26.9 C
Aşkabat
01.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SAGLYK

Sagdyn Iýmitlenmek

Sagdyn Iýmitlenmek

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde “Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2013-2017-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmek boýunça pudagara utgaşdyryjy toparynyň mejlisi geçirildi.

Duşuşygyň esasy meseleleriniň biri geçen döwürde durmuşa geçirilen işleriň jemlerine garamak hem-de hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek wezipeleri boldy. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitiniň bilermenleriniň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNISEF) wekilleriniň gatnaşmagynda guralan mejlisiň gün tertibine, şeýle hem sagdyn iýmitlenmek boýunça 2018-2025-nji ýyllar üçin täze maksatnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak meselesi girizildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça şu ýylyň tomsunda açylan
Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň aýratyn ähmiýetini bellediler. Bu merkez häzirki zaman innowasiýa häsiýetli edara bolup, onuň işi durmuş we biologiýa şertleriniň ilatyň saglygyna ýetirýän täsirine ylmy seljermeleri geçirmek, ekologiýa taýdan arassa azyk tehnologiýalarynyň hem-de sagdyn iýmitlenmegiň kadalarynyň işlenip taýýarlanylmagyna gönükdirilendir.

Mejlisiň barşynda türkmen tarapyndan birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri çykyş etdiler. Bellenilişi ýaly, adamlaryň saglygyny gowulandyrmak, keselleriň öňüni almak, ömrüň dowamlylygyny artdyrmak, sporty wagyz etmek boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan işler oňyn netijelerini berýär.

Daşary ýurtly hünärmenler duşuşyga gatnaşyjylary dogry iýmitlenmegiň hem-de semremegiň öňüni almagyň esaslaryny ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy daşary ýurt tejribesi, azyk önümleriniň hiline baha bermekde täze barlaghana-seljeriş usullary bilen tanyşdyrdylar. Halkara bilermenleri “Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2013-2017-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň” çäklerinde ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň netijelerine ýokary baha berdiler.

Degişli makalalar

Tailandda Jiu-Jitsu Boýunça Ussatlarymyz 29 Medal Gazandylar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi

syrach