10.3 C
Aşkabat
01.03.2026
DÜNÝÄ

Oskar baýraklary eýelerine gowşuryldy.

84-njy Oskar baýraklary eýelerine gowşuryldy.

Fransiýada surata düşürlen “Artist” atly kino film baýrak gowşurylyş dabarasynda hemmeleriñ ünsünü özüne çekdi.

Kino film dünýäsiniñ iñ abraýly baýraklary ABŞ-nyñ Los Anželes şäherinde geçirlen dabarada eýelerine gowşuryldy.

Fransiýada surata düşürlen “Artist” filmi iñ gowy kino film, iñ ussat kino režisýor, iñ ussat aktýor baýraklary başda bolmak bilen 6 ugur boýunça baýrak aldy.

Kino filmiñ kino režisýory Mişel Hazanawiçus iñ ussat režisýor, baş roldaky aktýor Jon Dužardin bolsa iñ ussat aktýor baýragyny aldy.

İñ ussat aktrisa baýragyna Britaniýanyñ ozalky Premýer ministri Margaret Tetçeriñ ömür beýanyny suratlandyrýan roly bilen Meril Strip laýyk görüldi. 

referans: www.trtturkmen.com

Degişli makalalar

Er-Riýadda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň Şanly 25 Ýyllygyna Bagyşlanan Metbugat Maslahaty Geçirildi

Halkara Atom energiýasy gullugy Eýran meselesini ara alyp maslahatlaşýar.

syrach

OPEC+ Boýunça Oňaýly Yşaratlara Garaşmanyň Netijesinde Nebitiň Bahalary Ýokarlanýar

turkmenhabargullugy