22.4 C
Aşkabat
08.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Prezidentimiziň Gruziýa Döwlet Sapary Tamamlandy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gruziýa iki günlik resmi saparyny tamamlady.

Ozal habar berlişi ýaly, düýn Tbiliside  ýokary derejedäki türkmen-gruzin gepleşikleri üstünlikli geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplaryň uzakmöhletleýin we deňhukuklylyk esasynda guralýan hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýändikleri tassyklanyldy. Ýokary derejedäki gepleşikleriň netijeleri boýunça söwda-ykdysady we medeni–gumanitar ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda gazanylan ylalaşyklar muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şol ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi bolsa ähli ulgamlarda döwletara gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmäge ýardam eder. Taraplaryň gol çeken resminamalary Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Bu resminamalar iki tarapyň hem däp bolan dostlukly gatnaşyklary türkmen we gruzin halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmaga meýillidigini tassyklady. 

…Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni kaşaň “Tbilisi-Marriot”  myhmanhanasynda ýerleşen kabulhanasyndan Gruziýanyň Milli kitaphanasyna tarap ugrady. 

Milli kitaphananyň merkezi girelgesiniň öňünde Türkmen döwletiniň Baştutanyny Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň prezidenti Georgiý  Kwesitadze we Milli kitaphananyň direktory Georgiý Kekelidze mähirli garşyladylar. Türkmen Liderine gül desseleri gowşuryldy.

Döwlet Baştutanymyz olar bilen salamlaşyp, binanyň ikinji gatyna, hormatly Prezidentimize Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň “Hormatly akademigi” diýen ylmy ady dakmak dabarasynyň geçirilýän ýerine barýar. Şanly waka mynasybetli bu ýere Gruziýanyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri, dostlukly ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi, şeýle hem Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylar ör turup, milli Liderimizi şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar. Türkmenistanyň Baştutany zala girýär we prezidiuma geçip oturýar. 

Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň prezidenti dabarany açyp, ýygnananlaryň adyndan belent mertebeli myhmany mähirli mübärekledi we şu günki günüň aýratyn ähmiýetli waka hökmünde döwletara gatnaşyklarynyň taryhyna girjekdigini nygtady. Georgiý Kwesitadzeniň belleýşi ýaly, türkmen we gruzin halklaryny taryhyň dowamynda emele gelen dostluk hem-de medeni gatnaşyklar birleşdirýär. Häzirki döwürde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar  mynasyp dowam etdirilýär we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ylym-bilim ulgamyndaky gatnaşyklar hem berkidilýär. 

Georgiý Kwesitadze bu ýere ýygnananlary türkmen Lideriniň giň möçberli ylmy işi bilen tanyşdyryp, Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň alymlar geňeşiniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa “Hormatly akademik” diýen ady dakmak hakynda kabul eden çözgüdini yglan etdi. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça hem-de parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistany dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmaga, şol sanda türkmen ylmyny täze belent sepgitlere ýetirmäge we bu ulgamda  özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Nygtalyşy ýaly, bu ýokary ylmy at Türkmenistanyň Baştutanyna Merkezi Aziýa bilen Günorta Kawkazyň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga türkmen we gruzin halklarynyň arasyndaky  dostlukly gatnaşyklary berkitmäge goşan uly goşandy, üçin berildi. 

Georgiý Kwesitadze türkmen döwletiniň Baştutanyny hormatly ylmy adyň dakylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, bu wakanyň iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Dabaraly ýagdaýda,  ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimize degişli diplomy gowşurýar.

Türkmen Lideri ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, özüne Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň hormatly akademigi diýen belent adyň berlendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryna täze tehnologiýalaryň. innowasiýalaryň, ylmy gazananlaryň ornaşdyrylmagy Türkmenistanyň dölet ösüşiniň ileri tutulýan strategiki wezipesi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda bu ugurda uly işler alnyp barylýar. Mysal üçin, 12-nji iýun Türkmenistanda Ylymlar güni diýlip yglan edildi, ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy barlaghanalaryň, ylmy-önümçilik edaralarynyň we kärhanalarynyň, institutlarynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär we şu esasda ýurdumyzda ylmy iş utgaşdyrylýar. 

