24.9 C
Aşkabat
25.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

On Ikinji Tapgyryň Jemleýji Oýunlary Geçirildi

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 12-nji tapgyrynyň jemleýji oýun gününde iki duşuşyk geçirildi.

Paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda «Ahal» «Köpetdagy» kabul etdi. Bu duşuşykda «Köpetdagyň» oýunçylary Ýazgylyç Gurbanow bilen Döwletmyrat Seýitmuhammedowyň 11 metrlik urgularyny ýerine ýetirmäge mümkinçilikleriniň bolandygyna garamazdan, hasap açylmady – 0:0. Bu deňligi «Ahala» çempionlyk ugrundaky esasy bäsdeşi «Altyn Asyryň» yzyndan ýetmäge päsgel berdi. Ýeri gelende bellesek, «Altyn Asyr» geçiren duşuşyklarynda 24 utuk, «Ahal» bolsa 22 utuk toplamagy başardylar.

Maryda geçirilen duşuşykda Türkmenbaşynyň «Şagadamy» ýerli «Merw» toparyny 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, toplan 18 utugy bilen ýaryş tertibinde üçünji basgançaga geçdi.

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 13-nji tapgyrynyň duşuşyklary 6-njy hem-de 7-nji iýunda geçiriler.

 

12-nji tapgyryň duşuşyklary:

«Merw» – «Şagadam» – 1:2

Gollar: 68 Şanazar Tirkişow («Merw») – 18 Hemra Amanmämmedow, 90+7 Baýramgeldi Nurlyýew («Şagadam»)

Duýduryşlar: 90+1 Begenç Alamow («Merw») – 22 Bagtyýar Hojaahmedow, 54 Hemra Amanmämmedow («Şagadam»)

Geçirilen ýeri: «Sport toplumy» stadiony (Mary ş.)

Duşuşygyň emini: Babanazar Haknazarow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: Yhlas Kurambaýew (Daşoguz ş.), Ýusup Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: Akmyrat Gurbanow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: Allabergen Sapaýew (Daşoguz ş.)

Tomaşaçy sany: 2000

 

«Ahal» – «Köpetdag» – 0:0

Bellik: «Köpetdagyň» oýunçylary Ýazgylyç Gurbanow (72 minut) bilen Döwletmyrat Seýitmuhammedow (85 minut) 11 metrlik jerime urgularyny nädürs ýerine ýetirdiler.

Duýduryşlar: 34 Ilýa Tamurkin, 75 Hojaahmet Arazow, baş tälimçi, 83 Serdar Annaorazow, 90+6 Baýramnyýaz Berdiýew, tälimçi («Ahal») – 19 Batyrgylyç Berdiýew, 57 Ýakup Maksadow, 74 Meýlis Diniýew, 76 Ybraýym Mämmedow, 77 Şiri Annaýew, 86 Ýazgylyç Gurbanow («Köpetdag»)

Meýdandan çykarylan: 90 Ýakup Maksadow, ikinji duýduryş («Köpetdag»)

Geçirilen ýeri: «Aşgabat» stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: Alibek Sapaýew (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: Berdimämmet Atdyýew (Tejen ş.), Mergen Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: Myrat Nurberdiýew (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: Raşit Pälwanow (Daşoguz ş.)

Tomaşaçy sany: 1000

 

Çempionatyň tablisasy:

T/b Toparlar O Ý D U T U
1. «ALTYN ASYR» FK 11 7 3 1 25-9 24
2. «AHAL» FK 11 7 1 3 16-9 22
3. «ŞAGADAM» FK 11 5 3 3 11-8 18
4. «AŞGABAT» FK 11 4 5 2 13-11 17
5. «KÖPETDAG» FK 12 4 4 4 13-11 16
6. «MERW» FK 12 4 1 7 11-18 13
7. «NEBITÇI» FK 12 3 1 8 10-24 10
8. «ENERGETIK» FK 12 2 2 8 12-21 8

Çeşme: http://tff.com.tm/

Degişli makalalar

Türkmenistanly Mekdep Okuwçylary «Infomatrix-2017» Kompýuter Taslamalarynyň Halkara Bäsleşiginde Medallaryň On Altysyny Eýelediler

turkmenhabargullugy

Gözelligiň we Çeýeligiň Baýramçylygy

syrach

2017-nji Ýylyň Iň Gowy Mugallymy we Terbiýeçisi Kesgitlenildi