21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Paýtagtymyzda Täze Desgalaryň Açylyş Dabarasy Boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak taslamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurlan energetika desgalarynyň toplumynyň hem-de ýurdumyz bilen köpden bäri hyzmatdaşlyk edýän dünýäde meşhur “General Electric” amerikan kompaniýasynyň okuw merkezli edara binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Mälim bolşy ýaly, uzakmöhletli geljegi nazara almak bilen Aşgabady ösdürmek meseleleri hemişe milli Liderimiziň üns merkezinde durýar. Şunda öňdebaryjy tehnologiýalary we täzeçil işläp taýýarlamalary işjeň ornaşdyrmak, eziz Watanymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin oňaýly şertleri döretmek paýtagtymyzy hem-de ýurdumyzyň ähli sebitlerini gurşap alan giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryny we taslamalaryny durmuşa geçirmekde esasy ugur bolup durýar. Halkara ölçeglerine laýyk gelýän hem-de şäherleriň we obalaryň doly derejeli durmuşyny üpjün edýän döwrebap inžener-tehniki düzümi döretmek möhüm meseledir. Energiýa üpjünçiligi bu düzümiň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň elektroenergetika pudagyny düýpli döwrebaplaşdyrmak we maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, onuň üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak boýunça maksadalaýyk işler alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz tarapyndan 2013-2020-nji ýyllar üçin niýetlenen degişli maksatnama tassyklanyldy. Onuň her bir tapgyry düzümleýin desgalaryň birnäçesiniň gurluşygyny öz içine alýar. Paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň okgunly ösüşini, ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň eksport kuwwatyny nazara almak bilen, ilkibaşdan ägirt uly kuwwatlyklar döredilýär. Pudaklaýyn maksatnamany durmuşa geçirmekde ekologiýa meselesine uly ähmiýet berilýändigi bellärliklidir.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň baý gorlaryna eýedigini, elektrik energiýasynyň bolsa dünýäde iň girdejili pudaklaryň biri bolup durýandygyny bellemelidiris. Şundan ugur alnyp, bu geljegi uly pudaga gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberi yzygiderli artýar. Häzirki wagtda türkmen energetika senagaty okgunly ösüş depgini görkezýär we dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan elektrik energiýasynyň eksportuny artdyrmaga ukyplydyr.

Bu ugurda amala aşyrylýan giň möçberli işleriň netijesinde soňky ýyllarda pudagyň düzümi gazturbinaly elektrik stansiýalarynyň birnäçesi, şol sanda Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynda gurlan, kuwwaty 149,2 MWt elektrik energiýasyna barabar bolan  desgalar, şeýle hem Mary welaýatynyň merkezinde gurlan, umumy kuwwaty 146,7 MWt elektrik energiýasyna barabar bolan elektrik stansiýalar bilen ýetirildi.  

Geçen ýyl Ahal welaýatynda kuwwaty 504,4 MWt bolan elektrik stansiýasy ulanmaga berildi. Ol milli Liderimiziň başlangyjy boýunça paýtagtymyzyň energiýa üpjünçiligini gowulandyrmak hem-de degişli düzümi doly täzelemek boýunça durmuşa geçirilýän taslamanyň çäklerinde Aşgabadyň töwereginde döredilýän energetika halkasynyň bölekleriniň biri bolup durýar. Mundan başga-da, ýokarda agzalyp geçilen Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň barşynda Ak bugdaý etrabynda, “Ahal” elektrik bekedinde umumy kuwwaty 393,9 MWt bolan täze energobloklaryň bäşisi işe girizildi. Şeýlelikde, onuň kuwwaty 254,2 MWt-den 648,1 MWt-a çenli artdyryldy. Şunuň bilen birlikde, ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamlar, podstansiýalar hem-de paýlaýjy ulgamlar guruldy. Şeýlelikde, Aşgabadyň elektrik üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän şähergurluşyk maksatnamasynyň netijesinde häzirki wagtda Aşgabat şäheri sebitiň we dünýäniň iň owadan hem-de ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriniň biri hökmünde ykrar edildi.

Ýurdumyzyň energetika düzümini döwrebaplaşdyrmak we onuň kuwwatyny artdyrmak  baradaky gürrüňi dowam edip, şu ýylyň tomsunda Lebap welaýatynyň Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrabynda kuwwaty 254 MWt bolan “Watan”  döwlet elektrik stansiýasynyň ulanmaga berlendigini ýatlatmalydyrys. Kuwwaty 432 megawat bolan ýene-de bir gazturbinaly elektrik stansiýasy Serdarabat etrabynda gurlar, “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen Ýaponiýanyň “Sumitomo Corporation”  kompaniýasynyň arasynda degişli şertnama baglaşyldy.

Bu desgalaryň ählisi “General Electric” amerikan kompaniýasynyň hem-de beýleki meşhur önüm öndürijileriň gazturbinaly enjamlary we tehnologiýalary bilen üpjün edildi.

Mary DES-iniň çäginde ýurdumyzda ilkinji utgaşdyrylan buggaz elektrik stansiýasynyň gurluşygyna badalga berilmegi ykdysadyýetimiziň bu strategiki  ulgamyň öňünde durýan wezipeleri netijeli çözmäge, ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir. Bu desganyň kuwwaty 1574 MWt bolar.

12,6 milliard kilowat sagat elektrik energiýasyny öndürmäge niýetlenen stansiýa iň döwrebap inžener-tehniki işläp taýýarlamalara degişlidir. Türkmenistanda ozal gurlan beýleki DES-lerden tapawutlylykda, bu ýerde ýangyç hökmünde diňe bir tebigy gaz däl, eýsem, bug hem ulanylar. Degişlilikde, “General Electric” kompaniýasynyň 4 sany gaz we 2 sany bug turbinalary ornaşdyrylar. Şunuň netijesinde elektrik stansiýasynyň peýdaly täsir koeffisenti 1,5 esseden gowrak ýokarlanar. Mundan başga-da, ýangyç hökmünde ulanylýan tebigy gazyň sarp edilişi ep-esli azaldylar. Buggaz elektrik stansiýalary diňe bir ykdysady taýdan däl, eýsem, ekologiýa babatda hem özüne çekijidir, çünki, atmosfera zyňylýan galyndylar 2-3 esse azalýar.

