27.9 C
Aşkabat
01.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Nebiti, Gazy we Mineral Serişdeleri

Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda, «Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» jemgyýetçilik-syýasy we ylmy-publisistik žurnalynyň nobatdaky sany  2016-njy ýylda üçünji sany çapdan çykdy.

Neşiriň täze sanynyň esasy temasy ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösmegi üçin güýçli itergi beren döwletiň taryhyndaky möhüm ähmiýetli waka bagyşlandy. «Beýik üstünliklere beslenen çärýek asyr» atly makalada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaşulularyň maslahatynda sözlän sözüne üns çekilýär. Şol çykyşynda döwlet Baştutany geçen ýyllarda maksatlaryň üstünlikli durmuşa geçirilendigi hakynda gürrüň berdi hem-de Watany ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürmek boýunça mundan beýläkki täze wezipeleri kesgitledi. Makalada şeýle hem Hytaýa, Eýrana gaz geçirijilerini, Günorta-Gündogar Aziýa sebitlerine gönükdirilen TOPH gaz geçirijisini gurmak boýunça iri taslamalary durmuşa geçirmekde döwletiň energiýa serişdelerini ibermegiň ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatynyň ähmiýeti bellenilip geçilýär.

Makalada bellenilişi ýaly, «garaşsyzlyk ýyllarynda ýurduň nebitgaz senagaty, onuň ösüşi we mümkinçilikleri düýpli özgerdildi. Dolandyryşyň iň öňdebaryjy usullarynyň, innowasion tehnologiýalary we oýlap tapyşlaryň ornaşdyrylmagy netijesinde ýokary önümçilik görkezijileri gazanyldy. Şonuň esasynda toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem täze tehnologiýalary we ýokary öndürijilikli enjamlary ornaşdyrmak arkaly nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar».

Žurnalyň aýratyn bir makalasy Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmeklige bagyşlandy. «Türkmengaz» we «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konsernleriniň gaz geçirijiniň türkmen böleginiň gurluşynda ýerine ýetiren işleri barada, TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça halkara maliýe institutlaryny we daşary ýurt maýadarlaryny çekmek boýunça Prezidentiň we Hökümetiň tagallalary barada gürrüň bermek bilen awtor tutuş sebitiň ýurtlarynyň durnukly ösmeginde möhüm orny eýelejek bu transmilli taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde türkmen tarapynyň wajyp ähmiýetine ünsi çekýär.

«Türkmenistanyň nebit senagatyny ösdürmegiň esasy ugurlary» atly makalada ýurtda «gara altynyň» çykarylýan möçberini mundan beýläk hem artdyrmak boýunça «Türkmennebit» döwlet konserniniň geçirýän toplumlaýyn işleri seljerilýär. Şu nukdaýnazardan, hereket edýän känlerde nebitiň çykarylyşyny intensifikasiýalaşdyrmagyň häzirki zaman usullaryna, şeýle hem täze ýataklaryň, geljegi uly meýdanlaryň we känleriň üstüni açmaga gönükdirilen çärelere seredilip geçilýär.

«Türkmenistanyň ekologiýa syýasaty» diýen makala ýurdumyzyň bu ulgamdaky adamzadyň abadanlygyna, hususan-da, Hazar basseýninde ekologik howpsuzlygy saklamaklyga gönükdirilen köpsanly halkara başlangyçlary bilen tanyşdyrýar.

Žurnalyň aýratyn alnan makalasynda Halkara nebit we gaz uniwersitetinde talyplaryň guramaçylykly okadylyşy hakynda gürrüň berilýär. Hususan-da, awtoryň belleýşi ýaly, bu ýokary okuw mekdebinde ýurduň nebitgaz pudagy üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak üçin ähli şertler döredilipdir.

Žurnalyň bu gezekki sanynda şeýle hem Garajowlak gaz kondensatly käniň öwrenilişi, Köýtendag sebitiniň dag-magdan pudagynyň häzirki ýagdaýy hakynda makalalar neşir edildi.

Degişli makalalar

Gadymy Merw Türki Dünýäsiniň Medeni Merkezi

syrach

Behişdi Bedewleriň Hormatyna Döredijilik Bäsleşigi

syrach

Prezidentimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi.

syrach