21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Prezidentimiz Karara gol çekdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe umumy orta bilim berýän mekdepleriň işini has-da kämilleşdirmek, olarda berilýän bilimiň hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek maksady bilen hem-de “Türkmenistanyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 1-nji martynda çykaran 6291-nji Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasy tassyklanyldy. 

Türkmenistanyň Bilim ministrligine: 

umumy orta bilim berýän mekdeplerde on iki ýyllyk orta bilime geçilmegi bilen bagly esasy okuw meýilnamalaryny taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasaryna tassyklamak üçin bermek; 

esasy okuw meýilnamalaryna laýyklykda degişli okum maksatnamalaryny tassyklamak, okuw kitaplaryny we okuw gollanmalyryn taýýarlamak; 

2004-2005-nji – 2012-2013-nji okuw ýyllary aralygynda orta mekdebe kabul edilen okuwçylaryň, şeýle hem 2013-2014-nji okuw ýylynda 7 ýaşdan orta mekdebe kabul edilýän okuwçylaryň 11 ýylyň dowamynda on iki ýyllyk okuw maksatnamasy boýunça okamagyny üpjün etmek tabşyryldy. 

* * *
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň milli intellektual eýeçiligi goramak ulgamyny dünýä standartlaryna laýyk getirmek, ylmyň, tehnikanyň we medeniýetiň gazananlaryny döwletiň hem-de jemgyýetiň ösüşine ornaşdyrmaga ýardam bermek, taraplaryň intellektual eýeçilik hukuklaryny döwlet we halkara derejesinde goramagyň kepilliklerini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Kararar gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligine Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugyny bellenen tertipde döretmek tabşyryldy. 

Şeýle hem Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi: 

Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy hakyndaky Düzgünnamany; 

Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynyň gurluşyny işläp taýýarlamaga we tassyklamaga borçly edildi. 

* * *
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda milli standartlaşdyryş ulgamyny kämilleşdirmek, şeýle hem “Aşgabat şäherinde Döwlet etalon merkeziniň binasyny gurmak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda çykaran 11824-nji kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugyna: 

daşary ýurt kompaniýalary bilen Döwlet etalon merkezi üçin etalon synag enjamlaryny we nusgalyk ölçeg serişdelerini satyn almak, olary gurnap işe girizmek hem-de hünärmenleri taýýarlamak barada şertnamalary baglaşmaga; 

Döwlet etalon merkezi üçin Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň “East Wind Engineering LLP” kompaniýasynyň etalon synag enjamlarynyň we nusgalyk ölçeg serişdeleriniň belli bir möçberini hem-de olary gurnap işe girizmek we hünärmenleri taýýarlamak boýunça hyzmatlaryny muzdsuz kabul etmäge ygtyýar berildi. 

* * *
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýanlar üçin has amatly şertleri döretmek, dünýäniň ösen derejesindäki syýahatçylyk binalarynyň we desgalarynyň gurluşyklarynyň giňden ýaýbaňlandyrylmagyny dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň ministrliklerine, pudak edaralaryna “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap myhmanhanalaryň we sport toplumynyň taslamalaryny düzmek we olary gurmak üçin halkara bäsleşiklerini bellenen tertipde geçirmäge, bäsleşikleriň ýeňijilerini kesgitlemäge we şertnama baglaşmak üçin degişli namalary taýýarlamaga ygtyýar berildi. 

* * *
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda halkymyzyň hem-de ýurdumyza gelýän daşary ýurtly myhmanlaryň döwrebap we medeniýetli dynç almagyny üpjün etmek üçin has oňaýly şertleri döretmek, dynç almaga gelýän adamlara edilýän söwda we jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine şol bir wagtda buýrujy we potratçy hökmünde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda üç gatly döwrebap söwda merkeziniň taslamasyny düzmäge hem-de ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp, gurluşyk işleriniň bahasy boýunça tölegleri şertnamalaýyn nyrhlarda amala aşyrmak şertinde gurmaga ygtyýar berildi. 

Gurluşyk işlerine 2013-nji ýylyň mart aýynda başlamak we binany 2014-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi. 

* * *
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli tütümly işleriň täze döredilýän kinossenarilerde, pýesalarda, romanlarda, powestlerde, iri göwrümli poemalarda çeper beýan edilişini hem-de olaryň kämil many-mazmunly bolmagyny gazanmak, dünýäniň taryhynda müdimilik yz galdyran beýik şahsyýetlerimiziň buýsançly keşbini ebedileşdirmek, ýurdumyzyň ilatly ýerleriniň ruhy-medeni keşbini has-da gözelleşdirmek, şeýle hem geljekde ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarynda goýuljak heýkelleri, ýerleşdiriljek portretleri seçip almak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. 

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky kinossenarileriň, pýesalaryň, romanlaryň, powestleriň, iri göwrümli poemalaryň çeperçilik derejesini kesgitlemek baradaky döwlet toparynyň düzümi; 

Türkmenistanyň paýtagtynda we welaýatlarynda heýkelleri goýuljak şahsyýetleriň sanawuny kesgitlemek we goýuljak heýkelleri seçip almak boýunça döwlet toparynyň düzümi; 

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Ýadygärlikleriň, heýkelleriň, şäherlerde, köçelerde, binalarda hem-de beýleki ýerlerde ýerleşdirilýän portretleriň hiliniň, çeperçiliginiň, özboluşlylygynyň, asyl nusgasyna laýyklygynyň derejesini kesgitleýän bilermenler geňeşiniň düzümi tassyklanyldy. 

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy. 

* * *
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata-babalarymyzyň mähriban enelerimize we eziz uýalarymyza hormat goýmakda asylly däplerini dowam etdirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 25-nji fewralynda çykaran 11535-nji kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän aýal-gyzlara, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara 2013-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli 40 manat möçberde pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak bellenildi.

Degişli makalalar

Pudagara Toparyň Mejlisi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Kanuny

syrach

Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkmenistandan gitmegi we Türkmenistana gelmegi.

syrach