18.04.2026
SAGLYK

Prezidentimiz Karara Gol Çekdi

“Türkmenistanda Saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyza döwrebap ýokary hilli bejeriş-öňüni alyş kömeginiň berilmegini üpjün etmek, lukmanlary taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagy has-da kämilleşdirmek, şeýle hem öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen saglygy goraýyş desgalarynyň nobatdaky toplumyny işe girizmek we netijeli dolandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine bellenen tertipde öz garamagynda:

Aşgabat şäherinde býujetden maliýeleşdirilýän we tölegli hyzmatlary edýän 670 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezini; 

Aşgabat şäherinde hojalyk hasaplaşygynda işleýän we býujetden maliýeleşdirilýän Halkara okuw-ylmy merkezini; 

Ahal welaýatynda býujetden maliýeleşdirilýän we tölegli hyzmatlary edýän 120 orunlyk Ýöriteleşdirilen dikeldiş merkezini edara görnüşli taraplar görnüşinde döretmäge ygtyýar berildi. 

Degişli makalalar

DIM-de Türkmenistanda Saglygy Goraýyş Ulgamynyň Işi Barada Maglumat Beriş Duşuşygy-Brifing Geçirildi

Saglygy Goraýyş

syrach

Türkmenistan Koronawirus Pandemiýasy Sebäpli Öz Raýatlaryny Daşary Ýurtlardan Getirmegini Dowam Edýär

turkmenhabargullugy