18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Pagta hasylynyň ýygymy başlandy.

Türkmenistanda möhüm ähmiýetli oba hojalyk işi – pagta hasylynyň ýygymy başlandy. Mälim bolşy ýaly, geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde pagta ýygymynyň başlanýan möhletini belledi. Şu gün, döwlet Baştutanynyň ak pata bermegi bilen, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň daýhanlary şol bir wagtyň öünde pagta ýygymyna girişdiler. 29-njy awgustda bolsa ýurdumyzyň demirgazygyndaky Daşoguz welaýatynda hem pagta ýygymyna guramaçylykly girişiler.

Pagta ýygymyna “ak kerwenler” bilen badalga bermek türkmen pagtaçylarynyň öňden gelýän asylly ýörelgesidir. Häzirki wagtda daýhanlaryň esasy wezipesi meýdanlarda ösdürilip ýetirşdirilen bol pagta hasylyny ýitgisiz ýygnamakkdan we ony ata Watanymyzyň harmanyna pagta tabşyrmakdan ybaratdyr.

Gowaça türkmen ekerançylygynda wajyp ähmiýete eýe bolan ekindir. Onuň “ak altyn” diýlip atlandyrylmagy ýöne ýerden däldir, çünki pagta ýurdumyzdan eksporta ugradylýan esasy önümleriň biri bolmak bilen, Türkmenistanda sazlaşykly ösdürilýän dokma senagatynyň döwrebap kärhanalarynyň onlarçasy üçin zerur çig mal hasaplanýar.

Geçen ýylda ýurdumyzyň pagtaçylary şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirip, döwlete 1 million 100 muň tonna golaý hasyl tabşyrydlar. Bu netije hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny görkezýän subutnamalaryň ýene-de biridir. Obasenagat toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmek bolsa şol strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Millietiň Lideriniň başlangyjy boýunça oňyn we uly möçberli özgertmeleri amala aşyrmagyň barşynda oba hojalyk pudagynyň tehniki taýdan täzeden üpjün edilmegine we döwrebaplaşdyrylmagyna, ýurdumyzyň we dünýäniň oba hojalyk ylmynyň öňdebaryjy işläp taýýarlamalarynyň önümçilige giňden ornaşdyrylmagyna, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ykdysady taýdan höweslendirilmegine, hünärine ökde işlgärleriniň taýýarlanylmagyna aýratyn üns berilýär.

Ýakynda kabul edilen “2012-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň maksatnamasynda” şol wajyp ugurlaryň her biri boýunça netijeli çäreleriň toplumyny amala aşyrmak hem-de obasenagat pudagyny hil taýdan täze sepgitlere ýetirmek arkaly, ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatly we rowaçlyk gazanýan döwlet hökmünde eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrmak göz öňünde tutulýar.

Şu ýylyň 2-nji awgustynda geçirilen maslahatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow obasenagat toplumyna degişli düzümleriň ilkinji nobatdaky wezipeleriniň birnäçesini kesgitledi, şol wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmegi ýurdumyzda oba hojalyk önümleriniň giň toplumynyň önümçiliginiň möçberleriniň mundan beýläk-de artdyrylmagyna, şol sanda pagtaçylygyň ösdürilmegine degerli ýardam berer.

Hususan-da, döwlet Baştutany ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň her bir welaýatynyň ýerli toprak – howa şertlerini göz öňünde tutmak arkaly, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan usulyýetleri ulanmak, oba hojalyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak we olary suw bilen üpjün etmek ýaly çäreleriň wajyp ähmiýete eýedigini aýratyn belledi.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Prezidenti ylmy taýdan saýlap almak, tiz ýetişýändigi, bol hasyllylygy we süýüminiň ýokary hilli bolmagy bilen tapawutlanýan gowaçanyň etraplaşdyrylan täze görnüşlerini döretmek boýunça işleri güýçlendirmegiň zerurdygyny hem-de ýurdumyzdaky pagta arassalaýjy kärhanalaryň durkuny täzelemegiň we şunuň ýaly täze döwrebap kärhanalary gurmagyň hasabyna pagtanyň gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmak boýunça anyk çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, 2012-nji ýylyň iýul aýynyň başynda döwlet Baştutanynyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynda kuwwatlylygy ýylda 40 müň tonna tohumlyk pagtany gaýtadan işlemek üçin ýöriteleşdirilen kärhananyň guruljakdygyny bellemek gerek. Şonuň ýaly-da, “Türkmenpagta” döwlet konserniniň buýurmasy boýunça Lebap welaýatynyň Beýik Türkmenbaşy etrabynda we Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda ýerleşýän pagta arassalaýjy zawodlarda täze önümçilik bölümleri gurlar. Olaryň kuwwatlylygy degişlilikde ýylda 60 we 90 müň tonna pagtany gaýtadan işlemäge barabar bolar.

