31.9 C
Aşkabat
23.09.2022
GÜNÜŇ WAKALARY

Prezidentimiz Pakistanyň Ýolbaşçylaryna Gynanç Bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýne we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarife Lahor şäherinde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu heläkçilikde çagalaryň ejir çekendigi has hem gynançlydyr.

“Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny juda aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, hatda aýdylýar. 

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň halkynyň we hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan  gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur  gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwyny aýtdy.

Degişli makalalar

Abu-Dabi Ösüş Gaznasy Türkmenistanda Gazhimiýa Toplumynyň Gurluşygynyň Taslamasyny Maliýeleşdirmäge Gatnaşar

Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Enelerine, Ähli Gelin-Gyzlaryna

Türkmenistan-ÝUNISEF

syrach