27.9 C
Aşkabat
03.05.2024
SAGLYK

Sagdynlyk we bagtyýarlyk.

Türkmenistanda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn jemgyýetçilik-medeni çäreleriň biraýlygyny badalga berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça guralan bu uly möçberli çäreler her ýylyň aprelinde başlanýan hem-de adamyň jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň gymmatly baýlygy diýlip yglan edilen ýurdumyzda geljege, halkyň saglygynyň goralmagyna we berkidilmegine gönükdirilen täze ýörelgä öwrüler. Munuň özi ýönekeý şygar däl-de, adamlaryň ýaşaýşy, zähmeti we dynç alşy, döredijilik we aň-bilim taýdan öz mümkinçiliklerinden peýdalanmagy üçin bilelikde has göwnejaý şertleriň döreilýändigini görkezýär.

Il saglygy – ýurt baýlygy. Çünki adamyň we maşgalanyň diňe bir abadançylygy, zähmeti babatda zerur we göwnejaý şertleriň döredilmegi medeniýetiň dereşjesini, döwlet dolandyrylyşynyň netijeliligini has aýdyň görkezýän ölçeg bolup drýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş syýasaty diňe bir ykdysady bähbitlere däl-de, ilkinji nobatda, ruhy-ahlak ýörelgelere we maksatlara gönükdirilendir. Durmuşa degişli ähli maksatnamalar şunuň bilen baglylykda işlenip düzülýär, şolaryň arasynda sagdynlyga degişli köpçülikleýin häsiýetli çärelere aýratyn ähmiýet berilýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyz halkymyzyň we ilkinji nodatda ýaş nesliň saglygynyň goralmagyny döwlet derejesindäki ilkinji nobatdaky wezipe hökmünde görkezip, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we ýokary netijeli spolrtuň ösdürilmeginiň uzak möhletleýin umumy milli maksatnama mahsus bolan guramaçylykly häsiýete eýe bolmagyna badalga berdi. Hut şu ugurda eýýäm anyk we yzygiderli ädimler ädildi. Muňa mysal edip, ýurdumyzda umumymilli Spartakiadalaryň we sportyň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlarynyň guralmagyny, sportyň maddy-tehinki binýadyň döwrebaplaşdyrylmagyna we ösdürilmegini görkezmek bolar.

Türkmenistanyň Prezidenti sport boýunça herekete baştutanlyk edip, oňa ählihalk derejesinde uly ähmiýet bermek arkaly, diňe bir bedeni kämilleşdirmek we oňyn netijeler gazanmak bilen çäklenmän, şahsyýetiň sazlyşykly ösüşe eýe bolmagy babatda görelde görkezýär, munuň özi ilkinji nobatda adamyň ruhy, ahalak dünýäsiniň wajypdygyny, onuň ýörelgeleriniň möhümdigini görkezýär we ata Watanymyza söýgä hem-de onuň has kuwwatly we gözel bolmagy bilen bagly maksada esaslanýar. Häzirki wagtda sagdyn beden we ruh bilen bagly gymmatlyklar sporta höwes bildirýän çagalaryň we ýetginjekleriň sanynyň artmagyna getirdi. Ýurdumyzda bedenterbiýe-sport boýunça ýaýbaňlandyrylan hereket ýaş nesli ahlak taýdan terbiýelemekde wajyp ähmiýetli ýagdaýa öwrülip, bu nesliň oý-pikirlerine we dünýägaraýşyna oňyn täsirini ýetirýär hem-de saglygy berkitmegiň has netijeli usullaryň biri bolup durýar.

Saglyk ýaşaýşyň hiliniň möhüm ähmiýetli ölçegidir we görkezijisidir. Saglyk ýaly gymmatlygyň ýokdugyny hem-de oňa dürs garamagyň netijelidigini ýene-de bir gezek belläsimiz gelýär. “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriň şu biraýlygy jemgyýetde hut şunuň ýaly çemeleşmäniň berkarar edilmegine hem-de sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine esaslanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bir aýlygy geçirmek baradaky başlangyjy türkmenistanlylaryň ählisi tarapyndan ruhubelentlik bilen oňlanyldy, olar durmuşyň has oňat, gyzykly, täsirli bolmagy üçin umumy işe özleriniň şahsy goşandyny goşmak maksady bilen, bu köpçülikleýin çärä taýýarlyk görülmegine işjeň goşulyşdylar.

