26.9 C
Aşkabat
03.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Prezidentimiz Aleksandr Žilkini kabul etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow IV Halkara maýa goýum forumyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Aleksandr Žilkini kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyz Astrahan oblastynyň gubernatory bilen mähirli görşüp, soňky ýyllarda ýola goýulýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Soňra hormatly Prezidentimiz Astrahan oblastynyň gubernatory bilen sazlaşykly paýtagtymyzyň merkezinde gurlan binalaryň bezeg aýratynlyklaryny synladylar. Ak mermere beslenen Aşgabadyň soňky ýyllarda ähli babatlarda okgunly ösüş ýoluna düşendigini belläp, myhman her gezek gelenimde türkmen paýtagtynyň düýpli özgerýändigine göz ýetirýändigini aýtdy. Milli Liderimiz belent mertebeli myhmany duşuşygyň geçjek ýerine çagyrdy.

Russiýa Federasiýsynyň iri sebitleriniň biriniň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Astrahan oblasty bilen dostluk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýan Türkmenistanda ýene-de bolýandygyna şatdygyny belledi. Hut Astrahan oblastynyň çäginde türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýandygyny bellemek ýakymlydyr. Jenap Aleksandr Žilkin russiýaly hyzmatdaşlaryň biziň ýurdumyz bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine meýillidiklerini tassyklap, halkara işewür toparlarynyň sazlaşykly ösýän Türkmenistana bolan ýokary gyzyklanmalaryny alamatlandyrýan Aşgabat maýa goýum forumy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin oňyn mümkinçilikleri açýar diýip aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Astrahan oblasty bilen özara peýdaly we uzak möhletleýin esasda ýola goýulýan gatnaşyklaryň däp bolan dostlukly we hoşniýetli goňşyçylyk häsiýete eýedigini belledi. Şunda, milli Liderimiz Russiýanyň sebitleri we öňdebaryjy senagat, bilim we medeni merkezleri bilen göni gatnaşyklaryň ösdürilmegi döwletara türkmen-rus gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar we onuň häzirki döwürde täze many-mazmun bilen üsti ýetirilýär diýip nygtady.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we Astrahan oblastynyň gubernatory ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň we onuň geljeginiň jähetinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Taraplaryň däp bolan hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine we diwersifikasiýalaşdyrylmagyny taýýarlygyny tassyklyp, milli Liderimiz we myhman hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Olaryň hatarynda söwda-ykdysady, ulag we aragatnaşyk, gämi we maşyn gurluşygy, oba hojalygy ýaly pudaklar, şeýle hem syýahatçylyk we beýleki ulgamar bar. Şunda, Astrahan oblastynyň gubernatory özüniň ýolbaşçylyk edýän sebitiniň işewür toparlarynyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurtda dürli pudaklarda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy. Şeýle dürli pudaklarda netijeli gatnaşyklaryň sazlaşykly ösdürilmegi soňky ýyllarda yzygiderli häsiýete eýe bolan özara netijeli tejribe alşylmagyny şertlendirýär.

Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyz we Astrahan oblastynyň ýolbaşçysy medeni-gumanitar gatnaşyklaryň, hususan-da, bilim we hünäri işgärleri taýýarlamak ulgamynda ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygyň, şeýle hem medeni-döredijilik gatnaşyklarynyň, ylym we tehnologiýalar ulgamynda tejribe alşylmagynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy we ösdürilmegi barada aýtdylar.

Duşuşygyň ahyrynda Astrahan oblastynyň gubernatory milli Liderimize ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga işjeň goldaw berýändigi we häzirki zaman ýagdaýlaryny nazara almak bilen, işewür hyzmatdaşlygy giňeltmegiň jähetinde uly ähmiýeti bolan Türkmenistanda geçirilýän halkara maýa goýum forumyna gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman hoşlaşanlarynda, Türkmenistan bilen Astrahan oblastyny baglanyşdyrýan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, umuman alanyňda, döwletara türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn berkidiljekdigine we täze many-mazmun bilen üstüniň ýetirilip, üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna.

syrach

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

syrach

Üsküdar Üniversitesi Türkmen Öğrencileri Bekliyor !

turkmenhabargullugy