Häzirki wagtda şeýle hem ýaşlary ylym bilen meşgullanmaga çekmek boýunça işler geçirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we her ýyl ýaş zehinli alymlaryň netijeli işi üçin baýraklara mynasyp bolýandyklaryny nygtady. Türkmen paýtagtynda sebitdäki iri Tehnologiýalar merkeziniň açylmagyny ylym ulgamynda gazanylan esasy üstünlikleri hatarynda görkezmek bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. 

Türkmen Lideri ýygnananlara ýüzlenip, düýn ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň arasynda gol çekilen hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnamanyň ähmiýetini nygtady. Bu resminama türkmen we gruzin alymlarynyň netijeli gatnaşyklaryna kuwwatly itergi bermäge ýardam eder. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  Türkmenistanda kabul edilen giň möçberli we köpugurly milli maksatnamalar barada aýdyp, olary durmuşa geçirmäge dünýäniň 20-den gowrak döwletiniň gyzyklanma bidirýändigini kanagatlanmak bilen belledi. Türkmen Lideri iki iri maksatnama – 2030-njy ýyla çenli ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, şeýle hem oba hojalyk sebitlerini özgertmek baradaky maksatnamalara ýygnananlaryň ünsüni çekip, olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ylmyň iň täze gazananlarynyň giňden ulanylmagyny talap edýändigini nygtady. 

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan uglewodorod serişdelerine baý ýurtdyr. Mundan başga-da bu ýerde dürli görnüşli mineral serişdeler köpdür. Özi-de olaryň birnäçesi, mysal üçin, ýurdumyzyň çäginiň 70 göterimden gowragyny eýeleýän Garagum çölüniň çägesinde bar bolan kremniý, kwars, alymlaryň pikirine görä, ýokary netijeli batareýalary öndürmek üçin aýratyn täsin we gymmatly häsiýetlere eýedir.  Türkmen alymlary şeýle hem gün we ýel energiýasyny işläp taýýarlamak ulgamynda uly tejribe topladylar diýip, milli Liderimiz aýtdy.  

Türkmenistanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, nebitgaz toplumy geljegi uly pudak hasaplanylýar. Bu pudakda entek ulanylmadyk mümkinçilikler bardyr. Biziň maksadymyz geljekde nebiti we gazy gaýtadan işlemek boýunça önümçiligi artdyrmakdan ybaratdyr. Bu wezipäni çözmek üçin häzirki wagtda Türkmenistanda uly işler geçirilýär. Eýýäm birnäçe zawoydň düýbi tutuldy, olaryň gurluşygyna ABŞ-nyň 28 milliard dollaryndan gowrak serişde gönükdirildi diýip, milli Liderimiz beleedi we gruzin tarapyny bu ulgamdaky taslamalara gatnaşmaga çagyrdy.  

Oba hojalygynda hem uly işleri gepçirmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady we biziň ýurdumyzyň Merkezi Aziýa sebitinde amatly ýerleşýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurdaky wezipeler barada aýdyp, ilkinji nobatda, suw bilen baglanyşykly meseleleri çözmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, oba hojalygynda bolsa damjalaýyn suwaryş usulyny ýa-da beýleki usuly ornaşdyrmak gaýragoýulmasyz weipe bolup durýar. Türkmen alymlarynyň ylmy barlaglarynyň netijesinde, ýerasty suwlary bir bitewi akaba birleşdirmek arkaly Garagumyň merkezinde “Altyn asyr” Türkmen köli döredildi. Häzirki wagtda şol ýerde eýýäm balyklaryň dürli görnüşlerine duş gelmek bolýar. 

Bu mesele ekologiýa bilen hem baglanyşyklydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şu möhüm wezipeden ugur almak bilen, Türkmenistan BMG-niň “Rio+20” maslahatynda, şu ýylyň başynda Ýaponiýada we Koreýa Respublikasynda geçirilen halkara forumlarynda başlangyçlaryň birnäçesini öňe sürdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk ulgamynda işleri alyp barmakda tagallalary birleşdirmegiň möhümdigini belläp, gruziýaly alymlary bu ulgamdaky ylmy barlaglara gatnaşmaga çagyrdy. 

