01.03.2026
GÜNÜŇ WAKALARY

Palestina: Günbatar Kenarda ýerli geňeşlere saýlaw geçirilýär.

Şenbe güni Palestinanyň Günbatar Kenar regionynda ýerli geňeşlere saýlawlar geçirilýär. Bu geňeşlere dalaş edýänleriň aglabasy prezident Mahmud Abbasyň dolandyryjy “Fatah” partiýasynyň wekilleri. 

Palestinanyň Gaza sektorynda häkimiýeti elde saklaýan “Hamas” partiýasynyň tarapdarlary Günbatar Kenardaky bu saýlawlaryň baýkotirlenmegine çagyryş edýärler.

Günbatar Kenary dolandyryp gelýän prezident Mahmud Abbasyň ilat arasyndaky goldawy soňky wagtlar görnetin pese gaçdy. Munuň sebäbi bolsa onuň “Hamas” topary bilen özara dil tapmagy başarman gelýändigi bilen düşündirilýär.

Degişli makalalar

Magtymguly Pyragynyň we Döwletmämmet Azadynyň guburlaryna zyýarat

syrach

Türkmenistanyň Mejlisinde Duşuşyk Geçirildi

syrach

Prezidentiň kakasynyň adyna Medeniýet köşgi

syrach