Pagtaçylygyň tehniki taýdan üpjün edilişiniň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna döwlet tarapyndan ep-esli möçberdäki serişdeleriň goýberilýändigini ýene-de bir gezek nygtamak gerek. Şonuň netijesinde häzirki wagtda daşary ýurtly belli önüm öndürijileriniň ýokary öndürijilikli pagta ýygyjy kombaýnlary, traktorlary we beýleki ýöriteleşdirilen tehnikalary, enjamlary pudagyň tehniki parkynyň esasyny düzýär. Galyberse-de, tehniki taýdan hyzmat etmek, agrotehniki kadalara laýyklykda tohumlar, mineral dökünler, suw bilen üpjün etmek bilen bagly işler we hyzmatlaryň beýleki görnüşleri daýhan birleşikleri üçin ýeňillikli şertler boýunça berjaý edilýär.

Oba ýerlerinde döwrebap ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek, pagtany öndürijiler bilen özara hasaplaşyklaryň guralyny kämilleşidrmek maksady bilen netijeli işler durmuşga geçirilýär. Şeýlelikde, Türkmenistanda orta we inçe süýümli pagtanyň, şeýle hem gowaçanyň ýokary hasyl berýän görnüşleriniň tohumynyň satyn alnyş nyrhlary yzygiderli ýokarlandyrylýar.

2011-nji ýyldan başlap, pagtaçylara senagat taýdan gaýtadan işlemek arkaly alnan süýümi, linti, übtügi, şertnamalaýyn borçnamasyndan artyk öndurilen pagtany daşary ýurtlara hem satmaga mümkinçilik döredildi. Olar önümi özbaşdak ýa-da “Ak altyn” döwlet pagta söwda kärhanasynyň üsti bilen, Türkmenistanyň döwlet haryt – çig mal biržasynda ýa-da döwletiň satyn alnyş nyrhlary boýunça “Türkmenpagta” döwlet konsernine satyp biler. Munuň özi daýhanlaryň zähmet öndürijiliginiň ýokarlandyrmagyna, olarda has ýokary hasyly ösdürip ýetişdirmäge islegiň artmagyna degerli ýardam berýär.

Şunuň bilen baglylykda, oba adamlarynyň maddy – hal ýagdaýynyň we ýaşaýyş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen döwlet syýasaty wajyp ähmiýete eýedir. Bu syýasat “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda” öz beýanyny tapýar.

Şu ýylyň noýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň pagta önümleriniň II halkara sergi – ýarmarkasyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça esaslandyrylan forumyň esasy maksady pudagyň eksporta degişli mümkinçilikleri, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bu möhüm ähmiýetli pudagyndaky üstünlikler we gazanylýan netijeler bilen tanyşdyrmakdan, dünýäde pagta süýümini gaýtadan işlemek, enjamlary öndürmek we beýleki ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen iri kompaniýlar bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan we giňeltmekden ybaratdyr.

Şu ýylda pagta ýygymynyň barşynda Türkmenistanda “ak altynyň” 1 million 109 müň tonnasyny, şol sanda Ahal welaýatynda – 213 müň, Daşoguz welaýatynda – 234 müň, Lebap welaýatynda – 322 müň, Mary welaýatynda – 335 müň we Balkan welaýatynda – 5 müň tonna barabar pagtany öndürmek göz öňünde tutulýar.

Ozal bolşy ýaly, gowaça üçin bölünip berlen ýerleriň umumy meýdan 550 müň gektara barabardyr. Bahar paslynda bu ýerlere gowaçanyň “Ýolöten-7”, “133”, “149F”, “C-4727”, “Daşoguz-120”, “Daşoguz-114”, “Serdar”, “9871-I”. “Ýolöten-14”, “Ýolöten-32” we beýleki orta we inçe süýümli görnüşleri ekildi.