Biziň döwrümizde ýokary tehnologiýalar, telekommunikasiýalar, ýokary tizlikli internet ulgamy ileri tutulýan ugurlar boup durýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.  Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň golaýda özüniň emeli aragatnaşyk hemrasyny älem giňişligine çykarandygyny belläp, şunuň bilen baglylykda geljekde duşuşyklary teleköprüler arkaly guramak, saglygy goraýyş ulgamynda geňeşmeleri geçirmek  üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygyny aýtdy. Häzirki wagtda ikinji aragatnaşyk hemrasyny älem giňişligine çykarmak üçin taýýarlyk işleri geçirilýär. Ol oba hojalygynyň ösdürilmegine ýardam eder diýip, milli Liderimiz aýtdy we bu ugurda hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygyny nygtady. 

Türkmenistanda nebitgaz toplumynda, oba hojalygynda we ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň beýleki pudaklarynda ylmy barlaglar alnyp barylýar. Esasy bellemeli zat bolsa, häzirki wagtda Türkmenistanda ylym ulgamynyň ygtybarly maddy – enjamlaýyn binýady döredildi.  

Türkmen Lideri şeýle hem gumanitar ulgamda, hususan-da, taryh we arheologiýa ulgamlarynda, türkmen we gruzin halklarynyň medeni mirasyny öwrenmekde netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň wajypdygyny nygtady. Mysal üçin, Gruziýada ulanylýan nagyşlar türkmen milli gölleri bilen meňzeşdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň taryhy – medeni gatnaşyklarynyň umumylygy baradaky gürrüňi dowam edip, XIII asyryň birinji ýarymynda ýaşap geçen meşhur türkmen serkerdesi Jelaleddin Meňburnynyň ajaýyp orny barada belledi. Ol özüniň adalatlylygy we hoşmeýilliligi bilen tapawutlanyp, adalatlylyk, parahatçylyk we abadançylyk ugrunda göreşipdir.  

Türkmenistanyň Baştutany türkmen halkynyň meşhur edebi mirasy bolan “Görogly” eposy barada aýdyp, bu eseriň türkmen – gruzin gatnaşyklarynyň gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýandygyna şaýatlyk edýändigini nygtady. Gruziýanyň çäklerinde ýerleşýän Görogly galasy, Ahal gala ýaly taryhy ýerler hem bu aýdylanlary tassyklaýar. 

Häzirki döwürde Gruziýanyň Golýazmalar institutynda “Görogly” eposynyň türkmen dilindäki iň gadymy nusgalarynyň biriniň saklanýandygyny kanagatlanmak bilen belläp, bu gadymy eposyň baş gahrymany Göroglynyň adynyň Görogly Türkmen diýlip nygtalmagy hem türkmen we gruzin halklarynyň taryhynyň gadymydygyny, iki halkyň irki döwürlerden bäpri hyzmatdaşlyk edip gelýändigini aýdyň görkezýär diýip aýtdy. 

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz iki ýurduň taryhçy we edebiýatçy alymlarynyň bu ugurda gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň möhümdigini belledi. Olar bu ugurda bilelikde işleseler, iki dostlukly halkyň medeni mirasynyň gymmatly sahypalaryny açyp görkezmekde gadymy gatnaşyklarynyň taryhyny öwrenmekde uly ähmiýeti bolar diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. 

Döwlet Baştutanymyz düýn geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikler barada durup geçip, Gruziýanyň Prezidenti, Premýer-ministri bilen, şeýle hem parlamentde geçirilen duşuşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolandygyny kanagatlanmak bilen belledi. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, energetika we ulag-üstaşyr düzümi döwletara gatnaşyklarynyň strategiki meseleleriniň hatarynda görkezildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň wajypdygyny belläp, Türkmenistanyň beýleki ulgamlarda bolşy ýaly, bu ugurda hem “açyk gapylar” syýasatyny durmuşa geçirýändigini nygtady. Türkmen Lideri gruziýa ugry boýunça gaz geçirijilerini gurmagyň taslamalary barada aýdyp, bu işde ekologiýa meselesiniň esasy wezipe bolup durýandygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz bu meselä önüm öndürijileriň, üstaşyr gpeçirijileriň we sarp edijileriň bähbitleriniň hem-de hukuklarynyň nazara alnyp garalmalydygyny aýtdy. Gruziýa biziň üçin hem üstaşyr geçiriji, hem sarp ediji ýurtdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu ugurda ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy. 

