26.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Pekinde Aziada-2017-ä Bagyşlanan Sergi Açyldy

Pekinde Aziada-2017-ä Bagyşlanan Sergi Açyldy

Türkmenistanyň HHR-däki ilçihanasynyň ýanyndaky Söwda wekilhanasynyň binasynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 100 günüň galmagy mynasybetli serginiň açylyşy we tanyşdyryş çäresi boldy.

Ýurdumyzyň ilçihanasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň DIM-niň bilelikde guramagynda geçirilýän foruma daşary ýurtlaryň HHR-de işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Hytaýyň jemgyýetçilik guramalarynyň, öňdebaryjy kompaniýalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Pekiniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen ýaşlary gatnaşdylar.

Sergini guraýjylar ýurdumyzyň dokma önümlerine aýratyn üns berdiler. Türkmen dokmaçylary tomusky möwsüme dynç alyş we sport bilen meşgullanmak üçin lybaslaryň täze görnüşlerini taýýarladylar. Ýurdumyzyň dizaýnçylary Ýapyk binalarlda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň nyşanlary ýerleşdirilen lybaslaryň görnüşlerini görkezdiler.

Ýurdumyzyň telekeçileriniň halyçylyk, däp bolan senetkärçilik, amaly-haşam sungaty ulgamynda, milli sowgatlyk önümleri, şol sanda öňde boljak Aziýa oýunlarynyň nyşanlary şekillendirilen önümleri taýýarlamakda ýeten derejesi myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi.

Serginiň kitap bölüminde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hytaý diline terjime edilen işleri hem-de Türkmenistanyň häzirki döwri, türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlary, bu gün türkmen topragynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler, nusgawy we häzirki zaman edebiýatynyň ugurlary barada gürrüň berýän bezegli neşirler görkezildi.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentine Gynanç Bildirdi

Goňurdepede Gazuw-Agtaryş Işleri Netijesinde Tapylan Bezeg Böleklerini Abatlamak we Muzeý Gymmatlygy Derejesine Ýetirmek Işleri Tamamlandy

turkmenhabargullugy

Küştdäki Umytlar Wideo