20.9 C
Aşkabat
17.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Prezidentimiz Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç hatyny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy Si Szinpine Kunmin şäheriniň demirýol menzilinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi. 

“Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny iň bir aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, hatda bellenilýär. 

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny iberdi.

Degişli makalalar

Demir ýoly gurulýar.

syrach

Prezidentimiz “Awaza” Milli Syýahatçylyk Zolagynda Welosipedli Gezelenç Etdi

syrach

Göç İdaresi: İkamet İzni Talepleri Hakkında

turkmenhabargullugy