Ikinji mesele ulag-üstaşyr düzüm bilen baglanyşyklydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we Türkmenistanyň bu ulgamda uly işleri geçirýändigini belledi. Türkmen Lideri biziň ýurtlarymyzyň geografiki we geykdysady taýdan amatly ýerleşýändigini nygtap, Türkmenistanyň gruzin tarapynyň logistika meselelerinde goldaw bermäge çalyşmagny mübärekleýändigini aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz çykyşyny tamamlap, ýygnananlary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi bilen ýene-de bir gezek gutlady we Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylaryna özüniň işine ýokary berendigi üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ylmy jemgyýetçilik hem-de dabara gatnaşyjylaryň ählisine täze üstünlikler arzuw etdi. 

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. 

Hormatly Prezidentimize “Hormatly akademik” diýen belent ady dakmak dabarasy tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni Keramatly Troisanyň kafedral ybadathanasyna  tarap ugrady. 

Ybadathananyň girelgesiniň öňünde belent mertebeli türkmen myhmanyny Gruziýanyň Prezidenti Giorgiý Margwelaşwili we ybadatnananyň ýepiskopy Ioann garşylaýar. Salamlaşanlaryndan soň, iki ýurduň Liderleri din wekili bilen kafedral ybadathanasyna howlusyna barýarlar. Tanyşlyk gezelenjiniň barşynda Türkmenistanyň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow ybadathananyň taryhy we onuň aýratynlyklary bilen tanyşdyryldy. 

Gruziýanyň  esasy prawoslaw hristiýan ybadathanasy bolan keramatly Troisanyň kafedral ybadathanasy Awlabaride, keramatly Iliýanyň dagynda ýerleşýär. Bu täsin desga binagär Arçil Mindiaşwiliniň taslamasy boýunça 1995-2004-nji ýyllarda guruldy. Bu desgany gurmak baradaky pikir 1989-njy ýylda gruzin prawoslaw ybadathanasynyň awtokefaliýasynyň 1500 ýyllygyny baýram etmek hem-de Iisus Hristosyň doglan gününiň 2000 ýyllygy mynasybetli döredi. 

Şol ýylyň maý aýynda ähli gruziýanyň Patriarhynyň hem-de gruzin hökümetiniň  ýolbaşçylygynda ybadatnananyň taslamasyny düzmek barada bäsleşik yglan edilýär. Bäsleşige binagärler toparlarynyň 110-dan gowragy gatnaşdy. Iň gowy taslama seçilip alnanda, gruzin ybadathana binagärliginiň däpleriniň esasy ýörelgeleri, şeýle hem Ybadatnaha kanunçylygy üçin kabul ederlikli täzelikler göz öňünde tutuldy. Ybadatnananyň gurluşygy müňýyllygyň gurluşygy diýlip atlandyryldy.  

Taslama laýyklykda bu toplum ybadathanadan, kiçijik buthanadan, Patriahyň kabulhanasyndan, monastyrden, dini seminariýadan we akademiýadan, myhmanhanadan we beýleki kömekçi binalardan ybaratdyr. Tutuş toplum üçin keramatly Ilýanyň dagynda 11 gektar ýer bölünip berildi. Soboryň binagärligi gadymy gruzin dini binagärliginiň we häzirki zaman çözgütleriň sazlaşygyny alamatlandyrýar. Özboluşly bezeg we gruzin binagärlik ýörelgesi onuň töwereginde mizemezlik duýgusyny döredýär. Gijelerine  ybadathananyň yşyklandyrylyşy asmana uzalyp gidýän alawy ýatladýar.

Ybadathana  kiçi ybadathanalaryň dokuzysyndan—Arhangelleriň,  Ioann Çokundyryjynyň, Keramatly Ninanyň, keramatly Georginiň, On iki Apostolyň we ähli keramatlylaryň ybadathanalaryndan ybaratdyr. Olaryň bäşisi binanyň ýerasty böleginde ýerleşýär. Keramatly Troisa Lawrasy üçin jaňlar Germaniýada taýýarlanyldy. Ybadahnanada 9 jaň ornaşdyryldy. Olar iki usulda—mehaniki we elektron usulda hereket edýärler. Jaňlaryň   iň ulusynyň agramy 8 müň 200 kilograma barabardyr. 