…Irden hormatly Prezidentimiz täze açyljak desga  ýurdumyzyň Energetika ministrliginiň  “Aşgabatenergo” önümçilik birleşiginiň “Paýtagt”  dolandyryş merkezine tarap ugrady. Şanly waka mynasybetli bu ýere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyňy ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, ýurdumyzda işleýän daşary ýurt wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtly işewürler ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylaryň arasynda jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de giň jemgyýetçiligiň wekilleri bar.

Ýygnananlaryň ählisi döwlet Baştutanymyzy mähirli gutlaýarlar.  Milli lybasly gyzlar hormatly Prezidentimize ajaýyp gül desselerini gowşurdylar.

Täze desganyň öňündäki meýdançada sungat ussatlarynyň köpöwüşginli çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Olar eziz Watanymyzy hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan beýik işlerini wasp edýän joşgunly aýdym-sazly, tansly çykyşlary  ýerine ýetirdiler. Sungat ussatlary  döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzy wasp etdiler.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, ýörite gurnalan münbere geçdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, şu gün  Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramynyň öňýanynda Energetika ministrliginiň «Aşgabatenergo» önümçilik birleşiginiň «Paýtagt» dolandyryş merkeziniň dabaraly açylýandygyny belledi.

Biz Garaşsyz döwletimizi senagat taýdan ösen ýurda öwürmegi öňümizde belent wezipe edip goýduk. Energetika pudagy bolsa, ýurdy senagat taýdan ösdürmegiň esasy bolup durýar. Şoňa görä-de, «Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 20132020-nji ýyllar üçin konsepsiýasyny» kabul etdik diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Konsepsiýa laýyklykda, 2020-nji ýyla çenli ýurdumyzyň welaýatlarynda 14 sany gaz turbinaly elektrik stansiýasyny, elektrik geçiriji ulgamlary we paýlaýjy beketleri gurmak göz öňünde tutulýar. Häzire çenli Ahal, Lebap we  Mary  welaýatlarynda elektrik stansiýalarynyň 6-sy gurlup, ulanmaga berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde hem utgaşykly dolanyşykda  işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň ýokary depginler bilen alnyp barylýandygyny belledi.

Geçirilýän bu işler ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmäge mümkinçilik berýär.  Biz özümizden artýan elektrik  energiýasyny goňşy döwletler bolan  Owganystana we Eýrana hem iberýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Türkmenistanyň geljekde onuň iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi hem-de möçberlerini artdyrmagy maksat edinýändigini belledi.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň dekabr aýynda Türkmenistan  Owganystan  Pakistan  Hindistan gaz geçirijisiniň    ýurdumyzyň çäginden geçýän böleginiň gurluşygyna badalga berildi. Bu gaz    geçiriji bilen ugurdaş ýokary woltly elektrik ulgamyny gurmak hem göz öňünde tutulýar. Bu bolsa, biziň energetika syýasatymyzyň üstünlikli durmuşa  geçirilýändigini aýdyň tassyklaýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Türkmen paýtagtynyň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak boýunça hem köp işler edilýär. 2012-2014-nji ýyllarda kabul edilen kararlara laýyklykda, Aşgabat şäherinde 3 tapgyrda birnäçe energetika desgasy gurlup, ulanmaga berildi. Bu desgalar elektrik energiýasyny gyradeň paýlamagy, onuň güýjenmesini we ýygylyk derejesini kadaly saklamagy üpjün edýär diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Şu gün açylyp, ulanmaga berilýän «Paýtagt» dolandyryş merkezinde ýokary tehnologiýaly enjamlar oturdyldy. Bu bolsa, tutuş şäheriň energiýa ulgamynyň işleýşine gözegçilik etmäge, elektrik energiýasyny netijeli ulanmaga mümkinçilik berer.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň, şeýle hem Aşgabat şäheriniň energiýa üpjünçilik ulgamlarynyň, şol sanda  «Paýtagt» dolandyryş merkeziniň gurluşygyna işjeň gatnaşandyklary üçin «Çalyk Enerji» türk kompaniýasynyň  ýolbaşçylaryna  we hünärmenlerine, türkmen energiýa  gurluşykçylaryna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiz  elektrik energetikasy pudagynyň işgärleriniň şu döwrebap desgalary netijeli ulanyp, öz öňlerinde duran wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirjekdiklerine berk ynam bildirdi.

Sözüniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň ählisini Garaşsyzlygymyzyň ýetip gelýän 25 ýyllyk şanly baýramy, şeýle hem Aşgabadyň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligini   gowulandyrmakda uly ähmiýeti boljak «Paýtagt» dolandyryş merkeziniň açylyp, ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra dabara gatnaşýan bütin dünýäde meşhur „General Electric Power“  amerikan kompaniýasynyň Ýewropa ýurtlary, Russiýa, GDA döwletleri we Türkiýe boýunça täjirçilik wise-prezidenti jenap Rikardo Kordoba söz berildi. Işewüriň belleýşi ýaly, ol dürli görnüşli elektrik beketleriniň açylyş dabaralarynyň köpüsine gatnaşdy. Myhman şu gün özüne Türkmenistanda elektrik energetikasy düzüminiň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam etjek toplumy ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşmak mümkinçiliginiň döredilendigini aýtdy. Türkmen paýtagtyny energiýa bilen ygtybarly üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegi Türkmenistanyň  Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň üstünlige eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär.

