24.9 C
Aşkabat
25.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Paýtagtymyzyň Arçabil Etrabynda Gülleri we Bezeg Ösümliklerini Ýetişdirmäge Ýörüteleşdirilen Iri Ýyladyş Hojalygy Döredildi

Paýtagtymyzyň Arçabil Etrabynda Gülleri we Bezeg Ösümliklerini Ýetişdirmäge Ýörüteleşdirilen Iri Ýyladyş Hojalygy Döredildi

Toplumyň hünärmenleri her ýyl türkmen paýtagtyny abadanlaşdyrmagyň toplumlaýyn maksatnamasynyň ekologiýa bölegi babatda Aşgabatda bag ekmeklige we ösümlikler bezegine niýetlenen dürli bezeglik ösümlikleriň onlarça müň düýbüni, möwsümleýin gülleriň şitillerini ýetirşdirerler.

Täze gülçülik hojalygy Arçabil etrap häkimliginiň we Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň tabşyrygy bilen guruldy. 50 gektardan gowrak ýerde Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň Önümçilik-tehniki üpjünçilik müdirligi potratçy we „Altyn Rysgal“ HK-sy kömekçi potratçy bolup, hersi 10 müň inedördül metr bolan ýyladyş hojalyklarynyň ikisini gurdylar, ösümlikleri açyk meýdanda ekmek üçin meýdanlary taýýarladylar.

Toplum ýylboýy ýyladyş hojalyklarynda oňaýly howa we çyglylyk saklar ýaly ýörüte enjam bilen üpjün edilipdir. Olar ýokary howa saklaýjy dury gaty plastikden-ýuka polikorbiat bölekleri ulanylan galwanirlenen demirden gurnalypdyr.

Hojalyk pürküji we damjalaýyn suwaryş ulgamy bilen üpjün edilipdir. Binalaryň içinde howany çalyşmak üçin 12 sany howa sorujylar we 16 sany goşmaça howa ýeledirijileri bar.Gyşyna olar gaz ýyladyjylar arkaly ýyladylar. Tomsuna onuň üçegi ýörüte enjam arkaly awtomatik usulda açylar. Ösümlikler ekilen çilleriň üstüne ümür dörediji ulgam geçirilen.

Toplumyň ýanynda edara jaýy we suwaryş suwuny arassalaýjylar, kuwwwatly suw sorujylar, umumy möçberi 1600 kub metr bolan suw saklaýan howdanlaryň ikisi, iki sany kömekçi bölüm bina edilipdir.

Açyk meýdana we ýapyk jaýlarda ekinleri ýetirşdirmegiň tehnologiýasy önümçiligiň netijeliligini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer, ýerli şertlere uýgunlaşan bir we köp ýyllyk gülleri, şeýle hem ýyly howany halaýan otag ösümliklerini möwsümleýin ýetişdirmäge şertler döreder.

Wladimir KOMAROW,
surata düşüren awtor

Çeşme: Türkmen döwlet habarlar agentligi

Degişli makalalar

Çeperçilik Akademiýasynyň Sergi Merkezinde Aziada-2017-ä Bagyşlanan Eserleriň Sergisi Açyldy

turkmenhabargullugy

Täze deňiz menzili açyldy.

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Täze Desgalaryň Düýbüni Tutmak we Açylyş Dabaralaryna Gatnaşdy

syrach