Ybadathananyň gümmezi mis bölekleri bilen ýapyldy, onuň içi daş bilen örtüldi. Binanyň dört tarapy hem dürli derwezeler bilen gurşaldy. Ybadathananyň beýikligi 101 metre barabardyr. Ybadathananyň pollaryna mermer düşeldi we mozaika bilen bezeldi. Amiran Goglidzeniň  ýolbaşçylygyndaky suratkeşler topary onuň diwarlaryny suratlar bilen bezediler. Ýepiskopyň gürrüň berşi ýaly, Ybadathanany bezemek işleri häzirki wagta çenli hem dowam edýär.

Türkmen Liderine gymmatly ikonalaryň birnäçesi hem-de  Bibliýanyň uly golýazma nusgasy görkezildi. Bu gymmatlyklar baýramçylyk dessurlary geçirilýän mahalynda we bu ýere belent mertebeli myhmanlaryň gelmegi mynasybetli ýörite görkezilýär. 

Ýepiskop Ioanyň gürrüň berşi ýaly, ybadathana 2004-nji ýylyň 23-nji noýabrynda, Keramatly Georgiý Pobedonosesiň gününde açyldy we ähli Gruziýanyň Keramatly Katolikosy—Patriarhy Ilýa II tarapyndan keramatlandyryldy. Ybadathana bir wagtyň özünde 15 müň dindar ýerleşip bilýär. Häzirki wagtda bu toplumy Gruziýada ynanjyň we täze üstünlikleriň özboluşly nyşany hasaplanylýar.

Bu ýerde geçirilen söhbetdeşligiň barşynda medeni-gumanitar ulgamda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine garaldy. Türkmenistan bu ugurda maksadalaýyk işi alyp barýar, giň möçberli gumanitar taslamalary durmuşa geçirýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda dünýäniň dürli döwletleri, şol sanda Gruziýa bilen netijeli medeni gatnaşyklar üçin amatly şertler döredilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  aýtdy hem-de beýleki dinleriň wekillerine hormat-sarpa goýmagyň türkmen halkynyň esasy milli häsiýetleriň biridigini nygtady.

Dünýäniň esasy dinleriniň, şol sanda yslamyň we hristiançylygyň esasyny hoşniýetlilik we ynsanperwerlik ýörelgeleri düzýär. Türkmen halky umumadamzat gymmatlyklaryna uly sarpa goýýar we ýurdumyzdaky milletara we dinara sazlaşygyna aýawly garaýar. Çünki munuň özi parahatçylygy we durnuklylygy saklamakda, halklaryň arasyndaky özara düşünişmek ýagdaýyny has-da pugtalandyrmakda möhümdir. 

Türkmenistanyň we Gruziýanyň Prezidentleri däp bolan medeni-gumanitar gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň, iki dostlukly halkyň baý taryhy-medeni  mirasyny öwrenmek we wagyz etmek ugry boýunça  netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajypdygyny aýdyp, bu gatnaşyklaryň köp babatda döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam etmelidigini bellediler.

Türkmenistanyň Baştutany hoşlaşanda, Ýepiskop Ioanna gyzykly tanyşlyk gezelenji üçin minnetdarlyk bildirdi. 

Kafedral ybadathana bilen tanyşlykdan soň, milli Liderimiziň awtoulagy Tbilisi şäheriniň Halkara howa menziline tarap ugrady. 

Bu ýerde Türkmenistanyň  we Gruziýanyň Baştutanlarynyň gysgajyk  söhbetdeşligi boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki dostlukly halkyň gatnaşyklarynyň taryhynda täze tapgyryň başyny başlan gepleşikleriň netijelerine ýokary baha berip, Przident Giorgiý Margwelaşwili bilen mähirli hoşlaşdy. Gruziýanyň Lideri mundan beýläkki netijeli hyzmatdaşlyga üçin ygtybarly esasy goýan sapar üçin türkmen Liderine hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza ak ýol arzuw etdi. 

Soňra hormatly Prezidentimiz özüne garaşýan “Boing” uçaryna münüp, Aşgabada ugrady. 

Şu günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiziň uçary türkmen paýtagtynyň  Halkara howa menziline gondy. 

Degişli makalalar

Suwuň sungatdaky waspy.

syrach

Aziada-2017 Taslamasy Aziýa-Ýuwaş Ummany Teleradiogepleşikler Birleşiginiň Baş Assambleýasynda Görkezildi

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

syrach