Jenap Rikardo Kordobanyň nygtaýşy ýaly, Aşgabatda gurlan täze döwrebap dolandyryş merkezi türkmen Lideriniň durmuşa geçirýän oňyn özgertmeler strategiýasynyň aýdyň netijesi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda,  „General Electric“  kompaniýasynyň ýurdumyzda 20 ýyldan gowrak bäri işleýändigi bellenildi. Türkmenistanyň elektrik beketlerinde gaz turbinalarynyň 37-si ornaşdyryldy.

Işewür „General Electric“  kompaniýasynyň mundan beýläk hem gurulýan desgalarda  iň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrjakdygyna döwlet Baştutanymyzy ynandyryp, häzirki wagtda amerikan kompaniýasynyň özüniň hyzmatdaşy bolan „Çalyk Enerji“ türk kompaniýasy bilen bilelikde Maryda uly utgaşdyrylan elektrik stansiýasyny gurýandygyny belledi. Bu elektrik stansiýasynyň  sebitde deňi-taýy ýokdur.

Myhman „General Electric“  kompaniýasynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça   başyny başlan uzakmöhletleýin maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşmak üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy. Jenap Rikardo Kordobanyň nygtaýşy ýaly, ol her gezek ýurdumyza gelende, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýan Türkmenistanyň haýran galdyryjy üstünlikleriniň şaýady bolmak mümkinçiligine buýsanýar.

Soňra „Çalyk Enerji“  kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalyk çykyş etdi. Işewür ýurdumyzda iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek hem-de daşary ýurt maýa goýumlaryny höweslendirmek üçin iň amatly şertleriň döredilendigini belläp, milli Liderimize bu ugurda goldaw berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda energetika düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän yzygiderli çäreler elektrik energiýasynyň önümçiliginiň artmagyny hem-de pudagyň eksport kuwwatynyň ýokarlandyrylmagyny şertlendirýär. Şunuň bilen baglylykda, „Çalyk Enerji“ kompaniýasynyň ýolbaşçysy Aşgabat şäheriniň elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmekde uly ähmiýete eýe bolan desgalar toplumynyň gurluşygynyň döwlet Baştutanymyzyň uly üns bermeginde amala aşyrylandygyny nygtady.

Işewür 2013-2020-nji ýyllar üçin niýetlenen pudaklaýyn Konsepsiýanyň çäklerinde durmuşa geçirilen bu taslamanyň ak mermerli türkmen paýtagtynyň energiýa üpjünçilik derejesini ep-esli ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigine hem-de Türkmenistanyň energetika pudagyny ösdürmäge mynasyp goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi inžener-tehniki ulgamy, hususan-da, öňdebaryjy tehnologiýalary, şol sanda „SCADA“  dolandyryş ulgamyny ornaşdyrmak arkaly Aşgabadyň elektrik energetika düzümini döwrebaplaşdyrmakda möhüm tapgyr boldy.

Türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda  dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen üpjün edilen energetik desgalarynyň toplumyny açmak we işe girizmek dabarasyna gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtap,  milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür we ýurdumyzyň hem-de halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň möçberli işlerinde täze ajaýyp üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Aşgabat şäheriniň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligini gowulandyrmak maksadynda gurlan desgalar toplumynyň taslamasy üçin Türkmenistana  berlen şahadatnamalary gowşurmak dabarasy boldy.

Ilki bilen Fransiýanyň Bordo uniwersitetiniň ylmy barlaglar boýunça müdiri professor, doktor Anni Sasko söz berildi.

Myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyza gelip görmek baradaky çakylygy hem-de myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, şu günki dabara gatnaşmagyň hem-de türkmen Lideriniň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň şaýady bolmagyň uly hormatdygyny belledi. Pursatdan peýdalanyp, hanym Anni Sasko döwlet Baştutanymyzy we ähli türkmen halkyny ýetip gelýän baýram-Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy bilen gutlady.

Bellenilişi ýaly, energiýanyň tagşytly ulanylmagy hem-de önümçilikde maddy çykdajylaryň azaldylmagy häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Könelen düzüm ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň sagdyn we durnukly ösüşi üçin zerur şertleri üpjün edip bilmeýär. Şunuň bilen baglylykda, energiýa ulgamynyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagy hem-de energiýanyň dikeldilýän çeşmeleriniň ulanylmagy netijesinde Türkmenistanyň tutuş sebit üçin görelde alarlyk ýurda öwrülendigi nygtaldy.

Uzakmöhletleýin geljekde munuň özi ýakylýan ýangyjyň möçberleriniň azalmagy we „bug täsiriniň“ peselmegi netijesinde halkymyzyň saglygyny hem-de daşky gurşawy goramaga ýardam eder. Bu ugurda geçirilýän işler ýakyn geljekde energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder, zyýanly we hapalaýjy maddalaryň howa hem-de suwa aralaşmagynyň derejesini peselder we uglerodyň möçberiniň az bolmagyny üpjün eder.

Hanym Anni Saskonyň habar berşi ýaly,  Ekologiýa howpsuzlyk guramasy „Çalyk Enerji“ kompaniýasynyň ýurduň halkynyň bähbidine bug gazlarynyň we ýangyç galyndylarynyň möçberlerini azaltmak boýunça borçnamalarynyň çäklerinde Türkmenistanyň Energetika ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda degişli taslama hem-de geçirilen işler üçin „Jemgyýetiň saglygyny we daşky gurşawy goramagyň durnuklylygynyň möhrüni gowşurýar“. Biz türkmen Lideriniň yglan eden „Döwlet adam üçindir!“  diýen şygarynyň dabaralanmasynyň şaýatlary bolýarys diýip, myhman nygtady we türkmen tarapynyň wekiline ABŞ-nyň „Trust“ ekologiýa howpsuzlyk guramasynyň „Daşky gurşawa oňaýly täsir edýän taslama üçin“ şahadatnamasyny gowşurdy.

