27.4 C
Aşkabat
19.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Russiýa-Abhaziýa hyzmatdaşlyk şertnamasy.


Russiýa Gürjistandan bir taraply garaşsyzlygyny yglan eden Abhaziýa Awtanomiýasy bilen Strategik hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy

Düýn Russiýanyň Soçi şäherinde gol çekişilen ylalaşyga laýyklykda Gürjistan bilen Abhaziýanyň arasyndaky serhet rus we abhaz goşunlary tarapyndan goralar.
İki ýurduň arasynda sosial we ykdysady ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegi göz öňünde tutýan ylalaşyga laýyklykda taraplardan birine ýarag hüjüm guralan halatynda beýleki tarap ony özüne guralan hüjüm hökmünde kabul edip, harby güýç bilen birlikde ähli goldawy berer.
Rus we abhaz goşunlary bir ýylyň dowamynda bilelikdäki goranyş utgaşyklygyny ýola goýar.
Gürjistanyň daşary işler ministri Tamar Beruçaşwili Arkalaşyk we Strategik Hyzmatdaşlyk Şertnamasyny ýazgaryp, ylalaşygy Russiýanyň Abhaziýany anneksiýasy hökmünde häsýetlendirdi.
Beýanatda “Gürjistanyň hökümeti şol bikanun çemeleşmäni ýazgarýar we halkara hyzmatdaşlaryny Gürjistanyň territorial bitewiliginiň goralmagyna hem-de halkara kanunlaryna bap gelmeýän şol hereketi seljermäge çagyrýar” diýilýär. 

Degişli makalalar

«Altyn Asyr» «Ahaldan» Üstün Çykdy

Awazada “Aziada-2017: Parahatçylygyň we Ösüşiň Ugrunda Halkara Sport Hyzmatdaşlygy” Atly Kongres Açyldy

Dostluk Konsertiniň Joşguny (Elizaweta Waldemarowna Iwansiw)