20.9 C
Aşkabat
25.04.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Ýokary Derejeli Çärede COVID-19 Ýokanç Keseliniň Ýaýraýan Döwründäki…

Ýokary Derejeli Çärede COVID-19 Ýokanç Keseliniň Ýaýraýan Döwründäki Ählumumy Ösüşi Maliýeleşdirmek Meseleleri Ara Alnyp Maslahatlaşyldy

2020-nji ýylyň 28-nji maýynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly COVID-19 ýokanç keseliniň ýaýraýan döwründäki we ondan soňky ählumumy ösüşi maliýeleşdirmek meseleleri boýunça ýokary derejeli maslahat geçirildi.

Maslahata BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş, Kanadanyň Premýer-ministri Jastin Trýudo, Ýamaýkanyň Premýer-ministri Endrýu Holness tarapyndan guraldy. Çärä BMG agza döwletleriň wekiliýetleri gatnaşdylar. Türkmen tarapyndan maslahata Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri E.Annamuhammedow gatnaşdy.

Maslahat 3 bölümden ybarat boldy. Birinjisi – ýokary derejeli bölüm bolup, onda döwlet hem-de hökümet baştutanlary dünýäniň ykdysady çökgünligini hem-de ilatyň has ejiz gatlaklaryna onuň ýaramaz netijeleriniň ýetirilmegini ýeňip geçmek üçin global çözgütleriň durmuşa geçirilmegine aýgytly ýardam bermek boýunça özleriniň taýýarlyklaryny beýan etdiler. Ikinjisi – düzüminde halkara edaralarynyň ýolbaşçylary bolan ýokary derejeli toparyň mejlisi. Üçünjisi bolsa – döwlet hem-de hökümet baştutanlarynyň we hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda çäreleri görmek meseleleri boýunça ýokary derejeli bölüm.

Ösüş ulgamynda we ondan soňky döwürde COVID-19 tarapyndan ýüze çykarylan adatdan daşary ýagdaýlaryň dowamyndaky takyk maliýe çözgütleri, bu adatdan daşary ýagdaýlaryň garşysyna göreşmek we ondan soňky döwürde dikeltmek boýunça çäreleri kabul etmegiň çäklerinde hemmetaraplaýyn goldaw bermek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň we Owganystanyň Daşary Işler Ministrleri Ikitaraplaýyn Hyzmatdaşlygyň Meselelerini Ara Alyp Maslahatlaşdylar

2020-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Mohammad Hanif Atmar bilen wideokonferensiýa görnüşindäki duşuşyk geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda düýn, 27-nji maýda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamy hökmünde, diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlary boýunça türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň barşynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary iki ýurduň halklarynyň, edil şonuň ýaly-da tutuş sebitiň gyzyklanmalaryna laýyk gelýän ulag-üstaşyr geçelgeleri we energetika ulgamlary boýunça özarabähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gyzyklanma bildirdiler.

Mälim bolşy ýaly, iki döwletiň baştutanlarynyň telefon arkaly söhbetdeşliginiň dowamynda türkmen tarapy gün tertibine Lapis Lazuli ulag geçelgesiniň netijeliliginiň ardyrylmagy boýunça degişli meseleler girizilmegi göz öňünde tutulan owgan Lideriniň Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň arasynda wideokonferensiýa görnüşindäki üç taraplaýyn duşuşygy geçirmek baradaky teklibini goldady. Diplomatlar Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň oňaýly geosyýasy ýerleşişi nukdaýnazaryndan sebitiň ykdysady integrasiýasynyň güýçlendirilmegi we söwdanyň göwrümleriniň düýpli artdyrylmagy babatynda bu ulag ugrunyň önjeýli halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi üçin ýokary ähmiýete eýe bolup durýandygyny nygtadylar.

Sebit hem-de halkara gün tertibi boýunça pikirleri alyşmak bilen, iki ýurduň DIM-niň ýolbaşçylary häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň netijeli çözülmegi, aýratyn hem koronawirusyň täze görnüşiniň pandemiýasy babatynda utgaşdyrylan çözgütleriň işlenilip düzülmeginiň zerurlygyny aýratyn bellediler. Bu ugurda Türkmenistanyň Prezidentiniň koronawirusyň planetar ölçegde ýaýramagy ýaly gaýragoýulmasyz wehimlere garşy göreşde ylmy diplomatiýanyň gurallarynyň netijeli ulanylmagy baradaky başlangyçlarynyň aýratyn ähmiýetlidigi we wagtydygyny bellenilip geçildi.