Soňra Lihtenşteýniň Ykdysadyýet ministrliginiň uly geňeşçisi, dosent Atilla Dinçer çykyş etdi. Myhman ýurdumyzda bolup görmäge hem-de ajaýyp türkmen halky bilen tanyşmaga örän şatdygyny nygtap, döwlet Baştutanymyza Türkmenistana gelmäge döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Lihtenşteýniň uniwersiteti türkmen paýtagtynyň energetika ulgamynyň ygtybarlylygyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen taslama uly gyzyklanma bildirýär. Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary üçin onuň ägirt uly ähmiýete eýediginiň bardygy bilen baglylykda, Türkmenistana    „Ygtybarly we üznüksiz  energiýa üpjünçiligi üçin“  şahadatnamany gowşurmak barada çözgüt kabul edildi.

Myhman şeýle hem ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryna, şol sanda energiýa howpsuzlygyny, energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegini üpjün etmäge degişli başlangyçlaryna ýokary baha berdi.  Şol başlangyçlar bolsa dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp boldy.

Jenap Atilla Dinçer milli Liderimiz  Gurbanguly Berdimuhamedowy türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga ýardam etjek taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen gutlap, türkmen tarapynyň wekiline Lihtenşteýn uniwersitetiniň ýokarda agzalan şahadatnamasyny gowşurdy.

Soňra Ýewropanyň Halkara gatnaşyklary gaznasynyň başlygy, Awstriýanyň Energetika institutynyň wekili  professor Leopold Kaýblingere söz berildi.

Myhman döwlet Baştutanymyza şu günki dabara gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Awstriýany we Türkmenistany Bitaraplyk derejesiniň birleşdirýändigini belledi. Şu dereje mynasybetli ýurtlaryň ikisinde hem degişlilikde 26-njy oktýabrda we 12-nji dekabrda milli baýramçylyk bellenilýär. Jenap Leopold Kaýblinger bular barada aýtmak bilen, pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we ýygnananlaryň ählisini Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy bilen gutlady.

Nygtalyşy ýaly, energiýa adamyň durmuşynda hem-de daşky gurşawy goramak ulgamynda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, myhman milli Liderimize bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi mynasybetli çuňňur hoşallyk bildirdi. Bu giň möçberli taslama türkmen halkyna abadançylyk getirer hem-de ilatyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna ýardam eder. Türkmen paýtagtynda gurlan desgalar toplumy elektrik energiýasynyň ýokary hilli we bökdençsiz berilmegine hem-de onuň möçberleriniň artdyrylmagyna ýardam etmäge gönükdirilendir.

Jenap Leopold Kaýblinger Aşgabadyň energetika ulgamynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak taslamasynyň Awstriýanyň Energetika institutynyň  „Energetika netijeliligi üçin“  şahadatnamasyna mynasyp bolandygyny habar berip, bu resminamany hem-de Ýewropanyň Halkara gatnaşyklary gaznasynyň „Energetika durnuklylygy üçin“  şahadatnamasyny gowşurdy.  

Dabaraly pursat gelip ýetýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmasy astynda toý bagyny kesýär hem-de „Aşgabatenergo“  önümçilik birleşiginiň „Paýtagt“  dolandyryş merkezine barýar. Bu ýerde hünärmen döwlet Baştutanymyzy täze düzümleýin desganyň enjamlaşdyrylyşy, onuň işiniň aýratynlygy hem-de tehnologiýasy bilen tanyşdyrýar.

Paýtagtymyzyň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak boýunça taslamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurlan dolandyryş merkezinde iň döwrebap ýokary tehnologiýaly enjamlar ornaşdyryldy we işgärleriň üstünlikli işlemegi üçin ähli zerur şertler döredildi. Merkeziň binagärlik taýdan özboluşly bolan iki gatly binasy Parahat-6 ýaşaýyş jaý toplumynda ýerleşýär. Binanyň birinji gatynda dolandyryş nokady ýerleşýär. Şol ýerden Aşgabadyň tutuş energoulgamy dolandyrylýar. Ol bu ýerde ornaşdyrylan uly monitorda görkezilýär. Ähli zerur bolan maglumatlar hem-de wideoşekiller bu ýere optiki-süýümli kabeller arkaly geçirilýär.

Bu dolandyryş merkeziniň artykmaçlyklarynyň biri enjamlary hem-de elektrik geçiriji ulgamlary aralykdan işe girizmek we işini togtatmak mümkinçiligi bilen baglanyşyklydyr. Alnan maglumatlary seljermegiň esasynda işi dowam etmek ýa-da zerur bolan öňüni alyş hem-de abatlaýyş çärelerini geçirmek barada çözgüt kabul edilýär.

Binanyň ikinji gatynda selektor otagy, işgärleriň dynç alyş we beýleki otaglary ýerleşýär. Täze dolandyryş merkezi paýtagtymyzyň energiýa üpjünçiliginiň kämilleşdirilen düzüminiň bir bölegi hem-de şol bir wagtyň özünde ahyrky we dolandyryş ulgamy bolup durýar. Onuň aýratynlyklarynyň ýene biri Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Merkezi dolandyryş ulgamy bilen  bir wagtda işlemek mümkinçiligi bilen baglydyr.

Bu merkeziň ulanmaga berilmegi paýtagtymyzyň elektrik energoulgamynyň kadaly işleýşine gözegçilik etmäge, elektrik energiýasynyň akymlaryny netijeli ugrukdyrmaga, elektrik energiýasynyň güýjenmesini we ýygylygyny sazlamaga,  zerur bolan halatynda elektrik enjamlarynyň abatlaýyşa çykarylmagy üçin görkezmeleri bermäge hem-de elektrik stansiýalarynyň we ulgamlarynyň kadaly işiniň tertibini düzmäge mümkinçilik berer.

