22.2 C
Aşkabat
17.05.2024
DÜNÝÄ

Rus Gazprom firmasy Özbegistan bilen şertnama baglaşdy.

Rus Gazprom firmasy Özbegistan bilen şertnama baglaşdy. Rus Gazprom firmasy Özbegistan bilen 2013-2015-nji ýyllaryň arasynda özbek gazynyň satyn alynmagy we tranzit geçişi bilen baglanşykly şertnama baglaşdy.
Mesele bilen baglanşykly berlen beýanatda Özbegistanda saparda bolan Rus Gazprom firmasynyň başlygynyň orunbasary Aleksandr Medwedewiň saparynyň çäginde Wise-premýer Rüstem Azimow we Özbekneftgaz firmasynyň başlygy Şakir Faýzullaýew bilen duşuşdygy mälim edildi.
Duşuşykda 2013-2015-nji ýyllaryň arasynda satyn alynjak özbek gazy bilen baglanşykly mesele seljerildi.
Duşuşyklardan soň taralaryň arasynda 2013-2015-nji ýyllarda özbek gazynyň satyn alynmagy we tranzit geçişi bilen baglanşykly şertnama baglaşylandygy nygtaldy. Mundan başgada Rus Gazprom firmasy bilen Özbekneftgaz firmasynyň arasynda uzak möhletli strategik hyzmatdaşlyk şertnamasynyň taýarlanmagy bilen baglanşykly ýörite komissiýanyň döredilmegi meselesinde ylalaşyga gelnendigi bellenildi. Jemi tebigy gaz ätiýajynyň 6,25 trillion kub metr bolandygy aýdylýan Özbegistanda ýylda ortaça 60 milliard kub metrlik gaz öndürülýär. Gazyň bir bölegi ýurduň içinde sarp edilýärkä galan bölegi Russiýanyň başda durmagynda Hytaýa, Gyrgyzystana we Täjigistana eksport edilýär.

Degişli makalalar

ÝB-Latyn Amerika Gatnaşyklary

syrach

Dünýä Çempionatlarynda Türkmen Pälwanlarynyň Üstünlikleri

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Eksport…