15.9 C
Aşkabat
05.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Prezidentimiz Ýaponiýanyň Ýurdumyzda İşleri Wagtlaýyn Ynanylan Wekilini Kabul Etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işe barýarka, ýolugra ejesiniň saglyk ýagdaýyndan habar almak maksady bilen, lukmançylyk merkezine sowuldy. 
Lukmanlar milli Liderimize Ogulabat ejäniň saglyk ýagdaýynyň kadalydygyny habar berdiler. 

Soňra döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň Çandybil şaýolundaky Newrologiýa merkeziniň we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş hem-de derman senagaty ministrliginiň Okuw-ylmy merkeziniň gurluşygy bilen tanyşmak maksady bilen bu ýere geldi. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanşyp, wise-premýerler S.Toýlyýewe, Ş.Durdylyýewe, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowa we Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedowa lukmançylyk merkezleri bilen bir hatarda, seýilgäh zolaklarynyň gurluşygyna üns bermegi tabşyrdy. Bu ýerleriniň bagy-bossanlyga bürenmegi paýtagtymyzyň bu künjeginiň ekologiýa ýagdaýyny has-da sagdynlaşdyrmak bilen bir hatarda gurulýan lukmançylyk merkezleriniň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirmelidir. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde dünýäniň dürli künjeklerinde süýji keseli bilen baglanyşykly meseleleriň ýüze çykýandygyny nazara almak bilen, Ministrler Kabinetiniň orunbasary S.Toýlyýewe hem-de ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowa bu keseli irgözinden anyklamak we netijeli bejermek boýunça dünýä ýurtlarynyň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmegi, onuň häzirkizaman serişdeler bilen üpjünçiligini gowulandyrmagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz hökümetiň nobatdaky mejlisine bu babatda degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. 

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň çäklerinde ägirt uly işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebit býurosynyň goldaw bermeginde 2014-2020-nji ýyllar üçin döwürde ýokanç däl kesellere garşy göreşmek boýunça milli strategiýa işlenip taýýarlanylýar. Ol bu ulgamdaky halkara we sebitleýin öňdebaryjy tejribeleri nazarlaýar. Milli Liderimiz şu strategiýanyň çäklerinde indiki tapgyrda düzüminde iň häzirkizaman enjamlary we döwrebap lukmançylyk tehnikalary bilen üpjün edilen terapiýa we hirurgiýa öňüni alyş bölümleri bolan Endokrinologiýa merkeziniň gurluşygy boýunça halkara bäsleşigini geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. 

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine saglygy goraýyş ulgamynda öňdebaryjy ýurtlaryň birinde saparda bolup, endokrin kesellerini netijeli bejermek boýunça ösen tejribeleri öwrenmegi tabşyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň bu künjeginde amatly ekologiýa ýagdaýyny saklamak maksady bilen, wise-prmýer Ş.Durdylyýewe we Aşgabat şäheriniň häkiim R.Nurmämmedowa saglygy goraýyş ulgamyna degişli beýleki desgalaryň, olaryň durmuş üpjünçiligi bilen baglanyşykly degişli düzümleriniň gurluşygy boýunça meseleleri öwrenmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz täze saglyk merkezine adamlaryň amatly gelip-gitmeklerini üpjün etmek, paýtagtmyzyň Atatürk köçesini günorta—Köpetdag şaýoluna çenli uzaltmak, onuň ugrunda yzygiderli awtobus hereketini üpjün etmek, bu ýerde köpgatly awtoduralgany gurmak bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmegi we işlere haýal etmän girişmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz Saglyk şäherçesiniň ähli künjekleriniň ýollarynyň, yşyklandyryş ulgamynyň döwrüň talabyna laýyk derejede gurnalmalydygyna ünçi çekdi. 

Şu ýyl “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň kabul edileine 20 ýyl dolýar. Hormatly Prezidentimiz şu döwürde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň düýpli döwrebaplaşdyrylandygyny hem-de lukmançylyk babatdaky hyzmatlaryň gerimini we hiliniň ýokarlanandygyny belläp, “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň nobatdaky tapgyrynyň täze görnüşde, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän hil taýdan täze derejede durmuşa geçirilmelidigini nygtady. Munuň özi Türkmenistanyň ilatynyň saglygynyň degişli derejede goralmagyny üpjün eder. 

Biziň ýurdumyzda kabul edilýän oňyn çözgütlere laýyklykda, ýakyn wagtda saglygy goraýyş ulgamyna degişli täze binalar gurlar we halkara derejesindäki çäreler geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylara gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň öz wagtynda tabşyrylmagynyň we olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň berk gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparyny tamamlap, Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Ilçisi YHG-nyň Ýanyndaky Hemişelik Wekili Hökmünde Bellenmegi Baradaky Ynanç Hatyny Gowşurdy

syrach

Türkmenistanyň “Rio+20-ä” garaýşy dünýä…

syrach

Türkmenistanda halkara maýa goýum maslahaty geçirilýär.

syrach