Aşgabat şäheriniň energo üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmagyň taslamasy barada aýdylanda bolsa, hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda onuň üç tapgyrda amala aşyrylýandygyny bellemelidiris. Onuň buýrujysy Aşgabat şäheriniň häkimligi, potratçysy bolsa meşhur „Çalyk Enerji“  türk kompaniýasy bolup durýar.

Bu taslamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde döwrebap elektrik beketleriniň onlarçasy, şol sanda 220 kilowolt elektrik beketleriniň 5-si, 110 kilowolt elektrik beketleriniň 22-si, 35 kilowolt elektrik beketleriniň 29-sy, şeýle hem 10 kilowolt transformator we elektrik energiýasyny paýlaýjy beketleriň 140-sy guruldy.

Mundan başga-da, täze düzümleýin desgalary paýtagtymyzyň hereket edýän energiýa ulgamyna birleşdirmek üçin howa we kabel elektrik geçiriji ulgamlary çekildi. Olaryň umumy uzynlygy degişlilikde 83,2 we 785,1 kilometre barabardyr.

Aşgabatda täze gurlan elektrik  beketlerinde elektrik stansiýalaryndan alynýan elektrik energiýanyň sarp edilişiniň kuwwatyna baglylykda sarp edijilere ugradylýar. Olaryň ählisi beýleki energiýa desgalary bilen birlikde, ýurdumyzyň baş şäheriniň energiýa üpjünçiliginiň bitewi ulgamynyň bölekleri bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, 220 kilowolt elektrik beketleriniň 5-si ��” „Aşgabat DES“, „Dagly“, „Olimp“, „Abadan DES“ we “Gurtly“ beketleri barada durup geçeris. Bu beketleriň adyndan belli bolşy ýaly, olar paýtagtymyzy ähli tarapdan gurşap alýar. Paýtagtymyzyň günorta böleginde ýerleşen beketleriň birinjisi Aşgabat döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde elektrik energiýasyny paýtagtymyzyň merkezindäki sarp edijilere iberýär. Şol ugurda Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň binalary, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ýaşaýyş jaý toplumlary we Parahat-7 ýaşaýyş toplumy, beýleki maksatly desgalar ýerleşýär.

„Dagly“  elektrik bekedi hem Aşgabadyň günorta böleginde ýerleşýär. Şol ýerde ýurdumyzyň baş şäheriniň täze dolandyryş-işewürlik we medeni merkezi döredilýär. Munuň özi bolsa, öz nobatynda, elektrik energiýasynyň sarp edilýän möçberleriniň artmagyny şertlendirdi. Ol köpsanly ajaýyp binalary hem-de desgalary edara binalaryny, has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlaryny hem-de paýtagtymyzyň telediňini elektrik energiýasy bilen üpjün edýär.

„Olimp“ elektrik bekedi Olimpiýa şäherjiginiň günbatar böleginde ýerleşýär. Bu ýerde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçirilýär. Bu beket şeýle hem uly sport toplumynyň energiýa üpjünçiligi üçin ätiýaçlyk çeşmesi bolup durýar.

Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynda gurlan „Abadan DES“  elektrik bekedi şu etrabyň, şeýle hem Ruhabat etrabynyň we  Bagtyýarlyk etrabynyň bir böleginiň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen üpjün edýär. Şol beketden „Gurtly“ elektrik bekedine çenli 220 kW basyşly howa elektrik geçiriji ulgamy çekildi. Munuň özi „Abadan DES“ elektrik bekediniň paýtagtymyzyň demirgazyk-günbatar bölegini elektrik energiýasy bilen üpjün edýändigini aňladýar.

„Gurtly“  elektrik bekedi şäheriň demirgazygynda ýerleşýär hem-de ulgamlaýyn beket, ýagny, Ahal we Balkan welaýatlarynyň arasyndaky bitewi energiýa ulgamynyň baglaşdyryjy bölegi bolup durýar. Şol bir wagtyň özünde ol paýtagtymyzyň sarp edijileriniň bir bölegini, şol sanda Köşi şäherçesiniň täze ýaşaýyş toplumyny we beýlekileri elektrik energiýasy bilen üpjün edýär.

110 kilowoltly elektrik beketleri hem Aşgabadyň energiýa üpjünçiliginiň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bu ýerde 220 kilowoltly elektrik bekedinden gelip gowuşýan elektrik energiýasy üýtgedilýär we soňra 35 kilowoltly elektrik bekedine iberilýär. Şeýlelikde, elektrik energiýasy sarp edijilere ýetýänçä, uzyn we çylşyrymly ýoly geçmeli bolýar.

Elektrik beketleriniň ählisi „General Electric“, „Schneider Electric“, „Siemens“, „Alstom“ ýaly dünýäde meşhur kompaniýalaryň ýöriteleşdirilen döwrebap  enjamlary hem-de tehnologiýalary, şol sanda wideogözegçilik we elektrik hasaplaýjy ulgamlar bilen üpjün edildi. Bu taslamalar täze desgalaryň ak mermerli Aşgabadyň binagärlik keşbi bilen aýratyn sazlaşyk döretmegi nazara alnyp taýýarlanyldy hem-de durmuşa geçirildi.      

Bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, paýtagtymyzyň dürli künjeklerinde gurlan täze elektrik beketleriniň hereket edýän ulgamlaryna goşulmak üçin niýetlenen kabel elektrik geçiriji ulgamlar barada hem aýtman geçmek bolmaz. Olar ýörite kommunikasion geçelgeler arkaly çekildi. Munuň özi olary aýawly saklamaga, gurluşyk işleri geçirilende mehaniki näsazlyklaryň öňüni almaga hem-de elektrik ulgamlarynyň abatlaýyş işlerini ýokary hilli geçirmäge ýardam edýär. Täze kabel elektrik geçiriji ulgamlaryň çekilmegi hereket edýän howa elektrik geçirijilerini söküp aýyrmaga we şunuň netijesinde şäheriň binagärlik keşbini has-da gowulandyrmaga mümkinçilik berdi. Bu işlerde hem dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň degişli önümleri ulanyldy.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň „Türkmenenergo“  döwlet korporasiýasynyň Merkezi dolandyryş gullugy döwrebaplaşdyryldy. Onuň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy ýurdumyzyň energiýa ulgamyna doly gözegçilik etmäge hem-de ýörite elektron tablolarynda şekilli maglumatlary almaga mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiz täze desganyň aýratynlyklary, enjamlaşdyrylyşy hem-de tehnologik meseleleri bilen içgin tanşyp, hünärmeniň haýyşy boýunça  „Paýtagt“  dolandyryş merkezini işe girizýär we bu ýerde ornaşdyrylan enjamyň kömegi bilen elektrik energiýasynyň ulgama berlişine syn edýär.

Ägirt uly monitorlarda türkmen paýtagtynyň energetika kartasy peýda bolýar, şeýle hem bir wagtyň özünde Merkezi dispetçerçilik dolandyryş merkezinden, „Dagly“, „Olimp“ we „Nowruz“ elektrik beketlerinden wideomaslahat görnüşinde   göni aragatnaşyk ýola goýulýar.

Ilkinji bolup aragatnaşyga çykan Energetika ministrliginiň merkezi  dolandyryş ulgamynyň hünärmeni A.Annamyradow milli Liderimiziň ýadawsyz aladasy netijesinde bu düzümiň doly döwrebaplaşdyrylandygyny nygtady.

Dolandyryş merkeziniň ýurdumyzyň energiýa ulgamyna gözegçiligi amala aşyrýandygy hem-de şu gün dabaraly ýagdaýda açylan „Paýtagt“  dolandyryş merkezi bilen bilelikde işlejekdigi bellenildi.

Hünärmen döwlet Baştutanymyza şeýle döwrebap desganyň gurlandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, elektrik energiýasynyň „Paýtagt“  dolandyryş merkezinden ýurdumyzyň umumy energiýa ulgamyna gelip gowuşýandygyny habar berdi.

Soňra wideoaragatnaşyga „Dagly“ transformator podstansiýasynyň nobatçysy N.Çaryýew çykdy. Ol hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilen taslamanyň netijesinde, Aşgabatda täze energetika desgalarynyň birnäçesiniň, şol sanda transformator podstansiýalarynyň onlarçasynyň gurlandygyny, munuň bolsa şäheriň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ep-esli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berjekdigini nygtady.

Hünärmen milli Liderimize elektroenergetika pudagyny ösdürmäge, onuň kuwwatyny artdyrmaga yzygiderli üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, „Paýtagt“  dolandyryş merkezinden elektrik energiýasynyň gelendigini habar berdi.

Wideoaragatnaşygyň ahyrynda çykyş edenler döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür we ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň hem-de halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde täze ajaýyp üstünlikleri arzuw etdiler.    

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar, şol sanda Türkmenistanda işleýän diplomatik  wekilhanalaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde Aşgabatda elektrik energiýasynyň bökdençsiz berilmegini üpjün edýän energetika desgalarynyň makedi bilen tanyşdy.

Bu hem-de beýleki täze energetika desgalarynyň gurulmagy we işe girizilmegi paýtagtymyzyň töwereginde energiýa halkasyny döretmäge hem-de Aşgabadyň energiýa üpjünçiliginiň hilini ýokarlandyrmaga, tutuş şäher boýunça elektrik energiýasynyň akymlaryny gyradeň paýlamaga, paýtagtymyzyň energiýa ulgamynyň bökdençsiz we netijeli işlemegini hem-de degişli gözegçiligi amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi şeýle hem elektrik energiýasy sarp edijilere iberilende, onuň ýitgisini azaltmaga mümkinçilik berýär, diýmek, energiýa serişdeleriniň rejeli ulanylmagyna, energetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly,  Türkmenistan  Owganystan Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyna badalga berlenden bäri köp wagt geçenok. Şu transmilli gaz geçirijisi bilen bilelikde elektrik geçiriji ulgam çekiler. Ol owgan welaýatlaryna, şeýle hem biziň meýilnamalarymyza laýyklykda, goňşy döwletlere elektrik energiýasynyň ygtybarly iberilmegini üpjün eder. Munuň özi bu ýurtlarda senagat kuwwatynyň artdyrylmagyny, täze iş orunlarynyň döremegini höweslendirer, diýmek, tutuş sebitleriň halklarynyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam eder diýip, milli Liderimiz aýtdy.

 „Paýtagt“  dolandyryş merkezini gözden geçirenden soň, hormatly Prezidentimiz bu şanly waka mynasybetli Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlar bilen hoşlaşyp, elektroenergetika pudagynyň işgärlerine üstünlikler arzuw edip, beýleki bir täze desganyň açylýan ýerine ugrady.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy Aşgabatda gurlan „General Electric“ kompaniýasynyň edara binasyna ugraýar, şol ýerde milli Liderimizi dabara gatnaşyjylar mähirli garşylaýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow binanyň içine girip, onuň abadanlaşdyrylyşy we bu ýerde işlemek üçin döredilen şertler bilen tanyşýar. Ýokarda bellenilişi ýaly, „General Electric“  möhüm energiýa taslamalaryny durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň uzakmöhletli hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda gurlan we ulanmaga berlen elektrik beketleriniň we beýleki energiýa desgalarynyň birnäçesi, şol sanda paýtagtymyzdaky täze transformator podstansiýalary şu kompaniýanyň öndüren kuwwatly gazturbina desgalary we enjamlary bilen üpjün edildi.

