29.9 C
Aşkabat
17.06.2025
DÜNÝÄ

RUSSIÝA TÄHRANA 800 MILLION DOLLARLYK JERIME TÖLÄR

Russiýa BMG-nyñ Howpsuzlyk geñeşiniñ Eýrana sanksiýa goýulmagy meselesinde kabul edilen karar sebäpli Eýrana S-300 kysymly roketalaryñ satylmagy baradaky şertnamasyny bir taraply ýagdaýda ýatyrypdy.

Emma bu gezek roketalaryñ Eýrana tabşyrylmandygy sebäpli Tährana 800 million dollarlyk jerime tölär.

Russiýanyñ Prezidenti Dimitriý Medwedew bilen birlikde Kipr grek tarapynda saparda bolan Rus tehnalogiýalary firmalar toparynyñ başlygy Sergeý Çemizow mesele babatynda beren beýanatynda S-300 kysymly roketalaryñ tabşyrylmandygy üçin Eýrana jerime tölejekdiklerini aýtdy.

Medwedew Eýrana S-300 kysymly roketalar bilen birlikde beýleki döwrebap ýaraglaryñ satylmagyny gadagan edipdi.

referans: www.trtturkmen.com

Degişli makalalar

Reuniondaky Wulkanyň Hereketi Artýar

syrach

Metbugat Üçin Habar

turkmenhabargullugy

Göç İdaresi: Ülkemizde Bulunan Yabancıların Dikkatine

turkmenhabargullugy