desgalaryny görüp haýran galandygyny, şeýle-de oýunlar döwründe beýleki toparlar bilen dostlukly aragatnaşyk goýup bilendiklerini aýdyp, bize şeýle gürrüň berdi: “Biz jennete düşen ýaly bolduk. Aşgabat şäherini suratlandyrmak üçin ulanyp biljek ýeke-täk sözüm, bu bir behişt. Türgenler şäherçesinde türgenler üçin gurlan binalar hem-de türgenleşik desgalary şeýle bir owadan. Hatda start bloklary hem täze. Meniň türgenleşen şäherimde ýapyk binada gurlan trekler ýok, şonuň üçin-de men ilkinji gezek ýapyk binada ýaryşýaryn” diýip, Allwin Martin begenjini beýan etdi.

Degişli makalalar

Skaýranning Boýunça Türkmenistanyň Kubogyny Almak Ugrundaky Ýaryşda Ýeňijiler Belli Boldy

Pudaklaýyn Forumlar-2018: Ýangyç-Energetika Toplumynyň Gazananlary we Geljegi

turkmenhabargullugy

Türkmenistan Fotosuratlary 51

turkmenhabargullugy