„General Electric“  kompaniýasynyň Aşgabatdaky edara binasy iň täze enjamlar bilen enjamlaşdyryldy, onuň düzüminde okuw merkezi hem göz öňünde tutuldy. Binanyň okuw otaglarynyň birinde döwrebap tehnologiýalara laýyklykda, göni wideoaragatnaşyk ýagdaýynda ýurdumyzyň iri  täze gurluşyklarynda işleriň ýagdaýy bilen tanyşmak bolýar. Şol desgalaryň hatarynda Türkmenbaşy şäherindäki täze Halkara deňiz porty, Garabogazda gurulýan, karbamid öndürýän zawod, Mary DES-iniň çäginde gurulýan utgaşdyrylan buggaz elektrik stansiýasy we beýlekiler bar.

Bu ýerde otaglaryň birinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu energetika taslamasyna gatnaşyjylar hem-de hökümet agzalary bilen iş duşuşygyny geçirildi. Döwlet Baştutanymyz  „General Electric Power“ kompaniýasynyň wise-prezidentini dünýäde meşhur amerikan kompaniýasynyň edara binasynyň we okuw merkeziniň açylmagy bilen ýene-de bir gezek gutlap, goňşy döwletleriň energiýa ulgamyndaky gatnaşyklaryny ösdürmek babatda olaryň sebitleýin ähmiýetini belledi.

Energetika ulgamynda Halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda Türkmenistanyň artýan eksport mümkinçiliklerini nazara almak bilen, pudagy 2013-2020-nji ýyllarda ösdürmegiň maksatnamasyny yzygiderli durmuşa geçirmäge laýyklykda, geljekde edilmeli işler barada aýdyldy.  

„General Electric“ kompaniýasynyň wise-prezidentiniň belleýşi ýaly, kompaniýanyň Aşgabatdaky edarasynyň işgärleri öz hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge, şol sanda döwrebap ylmy esasda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça wezipeleri çözmäge örän jogapkärli çemeleşer. Täze okuw merkezi bu wezipeleri çözmäge ýardam eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow merkezde okaýan hünärmenleriň iň täze tehnologiýalary özleşdirmekleri üçin öňdebaryjy tejribäni öwrenmegiň wajypdygyny nygtap, myhmanlara ýüzlenmek bilen, ýurdumyzda ylym ulgamynyň ýokary halkara ölçeglerine laýyklykda okgunly ösüşe eýe bolandygyny belledi. Türkmenistanyň bu ulgamda baý kuwwatyna göz ýetirmek üçin daşary ýurtly hyzmatdaşlar paýtagtymyzda gurlan Tehnologiýa merkeziniň işi, şeýle hem milli saglygy goraýyş ulgamynyň we ylmyň beýleki pudaklarynyň ösüş derejesi bilen tanşyp bilerler.

Milli Liderimiz Türkmenistanda elektrik energiýasynyň önümçiliginiň ýokary görkezijiler bilen häsiýetlendirilýändigini aýdyp, munuň ýurdumyz üçin aňryçäk däldigini belledi. Geljekde bu ulgamyň uly mümkinçiliklerini we onuň ekologiýa meselelerini nazara almak bilen, energiýanyň alternatiw çeşmelerini ösdürmegiň ugurlaryny kesgitlemäge uly üns berler. Döwlet Baştutanymyz döwrebap ylmyň we tehnologiýalaryň ekologiýa meseleleri bilen berk baglanyşyklydygyny nygtap, şu babatda „Awaza“ milli syýahatçylyk zolagynda, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda geçirilýän işler, suw arassalaýjy we suw tygşytlaýjy desgalaryň artykmaçlyklary barada gürrüň berdi.

Hormatly Prezidentimiz bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, Hazaryň kenarynda okgunly ösýän şypahananyň çäginde Awaza derýasynyň çekilmeginiň bu ýerde amatly howa ýagdaýynyň emele gelmegine ýardam edendigini belledi. Şol howa bolsa adamlaryň saglygyny pugtalandyrmak we olaryň göwnejaý dynç almagyny üpjün etmek üçin örän amatlydyr. Bu ýerde türkmen topragynyň dürli künjekleriniň täsin tebigy ulgamlary sazlaşdyryldy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan gurak howaly ýurt bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we şu babatda Garagumuň jümmüşinde „Altyn asyr“ Türkmen kölüniň döredilmegi boýunça giň möçberli taslamanyň durmuşa geçirilişine ünsi çekdi. Bu köle ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlaryndan zeý suwlar akdyrylýar. Çölüň içinden çekilen zeýkeşleriň ugrunda suwy duzdan arassalaýan ösümlikler ekilýär. Munuň özi çölüň ösümlik dünýäsine, iň esasysy bolsa, tutuş sebitiň ekologiýasyna oňyn täsir edýär.        

Soňra döwlet Baştutanymyz binanyň aşaky gatynda ýerleşen okuw merkezine baryp gördi, şol ýerde „Türkmenenergo“ döwlet korporasiýasynyň inženerler topary üçin gaz we bug turbinaly elektrik stansiýalary boýunça okuwlar guraldy. Okuwlary „General Electric“ kompaniýasynyň işgärleri taýýarlamak boýunça esasy hünärmeni Tomas Uolş geçirýär.

Bu ýerde „General Electric Power“ kompaniýasynyň wise-prezidenti Rikardo Kordoba döwlet Baştutanymyzyň  Mary elektrik stansiýasynyň düýbüni tutmak dabarasynyň barşynda beren tabşyryklaryna laýyklykda, türkmen hünärmenlerine öňdebaryjy tehnologiýalary okatmak boýunça zerur çäreleriň görlendigini habar berdi.

