27.9 C
Aşkabat
16.06.2025
GÜNÜŇ WAKALARY

Putin 10 ministr bilen Türkiýede saparda boldy.

Türkiýe bilen Russiýa “Günorta akym”taslamasy meselesinde alynky ylalaşyga gol çekişdi

Prezident Erdoganyň Russiýanyň Prezidenti Putin bilen bolan duşuşygynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar, energetika pudagynda edilýän hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen birlikde Siriýada we Yrakda başdan geçirilýän wakalar seljerildi.
Energetika pudagynda Türkiýe bilen Russiýa “Günorta akym”taslamasy meselesinde alynky ylalaşyga gol çekişdi.
Russiýanyň Prezidenti Putin Türkiýä satylýan tebigy gazyň nyrhyny 6 göterim aşaklatjakdygyny habar berdi.
Ylalaşyga laýyklykda Türkiýe Russiýadan 3 milliard kub metrlik gaz satyn alar.
Prezident Erdogan Siriýa meselesinde tapawutly garaýşa eýediklerine garamazdan iki ýurduň hem meseläniň çözülmegini isleýändigini belledi.
Erdogan terrorçylyga garşy göreş meselesinde Russiýa we Eýran bilen birlikde hyzmatdaşlyk edip biljekdigine ünsi çekdi.
Russiýanyň Prezidenti Putin Premýer ministr Ahmet Dawutogly bilen bolan duşuşygynda Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň geljekde beýleki halkara görelde boljakdygyny ýatlatdy.

Degişli makalalar

Ženewada Durnukly Ösüş Boýunça Sebitleýin Forum Geçirildi

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Saýlawlarynda Ses Berdi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Saud Arabystana Resmi Sapary Başlanar

syrach