27.9 C
Aşkabat
03.05.2024
DÜNÝÄ

Putin 4 ýyl soñ täzeden prezident boldy.

Russiýada geçirlen prezident saýlawynda Wladimir Putin üstünlik gazandy.

Russiýanyñ prezidentligi üçin hepdäniñ ahyrynda geçirlen saýlawyñ resmi resmi bolmadyk netijelerine görä Putin 4 ýyl soñ täzeden prezident boldy.

Saýlawda belli alynan 110 million saýlawçy ses berdi.

Resmi bolmadyk netijelere görä sesleriñ 62 göterimini alan Putin birinji etapda saýlawda üstünlik gazandy.

Putine goldaw berýänler bu üstünligi gutlamaga başlady.

Wladimir Putin Kremldäki Manež meýdanyna çykyp Russiýanyn häzirki Prezidenti Medwedew bilen birlikde ýeñişini yglan etdi.

“Size üstünlik gazanjakdygym barada söz berdim we üstünlik gazandym” diýen Putin duýguly pursatlary başdan geçirdi.

Russiýada Konstitutsiýa girizilen soñky üýtgetme bilen prezidentiñ iş möhledi 4 ýyldan 6 ýyla çykarlypdy.

Ýagny 60 ýaşyndaky Wladimir Putin mundan soñky prezident saýlawynda üstünlik gazanan halatynda 2024-nji ýyla çenli Russiýanyñ Prezidenti wezipesini ýerine ýetirer. 

referans: www.trtturkmen.com

Degişli makalalar

Ankara Hazardaky Ýatak Boýunça Türkmen-Azerbaýjan Ähtnamasyny Goldaýar

Türkmenistanda Estoniýa Respublikasynyň ilçisi..

syrach

Azerbaýjan harby türgenleşik geçirer

syrach