Umuman alanyňda, hasyly ýygnamakda pagta ýygyjy kombaýnlaryň 570-si, awtoulaglaryň 2560-sy, traktorlaryň 2500-si, pagtany daşamak üçin niýetlenen tirkegleriň 3600-si ulanylar. Ýerlerde pagta ýygymynyň bökdençsiz alnyp barylmagy üçin tehnikalara gije-gündiziň dowamynda tehniki we serwis hyzmaty guralar, şeýle hem mehanizatorlaryň, sürüjileriň we ýygymçylaryň öndürijilikli zähmet çekmegi we göwnejaý dynç almagy üçin zerur şertler dörediler.

Pagtany maşyn arkaly ýygmagyň öňüsyrasynda gowaçanyň ýapragyny düşürmek üçin defoliant zerur möçberde satyn alyndy. Hemişe bolşy ýaly, şu işde diňe bir traktorlar däl-de, ýörite uçarlar hem ulanylar.

Gowaçanyň täze hasylyny kabul etmek üçin ýurdumyzdaky kabul ediş bölümleriniň 159-sy we pagta arassalaýjy zawodlaryň 36-sy taýýar edildi. Olaryň ýanyndaky barlaghanalarda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň hünärmenleri “Ak altyn” döwlet pagta söwda kärhanasynyň wekilleriniň we pagtaçy-kärendeçileriň gatnaşmagynda kabul edilýän hasylyň hilini barlar.

Öňdebaryjy kärendeçi – pagtaçylaryň, mülkdarlaryň, daýhanlaryň, kombaýnçylaryň we sürüjileriň 2011-njy ýyldaky pagta ýygymy möwsüminde yhlasly zähmet çekmegini höweslendirmek üçin, jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi edaralary, “Türkmenobahyzmat” assosiasiýasy, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky, “Türkmenpagta” döwlet konserni, şeýle hem “Galkynyş”, “Nesil” we “Bereketli toprak” gazetleriniň redaksiýalary däbe öwrülen bäsleşigi yglan etdiler.

… Şu gün irden Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň, Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň we Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň kabul ediş bölümlerinde we pagta arassalaýjy zawodlarynda baýramçylyga mahsus ýagdaý höküm sürdi. Bu ýerlere “ak altyn” ýüklenen, döwlet baýdaklary, halylar we şygarlar bilen bezelen awtoulaglaryň we tirkegli traktorlaryň “ak kerwenleri” geldi.

Halkymyzyň asylly däbine görä, hasylyň ýygymyna girişilmegine hormatly ýaşulular ak pata berip, Beýik Biribardan ata Watanymyzyň, türkmen halkynyň abadançylygyny we rowaçlygyny dileg etdiler.

Pagtaly çuwallar ýüklenen düýeler we ahalteke bedewlerine atlanan ýigitler “ak kerwenleriň” başyny çekip geldiler, munuň özi türkmen halkynyň köp asyrlaryň dowamynda bol hasyl ösdürip ýetişdiripmeginiň ajaýyp beýanyna öwrüldi.

Pagta ýygymynyň başlanmagy mynasybetli guralan dabaralara welaýatlaryň we etraplaryň häkimlikleriniň, “Türkmenpagta” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň, “Türkmenobahyzmat” assosiasiýasynyň, “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşylary, jemgyýetçilik guramalarynyň we pudaklaýyn ylmy-barlag institutlarynyň wekilleri, tanymal agronomlar, tejribeli kombaýnçylar, sürüjiler we kärendeçi – pagtaçylar gatnaşdylar.

Şeýle hem oba hojalyk we pagta önümleriniň, oba hojalyk tehnikasynyň, gaýtadan işleýän we dokma senagatynyň önümleriniň sergileri guraldy. Artistler, aýdymçylar, welaýatlaryň tans we folklor toparlary konçert bilen çykyş etdiler. Sportyň milli görnüşleri boýunça ýaryşlar guraldy. Önümçiligiň öňdebaryjylarynyň – pagtanyň bol haslylyny ýetişdirmekde tapawutlanan kärendeçi – pagtaçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

“Ak kerwenleriň” guralmagy mynasybetli, ata Watanymyzyň rowaçylygynyň hatyrasyna we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna toý sadakalary berildi.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkiýe Respublikasynyň Stambul Şäherinde Halkara Bitaraplyk Gününe Bagyşlanan Maslahat Geçirildi

Ýanwar Aýynda Täze Ýyl Dabaralaryndan Hem-de Ýaş Zehinleriň Bäsleşiklerinden Ybarat Wakalara Baý Bolar

Ýurduň Bugdaý Ekilen Meýdanlarynda Ideg Etmek Işleri Alnyp Barylýar

syrach