19.9 C
Aşkabat
05.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT TEHNOLOGİÝA

Olimpiýa Şäherçesiniň Monorelsli Ýoly Sport Klasteriniň Sport we Infrastruktura Desgalaryny Birleşdirdi

Olimpiýa Şäherçesiniň Monorelsli Ýoly Sport Klasteriniň Sport we Infrastruktura Desgalaryny Birleşdirdi

Monorelsli ýol 54 gektar ýeri tutýan sport şäherçesinde aýlanmak üçin amatly serişde bolsa-da, ol ýerüsti ulaglara we pyýadalara päsgel bermez.

„Kiçijik otly“ estakada berkidilen monorels boýunça hereket eder. Ýoluň belentligi 6 metrden 20 metr aralygynda, uzynlygy bolsa 5,1 kilometrden gowrakdyr. Ýoluň ugrunda menzilleriň sekizisi gurlupdyr. Monorelsiň Atatürk köçesini iki gezek kesip geçýän ýerinde bina edilen iki sany köpri paýtagtyň özboluşly bezegine öwrüldi.

75 adama niýetlenen dört moduldan ybarat otlynyň tizligi sagatda 70 kilometre golaý bolsa-da, onuň ulanylyş tizligi sagatda 46 kilometr bolup, ol tutuş ýoly 17 minutda geçer.

Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň sport infrastrukturasynyň bir bölegi bolan bu üýtgeşik ýoluň gurluşygyna 2012-nji ýylda başlanyldy. Monorelsler „Polimeks“ kompaniýasynda taýýarlanyldy, otlyny bolsa Şweýsariýanyň „Intamin“ firmasy ugratdy. Olimpiýa şäherçesini gurmagyň jemleýji, üçünji tapgyrynyň çäklerinde estakadadan ilkinji synag otlusy goýberildi. Häzirki wagtda birbada üç otly gatnap biler, olar sagatda 810 ýolagçyny gatnatmaga mümkinçilik berer.

Häzirki wagtda estakadada ýöreýän otlylar dynç alyş we haýwanat baglarynda, ullakan söwda merkezlerinde we ş.m. ulanylýar. Şeýle hem olardan aeroprtlarda içerki ulag hökmünde peýdalanýarlar. Ilkinji gezek monorelsli ýol köpugurly sport kalsterinde- yklymyň uly möçberli ýaryşy–Aziada- 2017 geçiriljek Aşgabadyň Olimpiýa säherçesinde adam gatnatmakda ulanylar.

Degişli makalalar

Green Card 2021 Sonuçları Açıklandı

turkmenhabargullugy

2017-nji Ýylda Türkmenistanda 81 Müň Tonnadan Gowrak Şaly Öndürmek Maksat Edinilýär

Türkmenistanyň Dermanlyk Ösümlikleri we Milli Mirasy