24.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

OPEC+ Duşuşygyna Baglylykda Nebitiň Bahalary Ýokarlanýar

COVID-19 koronawirus ýokanjynyň ABŞ-da we Ýewropada ýaýramagynyň haýallap başlandygy baradaky yşaratlardan soň, sişenbe güni nebitiň bahalary ýokarlanýar, diýip Dow Jones habar berýär.

Bazara gatnaşyjylar OPEC+ döwletleriniň duşuşygyna garaşýarlar. Käbir treýderler bolsa, mümkin, nebit çykarýan döwletleriň çykaryş derejesini azaltmaly boljakdygyna garaşyp, satyn almalary işjeňleşdirdiler, diýip AxiCorp-yň bilermenleri belleýär. Muňa garamazdan, AxiCorp-yň pikirine görä, OPEC-den we onuň hyzmatdaşlaryndan oňaýly habaryň bolmazlygy bazaryň ýokarlanmagyny çäklendirip durar.

«Brent» söwda belgili nebitiň bahasy 2,97 göterim ýokarlanyp, 34,03 dollara deň boldy. Duşenbe güni söwdalaryň netijesi boýunça fýuçersleriň bahasy 3,1 göterim aşak düşüp, 33,05 dollara ýetipdi, diýip Interfaks habar berýär.

«WTI» nebitiniň bahasy 3,34 göterim ýokarlanyp, 26,95 dollara ýetdi. Deslapky söwdanyň netijesinde onuň bahasy 8 göterim aşaklap, 26,08 dollara deň boldy.

OPEC+ döwletleriniň adatdan daşary duşuşygynyň yza süýşürilýändigi baradaky habaryň netijesinde duşenbe güni nebitiň bahalary aşaklady. Bu duşuşygyň barşynda bazary kadalaşdyrmagyň ýollaryny maslahatlaşmak meýilleşdirilýärdi.

Telekonferensiýa görnüşindäki duşuşyk 6-njy aprelden 9-njy aprele geçirildi.

«OPEC+ döwletleriniň nebit çykarylyşyny çäklendirmek üçin bazara düşýän agram aşa ýokary» – diýip, The Price Futures Group-dan Fil Flinn belleýär.

COVID-19 koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyny saklamak maksady bilen bütin dünýäde girizilýän çäklendirmeler nebite bolan islegiň aşak düşmegine getirdi. Nebit bazarynda teklibiň agdyklyk etmegi ýakyn wagtda öndürijileriň nebiti saklamak üçin kuwwatlyklaryň ýetmezçiligine sezewar bolmagyna getirip biler. Bu bolsa, teklibi çäklendirmek üçin çäreleriň gyssagly ýagdaýda görülmeginiň zerurlygyny ýokarlandyrýar, diýip analitikler belleýär.

Çeşme: oilgas.gov.tm

Degişli makalalar

Söweş Sungatlarynyň Bütindünýä Oýunlarynyň Komiteti Türkmenistan Bilen Hyzmatdaşlyk Etmäge Gyzyklanma Bildirdi

Türkmenistanyň Halk Artisti Myrat Baýramgeldiýew Diňe Bir Zehinli Aýdymçy Däl, Eýsem Ussat Bagbanam

Milli Teleradioýaýlymlaryň Gepleşikleri Türkmen Hemrasy Arkaly Ýaýlyma Berlip Başlandy

syrach