23.9 C
Aşkabat
25.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Tallymerjen Töweregi Durnalaryň we Beýleki Suwda-Batgada Ýaşaýan Guşlaryň Mekany Halkara Derejesini Aldy

Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynda çal durnalara bagyşlanan ekologiýa çäresi geçirildi. Bu guşlar häzirki wagtda Merkezi Aziýada hemişeki gyşlaýan ýerleri bolan Tejen derýasynyň we Amyderýanyň jülgelerinde duş gelýär.

Durnalar gününiň guramaçylarynyň geçiren açyk sapagynda okuwçylara durnalaryň dürli ýurtlarda goralyşy barada gürrüň berildi. Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň wekili Döwletli etrabynyň häkiminiň orunbasaryna Tallymerjen töwereginiň durnalaryň we beýleki suwda-batgada ýaşaýan guşlaryň düşleýän wajyp ýerleri hökmünde halkara derejesini tassyklaýan ötegçi haýwanlaryň görnüşleini goramak boýunça Halkara konwensiýasynyň Sekretariatynyň sertifikatyny gowşurdy.

Çäräniň çäklerinde “Duranalar – çagalaryň gözi bilen” atly çagalar suratlarynyň bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Döredijilik bäsleşigine ýüze golaý okuwçy gatnaşdy. Iň gowy işleriň altysyna ýörüte sylaglar berildi. Çärä gatnaşanlara “Durnalar güni” nyşany, şeýle hem maglumatlar kitapçasy gowşuryldy.

Durnalar güni Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň we Menzbir ornitologiýa jemgyýetiniň, şeýle hem Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti hem-de Beýik Britaniýanyň Guşlary goramak Şalyk jemgyýeti (RSPB) bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Döwletli etrabynyň häkimliginiň goldamagynda durnalary öwrenmek we goramak boýunça milli bilermenleriň iş toparynyň başlangyjy bilen geçirildi.

Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş Konsullygy Tarapyndan Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň Şanly 25 Ýyllygy Hem-de 2020-nji “TÜRKMENISTAN-BITARAPLYGYŇ MEKANY” Ýyly Mynasybetli Ylmy Tegelek Stol Geçirildi

“Türkmenkabel” Zawodynyň Işgärleri Şu Ýerde Tikilýän Iş Eşigi Bilen Üpjün Edildi

turkmenhabargullugy

Gökderede Ýaş Syýahatçylaryň Möwsümde Ikinji Ýygnanyşygy Geçirildi

syrach