15.9 C
Aşkabat
02.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmen lideri şu gün resmi sapar bilen Türkiýä gelýär.

Türkmenistanyñ Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Abdulla Gülüñ myhmany hökmünde fewral aýynyñ 28-i bilen mart aýynyñ 1-i arasynda Türkiýede saparda bolar.

Prezidentiñ metbugat gullugy tarapyndan berlen ýazmaça beýanata görä Türkiýe bilen Türkmenistanyñ arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryñ ýola goýulmagynyñ 20 ýyllygy mynasibetli guralýan sapar Berdimuhamedowyñ Türkmenistanda 12-nji fewralda geçirlen saýlawlarda täzeden Prezidentlige saýlanmagyndan soñ guraýan ilkinji daşary ýurt sapary bolmagy taýdan hem möhümdir.

Sapar şol bir wagtda türkmen lideriniñ soñky 4 ýylda Türkiýä guran 5-nji sapary bolar.

Türkiýe bilen Türkmenistanyñ arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyñ 29-njy fewralynda ýola goýuldy.

Ertir Ankarada geçiriljek özara duşuşyklarda iki ýurduñ arasyndaky gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler seljerler.

Özara duşuşyklardan soñ Dikmen jülgesindäki Türkmenistanyñ seýilgähi bilen türkmeniñ milli şahyry Magtymgulynyñ hormatyna gurlan heýkel Türkiýäniñ we Türkmenistanyñ prezidentleri tarapyndan açylar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow TBMM-niñ Baş Asableýasynda halk deputatlaryna ýüzlenip çykyş eder.

Berdimuhamedow Ankarada geçirjek duşuşyklaryndan soñ penşenbe güni Stambula gider. 

referans: www.trtturkmen.com

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

turkmenhabargullugy

Aşgabatda Önümçiligiň Tehnologiýalarynyň Ýöriteleşdirilen Sergisi Açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Dalaşgär M. Annanepesow Ahal Welaýatynda Saýlawçylar Bilen Duşuşdy