27.4 C
Aşkabat
19.04.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Parlament Agzalary Üçin COVID-19 Keseline Jogap Hereketlerine…

Parlament Agzalary Üçin COVID-19 Keseline Jogap Hereketlerine we Durnukly Ösüş Maksatlaryna Bagyşlanan Global Onlaýn-Mejlis Geçirildi

2020-nji ýylyň 9-njy iýunynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly parlament agzalary üçin COVID-19 keseline jogap hereketlerine we Durnukly ösüş maksatlaryna bagyşlanan global onlaýn-mejlis geçirildi.

Çäre Parlamentara Bileleşigi, BMG-niň Durnukly ösüş çözgütleri boýunça ulgamy hem-de Global maksatlara ýetmek boýunça parlamentariýler tarapyndan guraldy. Bu onlaýn-mejlisiň işine dünýäniň ähli sebitleriniň döwletleriniň parlament agzalary hem-de jemgyýetçilik saglygy, ykdysadyýet we beýleki ugurlar boýunça halkara bilermenler gatnaşdylar. Türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri gatnaşdy.

Mejlisiň barşynda gatnaşyjylaryň ünsi BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryndan, Howanyň üýtgemegi barada Çarçuwaly Konwensiýasynyň Pariž ylalaşygyndan ugur almak arkaly epidemiýa garşy göreşmegiň hem-de global ykdysadyýeti durnukly we ähli zady öz içine alýan esasda dikeltmegiň öňdebaryjy usullaryna çekildi. Bilermenler ykdysadyýeti durnuklylyk nukdaýnazaryndan pandemiýadan öňki ýagdaýyna dikeltmek barada pikir alyşdylar.

Türkmen tarapy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Tedros Gebreýesusyň adyna ýazan hatynda beýan edilen ilatyň saglygyny goramak ulgamynda we COVID-19 koronawirus ýokanç keseli pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça Türkmenistanyň Hökümetiniň alyp barýan çäreleri baradaky maglumat bilen çykyş etdi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlamentariýleriniň ÝHHG-niň PA-nyň başlygy bilen onlaýn maslahatlaşmalar geçirildi

2020-nji ýylyň 9-njy iýunynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň başlygy G.Tsereteli bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly maslahatlaşmalary geçirildi. Onlaýn-sessiýada türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary wekilçilik etdi.

Mejlisde sebit meseleleri boýunça giňişleýin ara alyp maslahatlaşmalar geçirildi we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlamentariýleri ÝHHG-niň PA-sy bilen maksadalaýyk özarahereketleriň dowam etdirilmegi boýunça pikirleri alyşdylar.

Web-gepleşikleriň barşynda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Baş Sekretary R.Montellanyň ÝHHG-niň PA-nyň öňde duran wezipeleri baradaky täzelenen maglumatlary, şonuň ýaly-da Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň ýerli hem-de sebit derejesindäki ykdysady ösüş, kanunçylyk özgertmeleri, saýlawar ýaly ulgamlarynda alyp barýan işleri, sebitleýin hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi, parlamentariýleriň ÝHHG-niň PA-nyň işine gatnaşyklarynyň ýygjamlaşdyrylmagy hem-de parlament gatnaşyklary dogrusyndaky çykyşlary diňlenildi.

Mundan başga-da, işjeň hem-de mazmuna baý ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda duşuşyga gatnaşyjylar COVID-19 pandemiýasy zerarly ýüze çykan çökgünlik bilen bagly bolan meseleleriň giň toplumyna hem seredip geçdiler. Bu ugurda gatnaşyjy-döwletleriniň her biriniň geljekde taýýarlyklaryny, durnuklylyklaryny we jogap hereketlerini ýokarlandyrmagyň özboluşly usuly hökmünde ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň yzygiderli onlaýn-gepleşikler arkaly tejribäniň, şonuň ýaly-da öňdebaryjy bilimleriň utgaşdyrylmagy we alyşylmagy bilen özara goldawy ýaýbaňlandyrýandygy hem aýratyn bellenilip geçildi.

Çykyşlaryň dowamynda türkmen tarapy Türkmenistanyň Hökümetiniň, şonuň ýaly-da Mejlisiň häzirki çylşyrymly döwürde durmuşa geçirýän işjeň häsiýetli hereketleriniň ähmiýetli derejede dünýä jemgyýetçiliginiň hereketleri bilen utgaşdyrylan hem-de dünýäniň ähli ilatyny durnukly howplaryň giň toplumyndan çäklendirmäge hem-de raýatlaryň esasy hukuklarynyň goraglylygyny üpjün etmäge we ykdysadyýetleriň uzakmöhletleýin dikeldilmegini hemmetaraplaýyn goldamaga ukyply bolan jogap çäreleriniň işlenilip düzülmegine ýardam edýändigini aýratyn nygtady.

Türkmen-eýran serhedindiň çäginde täze awtomobil köprüsiniň açylyş dabarasyna bagyşlanan duşuşyk

2020-nji ýylyň 8-nji iýunynda türkmen-eýran serhedindiň çägindäki «Sarahs-Sarahs» gözegçilik-geçiriş nokadynda Tejen derýasynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň açylyş dabarasy geçirildi. Çäre Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen utgaşdy we dabaraly ýagdaýda geçirildi.

Bu ajaýyp çäre mynasybetli günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň ýokary wezipeli wekilleriniň wideokonferensiýa görnüşindäki duşuşygy geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministri, şeýle-de Ahal welaýatynyň häkimi ýolbaşçylyk etdiler. Eýranyň wekiliýetine Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şähergurluşyk ministri, Horasan-e Razawi welaýatynyň häkimi ýolbaşçylyk etdiler.

Türkmen-eýran gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem pugtalandyrylmagy nukdaýnazaryndan täze awtomobil köprüsiniň açylmagynyň aýratyn ähmiýetini nygtamak bilen, taraplar söwda-ykdysady, ulag we beýleki möhüm ugurlarda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurlygyny nygtadylar. Duşuşyga gatnaşyjylar ulag ýollarynyň açylmagynyň häzirki döwürde aýratyn ähmiýete eýedigini, şunuň ýaly hereketleriň iki ýurduň degişli pudak edaralarynyň sazlaşykly işleriniň netijesi bolup durýandygyny belläp geçdiler. DIM

Degişli makalalar

Türkmenistan-Malaýziýa: Nebitgaz Pudagynda Hyzmatdaşlyk

Içerki Gatnawlary we Daşary Ýurt Gatnawlary 28-nji Maýa Çenli Ýatyryldy

Futbol Çempionatymyzyň Ilkinji Üç Tapgyrynda 11 Futbolçy Tapawutlandy