Diplomatlar şeýle-de üznüksiz ýük gatnawlarynyň üpjün edilmegi üçin iki döwletiň serhetlerinde utgaşdyrylan sanitar-karantin çäreleriniň zerurdygyny aýratyn nygtadylar. Bu ugurda türkmen tarapy telefon arkaly gepleşikleriň barşynda beýan edilen Türkmenistanyň ynsanperwer kömegi hökmünde serhetýaka demir ýol menzillerinde, gözegçilik-geçiriş nokatalarynda hem-de Owganystanyň çägindäki käbir beýleki ýerlerde – demir ýol ulaglaryny we ýüklerini zyýansyzlandyrmak üçin ýurdumyzda gurlan ýörite terminallar ýaly desgalary gurmaga, şeýle hem olary zerur bolan enjamlar bilen üpjün etmäge taýýardygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

Ýewropa Bileleşiginiň Daşary Işler Gullugy Bilen Merkezi Aziýa Ýurtlarynyň Daşary Işler Ministrleriniň Orunbasarlarynyň Onlaýn Duşuşygy

2020-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň, Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler gullugynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidiň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň gatnaşmaklarynda wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda gatnaşyjylar «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýetini hem-de häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar bilelikdäki maksatnamalaýyn resminamalaryň amala aşyrylyşy hem-de ykdysady, energetika, ulag we ekologiýa pudaklaryndaky taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada durup geçdiler. Şeýle hem, ÝB-niň Merkezi Aziýa üçin täze Strategiýasyny durmuşa geçirmegiň meseleleri hem-de ýakyn geljek üçin göz öňünde tutulan beýleki bilelikdäki çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, gepleşikleriň çäklerinde gatnaşyjylar sebit we halkara durnuklylygyny hem-de howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça meseleler babatynda, dünýäde ýüze çykan howply ýagdaýa garşy göreşmekdäki hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we sebitde onuň durmuş-ykdysady täsiriniň netijelerini azaltmagyň wajyplygy babatynda pikir alyşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy adatdan daşary ýagdaýlarda durnukly we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen tanyşdyrdy, şeýle hem Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygy barada belledi.

Türkmenistanyň DIM-de DÖM-nyň Maliýeleşdirilmeginiň Meseleleri Boýunça Halkara Seminar Geçirildi

2020-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda sanly wideo aragatnaşyk arkaly «Durnukly Ösüş Maksatlaryny maliýeleşdirmek: maliýeleşdirmegiň integrirlenen milli gurallarynyň ähmiýeti» atly halkara seminar geçirildi.

Duşuşyga Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Maksatnamasyna (SPEKA) gatnaşyjy-ýurtlaryň, ýagny Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ministrleriniň derejesindäki wekiliýetler gatnaşdylar. Seminara şonuň ýaly-da BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň, BMG-niň birnäçe agentlikleriniň, şol sanda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň, ÝUNISEF-iň, BMG-niň Ilat Gaznasynyň wekilleri, Bütindünýä banky, Halkara Pul Gaznasy ýaly halkara maliýe edaralarynyň we beýleki halkara guramalarynyň, şeýle-de SPEKA institutynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda ýurdumyzyň wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow, döwletimiziň degişli ugurdaş ministrleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri wekilçilik etdiler.

Halkara seminar şu ýylyň 20-23-nji aprelinde geçirilen ösüşi maliýeleşdirmegiň meselelerine bagyşlanan BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň Forumynyň netijeleri bilen tanyşmaga, şonuň ýaly hem COVID-19 pandemiýasynyň durmuş-ykdysady ulgamynda ýetirýän täsiriniň gowşadylmagy hem-de bu ugurdaky çäreleriň maliýeleşdirmegiň integrirlenen milli gurallarynyň döredilmegi arkaly DÖM-ny maliýeleşdirmegiň has uzakmöhletleýin maksatlary bilen utgaşdyrylmagy maksady bilen ýurtlar tarapyndan alnyp barylýan çäreleri ara alyp maslahatlaşmak we olar dogrusynda tejribe alyşmak mümkinçilik döretdi.

Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy öz çykyşynda Türkmenistan tarapyndan milli derejede durmuşa geçirilýän tagallalaryň halkara özarahereketleriniň aýratyn ähmiýetliligine, häzirki zaman meseleleriň bölünmezliginiň we özaragaraşlylygynyň konseptual nukdaýnazaryna, ýer togalagynyň beýleki böleklerinde mümkingadar ulanylmagy üçin her bir ýurduň tejribesiniň jikme-jik öwrenilmeginiň wajyplygynyň ykrar edilmegine esaslanandygyny nygtap geçdi.

Soňra EKOSOS-yň 2020-nji ýyldaky ösüşiň maliýeleşdirilmegi we pandemiýanyň durmuş-ykdysady täsirleriniň ýeňilleşdirilmegi babatynda toplumlaýyn halkara goldawy boýunça Forumynyň jemleri hakynda BMG-niň Durmuş-ykdysady meseleleri boýunça departamentiniň Durmukly ösüşiň maliýeleşdirilmegi Bölüminiň Direktory çykyş etdi.

