34.9 C
Aşkabat
02.08.2025
DÜNÝÄ

PAKISTAN BILEN ABŞ-NYÑ ARASYNDAKY ÝANGYÇ KRIZISI ÇÖZÜLDI

Pakistan bilen Amerikanyñ Birleşen Ştatlarynyñ arasynda NATO ýangyç gatnadylýan ýol bilen baglanşykly krizis çözüldi.

Pakistan Owganystandaky NATO goşunlaryna ýangyç gatnadylýan ýoly 11 gün soñ täzeden açdy.

Pakistan amerikan dik uçarlarynyñ ýalñyşlyk bilen serhetýaka sebidindäki esgerlerini bombalamagy we 2 esgeriñ ýogalmagy sebäpli Torkham gümrük geçelgesini ýapypdy.

ABŞ-nyñ geçen hepde ötünç soramagy sebäpli tutumyny ýumşadan Pakistanyń hökümeti gümrük geçelgesini täzeden açandygyny habar berdi.

Açylan gümrük geçelgesinden ilkinji etapda 10 sany NATO tankeri Owganystana geçdi.

referans: www.trtturkmen.com

Degişli makalalar

Er-Riýadda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň Şanly 25 Ýyllygyna Bagyşlanan Metbugat Maslahaty Geçirildi

“Eni Turkmenistan Limited” Kompaniýasy Bäsleşik Yglan Edýär: 07.03.2019 – 10.04.2019

Türkmenistan Howa Ýollarynyň Edaralarynyň we Wekillikleriniň Salgylary

turkmenhabargullugy