21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar TEHNOLOGİÝA

“Rheinmetall” Kompaniýasynyň Sürüjisiz Halas Ediji Tehnikasy

«Rheinmetall» kompaniýasy özüniň «Mission Master» tehnikasynyň halas ediş modelini döretdi. «Mission Master» tehnikasy sürüjiniň janyny howp astyna salman, ýaralanan esgerleriň halas edilmegini belli bir derejede ýeňilleşdirip, howply tabşyryklarda ulanmak üçin niýetlenen sürüjisiz tehnikadyr.

Täze halas ediji tehnika meýdan şertlerinde lukmançylyk kömegini hem berip bilýär. Bu bolsa howp astynda galan esgerleri uzak aralykdan dolandyryjy arkaly halas etmäge mümkinçilik berýär. Meýdan şertlerinde dürli abzallar bilen dogry hereketleri etmek esasy meseledir.

«Rheinmetall» kompaniýasynyň guryýerde halas ediji sürüjisiz tehnikasy iki sany sebedi, baş we aýak hereketsizlendirijileri, kislorod nikaplary we gaplary, ýürek urgusyny barlaýjy enjamy, gyzgynlyk we sowuklyk gutusy bilen birlikde, ýaralananlary halas etmek üçin gerekli bolan ähli esbaplar bilen üpjün edilendir. Bu enjamlar ilkinji lukmançylyk kömeginde ulanylýar.

Operatorlar tehnikada bar bolan awtonom nawigasiýany ulanyp, ýakyn ýa-da uzak aralykdan tehnikany dolandyryp bilýärler. Şeýlelik-de, meýdanda gerekli bolan adam sany azalýar. Bu aýratynlyk lukmanlaryň gymmatly wagtlaryny tygşytlamaga ýardam berýär.

Sürüjisiz tehnika uzak aralyklary görüp bilýän kamera, teleskop, uzaklyk ölçeýji enjam we 360 graduslykda gözegçilik edýän GPS ugrukdyryjy ulgamlary bilen üpjün edilendir.

Çeşme: Milli Goşun

Degişli makalalar

Aşgabatda Türkiýäniň Eksport Harytlarynyň Sergisi Fotosuratlary

Message For Media

Halkara Pul Gaznasy Türkmenistanyň Ösüş Ugruna Oňyn Baha Berdi