18.9 C
Aşkabat
19.05.2024
DÜNÝÄ

Orta Aziýanyň Daşary işler ministrleri Bişkekde duşuşdy.

ÝB-niň Orta Aziýa boýunça strategiýasynyň Daşary işler ministrleriniň maslahaty Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde geçirilýär.

Maslahata ÝB-niň Daşary gatnaşyklardan jogapkär ýokary wekili Ketrin Eştyn, Gyrgyzystanyň Daşary işler ministri Erlan Abdyldaýew, Gazagystanyň Daşary işler ministri Erlan İdrisow, Täjigistanyň Daşary işler ministri Hamrohon Zarifi, Özbegistanyň Daşary işler ministriniň orunabsary Wladimir Norow bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew gatnaşýar.

“ÝB-niň Orta Aziýa ýurtlary Strategiýasy” temaly maslahatyň açylyş dabarasynda söz sözlän Gyrgyzystanyň Daşary işler ministri Abdyldaýew Orta Aziýada ýerleşýän ýurtlaryň garaşsyzlygyna eýe bolmagyndan soň ÝB-niň sebitdäki 5 ýurt bilen iki taraply we sebitara derejesinde hyzmatdaşlyk edýändigini aýtdy.

Abdyldaýew Gyrgyzystanyň Orta Aziýa ýurtlaryny gyzyklandyrýan meseleleriň birlikde çözülmegine uly ähmiýet berýändigini nygtady.

Gyrgyzystanyň Daşary işler ministri Orta Aziýa ýurtlarynyň sebitara we halkara derejesinde abanýan howplara garşy eýe bolan mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmalydygyny ýatlatdy.

Metbugata ýapyk ýagdaýda geçirilýän maslahatda ÝB-niň Orta Aziýa boýunça strategiýasy, howpsuzlyk we sebitara hyzmatdaşlyk, energetika we daşky gurşaw meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.

Degişli makalalar

Russiýa bilen Hytaý Siriýa bilen baglanşykly karar taslamasyny weto etdi.

syrach

Ýewropa Geñeşi Palestine goldaw berýär.

syrach

Abadi Putin Bilen Duşuşdy

syrach