14.9 C
Aşkabat
05.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Prezidentimiz Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisini Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjjan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hasan Sultan ogly Zeýnalowy kabul etdi. Diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Ilçi duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip,  döwlet Baştutanymyza Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň mähirli sözlerini, iki goňşy ýurduň we dostlukly halklaryň umumy bähbidine laýyk gelýän döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de okgunly ösdürmek hakynda aýdan arzuwlaryny ýetirdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  Azerbaýjanyň ýokary ýolbaşçy düzümine hoşniýetli arzuwlaryny aýdyp, Türkmenistanda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini, onuň binýadynda mizemez dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk aragatnaşyklarynyň, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleriniň bardygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan özüniň ýakyn goňşulary bilen ýola goýulýan  gatnaşyklara hemişe gadyr goýýar hem-de mundan beýläk-de taryhy we medeni umumylyklar arkaly baglanyşýan, parahatçylyk, döredijlik hem-de ynsaneperwerlik ýörelgelerine ygrarly iki halkyň bähbidine amala aşyrylýan netijeli hyzmatdaşlygyň has-da  berkidilmeginiň tarapdarydyr.

Döwlet Baştutanymyz Hasan Sultan ogly Zeýnalowy Azerbaýjanyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçylygyna bellenilmegi bilen gutlap, oňa ikitaraplaýyn bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda bolsa, abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde ýola goýulýan türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen işinde üstünlik arzuw etdi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar iki ýurduň häzirki zamanyň möhüm meselelerine, tutuş dünýäde  howpsuzlygyň üpjün edilmegine bolan garaýyşlarynyň we çemeleşmeleriniň umumylygy esasynda ýola goýulýar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň  dünýä derejesindäki we ählumumy howpsuzlygyň täze binýadynyň kemala getirilmegine, Orta Aziýanyň hem-de Hazar sebitiniň parahatçylygyň, durnuklylygyň möhüm bölegine öwrülmegine gönükdirilen başlangyçlaryny goldaýandygy üçin azerbaýjan tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça  ösdürmegiň geljegi hakynda gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Döwlet Baştutanymyz we ilçi söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde, ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmekde netijeli işewür hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Gadymy döwürlerden bäri Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen baglanyşýan iki goňşy döwletleriň  amatly ýerleşmegi guryýer we deňiz ugurlary boýunça ýük daşamagyň oňat  çykalgasyny we olaryň halkara ulag düzümine goşulyşmagyny üpjün edýän yklymüsti ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegi boýunça täze taslamalary durmuşa geçirmekde tagallalary birleşdirmek üçin oňyn mümkinçilikleri şertlendirýär.

Döwlet Baştutanymyz we dostlukly ýurduň Doly ygtyýarly ilçisi Işewür gatnaşyklaryň sazlaşykly ösdürilmegine ýardam üpjün edýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparyna bu ugurda möhüm ornuň degişlidigini nygtadylar. Döwletara gatnaşyklarynyň netijeli esasda pugtalandyrylmagyna gönükdirilen iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli geňeşmeleriň ýola goýulmagy şol toparyň işiniň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklar baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, hyzmatdaşlygyň ösüşinde möhüm orun eýeleýän medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn berkidilmeginiň möhüm ähmiýetiniň bardygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyz we ilçi söhbetdeşligiň barşynda bilim, ylym, medeniýet hem-de sungat, sport we syýahatçylyk ugurlaryndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek, iki halklaryň dostlugynyň pugtalandyrylmagyny, medeniýetleriň özara baýlaşdyrylmagyna ýardam  şertlendirýän Medeniýet günleriniň we beýleki çäreleriň yzygiderli geçirilmeginiň möhümdigi barada aýtdylar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  medeniýet babatda iki ýurduň gatnaşyklaryna bagyşlanan bilelikdäki maslahaty geçirmek meselesine seretmegi teklip etdi.

Azerbaýjanyň ilçisi giň möçberli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändigini belläp, syýasy-diplomatiki we söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ýygjamlaşdyrmak, medeni-ynsanperwer ulgamdaky döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmak ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  hem-de Azerbaýjanyň ilçisi Hasan Sultan ogly Zeýnalow döwletara gatnaşyklarynyň täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp,  iki doganlyk halklaryň bähbidine berkidiljekdigine we ösdüriljekdigine ynam  bildirdiler.

Degişli makalalar

Türkiýäniň Ýaşlar we Sport Ministrliginde “Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlarynyň” Tanyşdyrylyşy Atly Maslahat we Sergi Geçirildi

Türkmenistan we Hytaý Gelejekde Hyzmatdaşlygy Ösdürmegiň Meselelerine Seretdiler

syrach

Prezidentimiz Ýurdumyzyň Içeri Işler Edaralarynyň Işgärleriniň Güni Mynasybetli Gutlaglary Kabul Etdi

syrach