Şeýle hem SPEKA gatnaşyjy-ýurtlaryň ministrleriniň we BMG-niň agentlikleriniň birnäçesiniň wekilleriniň mazmuna baý çykyşlaryň çäklerinde abraýly halkara guramalary we maliýe institutlary tarapyndan sebit hem-de halkara derejesinde milli ykdysadyýetleriň depginiň saklanylmagy üçin durmuşa geçirilýän hemmetaraplaýyn goldawlara giňişleýin syn berildi.

Ara alyp maslahatlaşmalaryň netijeleri boýunça halkara seminaryna gatnaşyjylar tarapyndan jemleýji Beýannama kabul edildi.

“Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” Hyzmatdaşlyk Forumynyň Sekretariatynyň Wekilleri Bilen Wideoaragatnaşyk Arkaly Mejlis Geçirildi

2020-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” Hyzmatdaşlyk forumynyň sekretariatynyň wekilleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly mejlis geçirildi.

Onlaýn görnüşinde geçen duşuşygyň işine Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy, Hyzmatdaşlyk forumynyň sekretariatynyň direktory hem-de Halkara söwdanyň Koreý assosiasiýasynyň wekilleri gatnaşdylar (KITA).

Gepleşikleri geçirmegiň maksady “Merkezi Aziýa – Koreýa Işewürler Geňeşi” atly taslamany durmuşa geçirmek we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Söwda-senagat edarlarynyň, Hyzmatdaşlyk forumynyň sekretariaty, şeýle hem Halkara söwdasynyň Koreý assosiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de berkitmekden ybarat bolup durýar.

ÝHHG Türkmenistanyň Serhetüsti Söwda we Üstaşyr Mümkinçilikleriniň Ösdürilmegine Ýardam Edýär

2020-nji ýylyň 27-nji maýynda demirýol we gara ýol ulaglarynyň üsti bilen daşalýan üstaşyr ýüklere serhet geçelgelerini ýeňilleşdirmek boýunça onlaýn okuw maslahaty başlandy. Okuw maslahaty Merkezi Aziýa sebitinde serhetüsti söwda we üstaşyr mümkinçilikleriniň ösdürilmegine aýratyn üns berilýän, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň “Türkmenistanda Döwlet serhet gullugynyň kuwwatyny güýçlendirmek” atly taslamasynyň çäklerinde bu Merkez tarapyndan gurnaldy.

Onlaýn okuw maslahatynyň maksady, gatnaşyjylary demirýol we gara ýollaryň üsti bilen daşalýan üstaşyr ýükleri üçin serhet geçelgesiniň howpsuzlygy, ilatyň saglygy, tehniki-ykdysady we ekologiki talaplary, şeýle hem ulag infrastrukturasyny kompýuterleşdirmek we sanly ulgama geçirmek bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy. Söwdany ösdürmek dersara çemeleşmäni talap edýändigi sebäpli, okuw maslahatyna dört sany döwlet edarasynyň wekilleri: Türkmenistanyň Döwlet Serhet, Gümrük we Migrasiýa gulluklarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýol gözegçiligi polisiýasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Sessiýanyň açylyşynda ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd: “Türkmenistan goňşy ýurtlar bilen aragatnaşygy ýeňilleşdirmäge we dürli sebit platformalary arkaly beýleki köp ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam edýän, täze iri göwrümli sebit infrastrukturasyny döretmek üçin yzygiderli tagalla edýär” – diýip belledi.

“Biz bu çäräni BMG-niň Baş Assambleýasynyň durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag we üstaşyr geçelgeleriniň ähmiýeti baradaky kararlarynda öz beýanyny tapan, kabul edýän ýurduň halkara multimodal üstaşyr geçelgelerini we durnukly ulagy ösdürmek baradaky başlangyçlaryny goldamak üçin gurnadyk”

Russiýa Federasiýasynyň halkara bilermeni we BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň, Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýadaky serhet dolandyryş Maksatnamasynyň, Halkara söwda merkeziniň, ÝHHG-niň Wenadaky sekretariatynyň, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň we Bütindünýä Gümruk Guramasynyň wekilleri serhet geçelgelerini ýeňilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň geriminiň üstünde durup geçdiler.

Bilermenler üstaşyr ýükleriň serhetlerden päsgelçiliksiz geçirilmegine ýardam etjek, serhet we gümrük amallaryny netijeli sazlaşdyrmak üçin tehnologiýalary işläp taýýarlamagyň we real wagtda maglumat alyş-çalşynyň möhümdigini bellediler. DIM

Degişli makalalar

Birža Täzelikleri

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

turkmenhabargullugy

Bildiriş (Daşary Ýurtlardaky Raýatlarymyzyň Ses Bermekligi Hakynda)

turkmenhabargullugy