Giň köpçüligi zerur bolan tehniki maglumatlar bilen tanyşdyrmak maksady bilen, döwlet Energetika institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyplaryň gatnaşmagynda trenažýorlary ulanmak arkaly degişli işleriň esaslaryny öwrenmek boýunça okuwlary geçirmek kararyna gelindi. 2015-nji ýylda bu ýokary okuw mekdebinde 30 adamdan ybarat topar üçin birinji okuw, 2016-njy ýylda bolsa ikinji okuw geçirildi. Okuwa gatnaşanlaryň esasy bölegi institutyň professor-mugallymlar düzüminiň wekillerinden we talyplardan ybarat boldy. Şunuň bilen baglylykda, şeýle okuwlaryň guralmagynyň has köp adamy, mysal üçin, talyplary we ýaş inženerleri gurşap almaga mümkinçilik berýändigi bellenildi.

Mundan başga-da, „Çalyk Enerji“  kompaniýasy Energetika ministrliginiň operatorlarynyň we hyzmat ediş işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmak, ýaş inženerleri we beýleki hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, GE LM6000 desgalar boýunça goşmaça giň okuw maksatnamasyny durmuşa geçirdi.

Iki ýylyň dowamynda Energetika ministrliginiň işgärleriniň 120-ä golaýynyň gatnaşmagynda okuwlaryň 4 tapgyry geçirildi. Birinji tapgyr umumybeket enjamlaryna, ikinji tapgyr LM6000 desgalary bilen iş ýüzünde tanyşmaga, üçünji tapgyr „General Electric“ kompaniýasynyň enjamlaryny ulanmaga we tehniki  taýdan hyzmat etmäge bagyşlandy. Dördünji tapgyr aralykdan okatmak görnüşinde guraldy. Onuň çäklerinde gazturbinalary boýunça okuwlaryň birnäçesiniň mazmuny Internet ulgamynda ýerleşdirildi.

Soňra „General Electric“ kompaniýasynyň wise-prezidenti hormatly Prezidentimizi kompaniýanyň gazturbina tehnologiýaly ulgamynda işgärleri taýýarlamak boýunça esasy hünärmeni Tomas Uolş bilen tanyşdyrdy. Ol milli Liderimize bu ýerde geçirilýän okuwlaryň aýratynlyklary barada gürrüň berdi.

Döwrebap kommunikasiýalar tehnologiýalarynyň kömegi bilen döwlet Baştutanymyz „General Electric“ kompaniýasynyň işgärleri taýýarlamak boýunça uly menejeri, Belfort şäherindäki okuw merkeziniň ýolbaşçysy Denis Riçards we şu merkeziň mugallymlary bilen tanyşdyryldy.

Wideomaslahat görnüşinde guralan aragatnaşygyň barşynda merkeziň işgärleriniň adyndan jenap Denis Riçards Türkmenistanyň JE tehnologiýalaryny ele alan ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak ulgamynda isleglerini kanagatlandyrmak üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygyny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz jenap Denis Riçardsa hyzmatdaşlyk meselelerine jogapkärli çemeleşýändigi üçin minnetdаrlyk bildirip, oňa işinde üstünlik arzuw etdi.

Soňra „General Electric“ kompaniýasynyň işgärleri taýýarlamak boýunça esasy hünärmeni Tomas Uolş hormatly Prezidentimize okuwa başlamaga rugsat etmegini haýyş edip, sapagy geçmäge girişýär. Bu okuw sapagy görkezme esbaplaryny hem-de degişli enjamlary ulanmak arkaly geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz okuw merkeziniň işi bilen tanşyp, bu iri amerikan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň netijeli we uzakmöhletleýin häsiýete eýedigini belledi. Nou-haulary, innowasion tehnologiýalary we işläp taýýarlamalary işjeň ulanmaga gyzyklanma bildirýän biziň ýurdumyz bu kompaniýa bilen energetika ulgamynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Elektrotehnika, energetika, lukmançylyk enjamlaryny, durmuş tehnikasyny öndürmäge ýöriteleşdirilen „General Electric “ kompaniýasynyň „Boing“  uçarlar üçin awiasiýa hereketlendirijilerini çykarýandygyny bellärliklidir. Ýurdumyzyň raýat awiasiýasy şol uçarlar bilen üpjün edilendir.

Hormatly Prezidentimiz okuw maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, olaryň ele alan bilimleri, ýokary tehnologiýaly ylmy mümkinçilikleri özleşdirişi bilen gyzyklandy. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz Maryda gurulýan utgaşykly görnüşli elektrik bekedi bilen ondan ozalky gurlan beketleriň aýratynlyklary bilen gyzyklandy.

Şeýle hem hünär kämilleşdiriş okuwyna gatnaşyjylar milli Liderimize wideomaslahat esasynda guralan okuw sagatlarynda öwrenen bilimleri, häzirki zaman ösen tehnikalaryna erk etmegiň aýratynlyklary we täzeçil tehnologiýalar hakynda giňişleýin gürrüň berdiler.

Şu gün energetika desgalar toplumynyň hem-de „General Electric “ kompaniýasynyň okuw merkezli edara binasynyň ulanmaga berilmegi giň möçberli döwrebaplaşdyrmak maksatnamasynyň möhüm bölegi bolmak bilen, ýurdumyzyň ägirt uly mümkinçiliklerini öz içine alýan milli we sebit derejeli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Hormatly Prezidentimiz „General Electric “ kompaniýasynyň täze edara  binasy bilen tanyşlygy tamamlap, dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy we olara işde üstünlikler arzuw edip, bu ýerden ugrady.   

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Mejlisinde Duşuşyk

syrach

Watanymyzy Bagy-Bossanlyga Öwürmek Bag Ekmek Maksatnamasynyň Esasy Maksadydyr

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

syrach