15.01.2026
DÜNÝÄ

Putin Palestina Goldaw Berdi

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin paýtagty Gündogar Ierusalym bolan garaşsyz Palestina döwletiniň gurulmagyna goşant goşmaga dowam etjekdiklerini aýtdy.
Rus lideri Putin Müsüriň Şarm Al Şeýh şäherinde geçirilýän Arap ligasynyň ýokary derejeli 26-njy maslahatyna gatnaşýan liderlere ýörite ýüzlenme ugratdy.
Putin ýüzlenmesinde Palestinalylaryň paýtagty Gündogar Ierusalym bolan garaşsyz döwlet gurmak we asuda ýagdaýda ýaşamak hukugyna eýedigine ünsi çekdi.

Russiýanyň iki taraply we köp taraply gepleşikler arkaly meseläniň çözülmegine goşant goşmaga dowam etjekdigini aýdan Putin Arap dünýäsiniň başdan geçirýän kynçylyklarynyň gepleşik arkaly çözülmelidigini nygtady.

çeşme: trtturkmen 

Degişli makalalar

Orta Aziýanyň Daşary işler ministrleri Bişkekde duşuşdy.

syrach

Nebit Gymmatlaýar

Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa we Bolgariýa Respublikasynyň Prezidentlerini Gutlady

turkmenhabargullugy