19.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Palestinanyň Türkmenistandaky Medeniýet Günleri Dostluk Konserti Bilen Tamamlandy

Palestinanyň Türkmenistandaky Medeniýet Günleri Dostluk Konserti Bilen Tamamlandy

Paýtagtymyzda Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde geçirilen iki ýurduň sungat ussatlarynyň konserti döredijilik çäresiniň jemleýji wakasyna öwrüldi.

Palestinanyň “Nawa” toparynyň, Türkmenistanyň döwlet horunyň, “Arçabil” deprekçiler toparynyň, belli türkmen bagşylarynyň we sazandalarynyň çykyşlary konsert maksatnamasyny düzdi. Oňa halk we estrada aýdymlarydyr sazlary, döredijilik çykyşlary girdi.

“Nawa” topary nusgawy sazlara esaslanan dürli öwüşginli çykyşlaryny ýerine ýetirdi. Bu topar öz döredijiliginde milli medeniýetiň we sungatyň gadymy däplerini dikeltmegi wezipe edip goýdylar. Myhmanlar türkmenistanlylary dürli nusgadaky sazlary bilen tanyşdyrdylar.

Iki ýurduň sazandalarynyň çykyşlary tomaşaçylar üçin hakyky sowgat boldy. Olar meşhur türkmen we palestin sazlaryny birleşdiren eserleri ýerine ýetirdiler. Hut şeýle gatnaşyklar halklara ýakynlaşmak üçin egsilmez mümkinçiliklere eýe bolan sungatyň täsin dünýäsini açmaga ýardam edýär.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Degişli makalalar

Lebap Welaýatynda Türkmen Bedewiniň Milli Baýramy Mynasybetli Geçirilen Çäreler

Awazada “Hazyna” Myhmanhanasynyň Guramaçylyk-Hukuk Görnüşi Üýtgediler

Türkmen Senagaty Durmuş Tehnikalarynyň Çykarylmagyny Özleşdirýär: Ýurdumyzyň Tozan Sorujylary we Elektrik Demojaklary Peýda Bolar