18.04.2026
DÜNÝÄ

Pan Gi Mun Ýemen Gepleşiklerine Gatnaşar

BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Mun 14-nji iýunda Ženewada geçiriljek Ýemen gepleşiklerine gatnaşar.
BMG-nyň merkezinde metbugata beýanat beren BMG-nyň metbugat geňeşçisi Ahmed Fewzi BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Munyň Ýemendäki çaknyşyklaryň bes edilmegi üçin ýekşenbe güni başlajak gepleşiklere gatnaşjakdygyny habar berdi.
Fewzi gepleşikleriň 17-nji iýuna çenli dowam etjekdigini nygtady.

Gepleşikleriň 28-nji maýda geçirilmegi meýilleşdirilýärdi emma gepleşiklere iki gün galanda yza süýşürlendigi habar berildi.

trtturkmen 

Degişli makalalar

Daşary Ýurtly Hyzmatdaşlar Bilen Nobatdaky Wideomaslahatlar we Duşuşyklar Geçirildi

Hoş habar-Täze Applikasiýa: Makul Sözlük

“Eni Turkmenistan Limited” Kompaniýasy Tenderi Yglan Edýar: 23.04.2020 – 08.05.2020

turkmenhabargullugy