15.9 C
Aşkabat
05.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Pudaklaýyn Forumlar-2018: «Açyk Gapylar» we Oňyn Bitaraplyk Syýasaty

BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesi ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasyny düzýär. Bu Kararnamalar 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan Bitarap Türkmenistanyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin daşary syýasy ugrunyň Konsepsiýasynda möhüm orny eýeleýän Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur almak bilen, milli Liderimiz bu strategiýanyň esasy wezipelerini kesgitledi. Şolaryň hatarynda döwletiň we jemgyýetiň parahatçylykly hem-de durnukly ösüşi üçin amatly daşary şertleri üpjün etmek, Türkmenistanyň eýeleýän ornuny berkitmek we ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryndaky milli bähbitlerini yzygiderli goramak wezipeleri bar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirýän forumlary hem öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmäge gönükdirilendir. DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda 17-nji fewralda ýurdumyzyň Diplomatik işgärleriniň gününe gabatlanylyp “Beýik Ýüpek ýolunyň diplomatiýasy: parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň dabaralanmagy” atly halkara maslahat geçirildi. Foruma Türkmenistanyň diplomatik korpusynyň wekilleri, döwletimizde işleýän diplomatik wekilhanalaryň, ilçihanalaryň we halkara guramalaryň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Gutlagda bellenilişi ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegine saldamly goşant goşýan Türkmenistan ählumumy başlangyçlary we taslamalary bilen çykyş edýär. Döwlet Baştutanymyz ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine özara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmekde diplomatik gullugyň hünärmenleriniň işine ýokary baha berdi.

Maslahatyň barşynda çykyş edenler özygtyýarly döwletimiziň dünýä giňişligindäki abraýynyň barha artýandygyny, daşary ýurtly hyzmatdaşlar we halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösýändigini nygtadylar.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yglan edilen 2018-nji ýylyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygary bu gadymy ýoly gaýtadan dikeltmek boýunça işi ilerletmäge ýardam edýär. Ýurdumyzyň işjeň gatnaşmagynda Beýik Ýüpek ýoly dürli görnüşlerde gaýtadan dikeldilip, syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar.

Ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň diplomatlary halkymyzyň gadymy taryhy bilen baglanyşykly meseleler barada durup geçip, türkmen hökümdarlarynyň ençeme asyrlar mundan ozal hem goňşy ýurtlar we dünýäniň beýleki sebitlerinde ýerleşýän döwletler bilen dostluk hem-de söwda gatnaşyklaryny ösdüripdir. Nusaýyň, Merwiň we Köneürgenjiň ýadygärliklerinden tapylan köp sanly ýazuw çeşmeleri hem-de arheologik gymmatlyklar, şeýle hem beýik şahyrlaryň, filosoflaryň we döwlet işgärleriniň işleri munuň şeýledigini tassyklaýar.

Giň hyzmatdaşlyga taýýarlyk, oňyn halkara tejribäni ornaşdyrmak hem-de sebit we dünýä derejesindäki meseleleri çözmekde işjeň parahatçylyk döredijilikli orny eýelemek döwletimiziň daşary syýasy strategiýasynyň üstünlige eýe bolmagynyň möhüm şerti bolup durýar. Bularyň ählisi milli bähbitleri goramagyň hem-de umumadamzat ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň netijeli guralyna öwrülen türkmen Bitaraplygynyň aýdyň netijesidir. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ählumumy ykrarnamasynyň aýdyň subutnamasydyr.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly ajaýyp kitabynda häzirki Türkmenistanyň çäginde gülläp ösen siwilizasiýalar, onuň dostluk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan döwlet syýasatynyň gözbaşlary barada gürrüň berilýär. Bu strategik ähmiýetli halkara ýoly gaýtadan dikeltmegiň täze taryhy wezipä öwrülen häzirki şertlerde Türkmenistan özüniň diplomatiýasyny bu taslamany amala aşyrmak üçin ulanýar.

Forumyň çäklerinde Daşary işler ministrligi tarapyndan daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalary bilen bilelikde guralan sergi ýaýbaňlandyryldy.

20-nji martda Halkara gatnaşyklary instituty özüniň döredilen gününiň 10 ýyllygyny dabaraly ýagdaýda belläp geçdi. “Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy: taryhdan geljege” atly forum bu waka bagyşlanyldy.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň 2008-nji ýylyň 20-nji martynda instituty döretmek hakyndaky çözgüdi ýurdumyzyň diplomatik gullugy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça bir bitewi ulgamyň kemala getirilmeginiň başlangyjyna öwrüldi. Munuň özi daşary syýasat we halkara gatnaşyklar ulgamynda hereket edýän döwlet düzümlerinde häzirki zaman ösüşiniň möhüm meseleleri boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýan hünärmenleriň üpjünçiligine gönükdirildi.

Bu çözgüt Türkmenistanyň dünýä giňişligine, halkara gatnaşyklar ulgamyna i

Degişli makalalar

Brýusselde «Türkmenistan-ÝB» Bilelikdäki Komitetiniň Nobatdaky Mejlisi Geçirildi

turkmenhabargullugy

Babadurmaz obasynyň täze durmuşy.

syrach

Türkmen Talyplary Halkara Matematika Ders Bäsleşiginiň Bürünç Baýragynyň Eýeleri