22.9 C
Aşkabat
17.05.2024
YLYM

Okuwçylaryň Ders Bäsleşigi Tamamlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň başlangyjy bilen geçirilýän we her ýyl ýurdumyzyň ähli künjeklerinden müňlerçe okuwçyny çekýän ders bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna orta we ýöriteleşdirilen mekdepleriň 10-11-nji synp okuwçylarynyň 700 golaýy gatnaşdy. 

Paýtagtymyzda we welaýatlarda rus, iňlis, türkmen dilleri we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy, fizika, matematika, informatika, himiýa we biologiýa boýunça intellektual bäsleşik gurnaldy. Olar iki günüň dowamynda, ilkinjisi amaly we soňkysy tejribe bölümleri boýunça geçirildi. 

Bilim ministrliginde belleýişleri ýaly , bu bäsleşik okuwçylaryň bilim derejesiniň ýokarlanýanynyň aýdyň subutnamasy boldy diýip bellediler. Bu bolsa ýurdumyzda okuw – terbiýeçilik işleriniň dünýä derejesindäki tejribesinden ugur alyp, bilim özgertmeleriň iş ýüzünde amala aşýandygynyň aýdyň şöhlelenmesi bolup durýar. 

Orun boýunça toparlaýyn sanawda ilkinjileriň hatarynda Aşgabat şäheriniň, Lebap we Mary welaýatlarynyň okuwçylary mynasyp boldular. Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan wekilleri bolan, paýtagtymyzdaky Aýratyn zehinli çagalaryň döwlet mekdep-internatyň okuwçylary hem Ilkinjiligi elden bermediler. 

Ýeňijiler, birinji, ikinji we üçünji derejeli Diplomlara we gymmat bahaly sowgatlara mynasyp boldular. Ýeňiji bolmaklyga sähelçe galan gatnaşyjylara hormat hatlary we höweslendiriji baýraklar gowşuryldy. Bäsleşigiň çäklerinde ýerlerde gezelençler gurnaldy.

Bäsleşige gatnaşyjylar – geljekki hünärmenler: 

Paýtagtymyzyň Parahat medeni dynç alyş merkezinde lukmançylyk orta okuw mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşik ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Kärdeşler arkalaşyklary Milli merkezi we onuň pudak geňeşi tarapyndan gurnaldy. 


Bäsleşikde geljekdi hünärmenleriň kär endikleri, ussatlygy bahalandyryldy. Olar eminleriň soraglaryna jogap berdiler, teklip edilen dürli ýagdaýlardan başyňy alyp çykmak we ilkinji lukmançylyk kömegini bermek boýunça başarnyklaryny görkezdiler. Şeýle-de olaryň döredijilik, aşpezlik ukyplary, sporta we sagdyn durmuşa bolan höwesleri göz öňünde tutuldy. 


Emin agzalarynyň hemme bäsleşige gatnaşyjylary hormat münberine çagyrmak baradaky çözgüdi ähli gatnaşyjylar üçin garaşylmadyk waka boldy. Bäsleşigi gurnaýjylaryň yglan eden Baş baýragyna Aşgabat şäheriniň I. Gandi adyndaky lukmançylyk orta mekdebiniň talyplary mynasyp boldular. 


Birinji orna Balkan welaýatynyň Lukmançylyk orta mekdebiniň, ikinji orna Daşoguzyň Lukmançylyk orta mekdebiniň talyplary mynasyp boldular. Üçünji orny Türkmenabadyň we Marynyň lukmançylyk orta okuw mekdepleriniň talyplary paýlaşdylar. Hemme gatnaşyjylara ýadygärlik sowgatlary gowşurylyp, geljekde ökde hünärli lukmanlar bolup ýetişmekleri arzuw edildi. 

 

 

Degişli makalalar

Zehin Yhlasa Duşanda

Üstünlik Syrlaryny Özüňizden Gözläň!

Çölleşmäge Gözegçiligiň Milli Ulgamy