Bu bir aýlygyň ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işgärleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda uzak aralyga ylgamak bilen başlanmagy ýöne ýerden däldir. Çünki her birimiz ylgamagyň saglygyň girewi bolup durýandygyny bilýäris, ýöne gündelik durmuşda haýal-ýagallygyny delillendirmek arkaly muňa eýermeýänler hem bar. “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly ajaýyp şygar bahar paslynda irden bizi hereketiň, tämizligiň we şähdaçyklygyň, oňat we peýdaly endige eýermek ugrunda jebisleşmegiň şatlygyny duýmaga çagyrýar. Paýtagtymyzda uzak aralyga köpçülikleýin ylgamak üçin Köpetdag şaýoly saýlanyp alyndy. Ähli welaýatlaryň merkezleriniň şaýollarynda-da ylgamak üçin zähmet toparlarynyň wekilleri we ýaşlar ýygnanarlar. Sagdyn bolmak üçin ylgamak bedenterbiýä degişli türgenleşikleriň has ýönekeý, elýeterli we şoňa görä-de, has köpçülikleýin çäreleriň we birentek keselleriň öňüni almagyň netijeli görnüşi bolup durýar.

Şu gün Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde lukmançylyk we sport jemgyýetçiliniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly ylmy-amaly maslahat sportuň mümkinçiliklerinden peýdalanmak we onuň adamyň bedenine oňyn täsirini ýetirmek, keselleriň öňüni almak boýunça birnäçe ugurlar boýunça işleri geçirmek bilen bagly meselä bagyşlanar.

Agşamara biraýlygyň açylmagy mynasybetli paýtagtymyzdaky “Köpetdag” sport toplumynda, şeýle hem welaýat merkezlerindäki sport toplumlarynda, stadionlarda we sport mekdeplerinde gyzykly çäreler geçiriler. Bu çäreler Sport baradaky döwlet komiteti, Içeri işler ministrligi, Medeniýet, Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleri, jemgyýetçilik guramalary, şäherlerdäki we ýerlerdäki häkimlikler tarapyndan guralar.

2-3-nji aprelde aşgabatlylar “Galkynyş” bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda gündogaryň başa-baş söweşi boýunça görkezme çykyşlaryna tomaşa edip bilerler. Şeýle hem ertir Türkmenistanyň sambo we çeper gimnastika boýunça ýaryşlaryna badalga berler. Samboçylar Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky sport mekdebinde bäsleşerler, ýurdumyzyň gimnastikaçy zenanlary bolsa Gökjedäki (Aşgabatdaky) 3-nji toplumlaýyn sport mekdebiniň binýadynda guraljak bäsleşiklerde ukyplaryny görkezerler. Bu ýaryşlaryň ýeňijileri 5-nji aprelde yglan ediler.

Penşenbede, 3-nji aprelde Aşgabadyň “Köpetdag” sport toplumynyň ýodalarynda “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talyplary” atly şygar bilen Türkmenistanyň orta hünärment mekdeplerinde okaýanlaryň arasynda ýeňil atletika boýunça ýaryşlar geçiriler.

Buzda figuralaýyn typmak boýunça görkezme çykyşlar şu hepdäniň has täsirli tomaşalarynyň birine öwrüler. Bu çykyşlar anna gününde paýtagtymyzdaky gyşky oýunlar sport toplumynyň buzly meýdançasynda geçiriler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Soçi şäherinde XXII Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy sportuň gyşky görnüşleriniň muşdaklary bolan müňlerçe türkmenistanlylary ruhlandyrdy. Olaryň arasynda Aşgabatda buzly köşkleriň açylmagy netijesinde ýylsaýyn artýan ýaş hokkeýçiler we buzda figuralaýyn typýanlar hem bar. Ýurdumyzda garyň ýagmagyna garaşyp, taýgançak eňňitlerden inmegiň lezzetini duýmak üçin lyžaly dag eňňitlerinden typyp aşak düşmek isleýänler az däl. Häzirlikçe munuň özi höwesjeňlere mahsus ýagdaý bolsa-da, maýyl howaly we dünýäde iň uly çöllükleriň birini özünde jemleýän ýurdumyz üçin sportuň slalom, mogul we fristaýl, skeleton ýa-da kerling ýaly görnüşleri babatda bildirilýän gyzyklanma artýar we munuň özi Türkmenistanyň gyşky olimpiýa hereketiniň ösüşine hem gatnaşýandygyna şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Milli olimpiýa hereketiniň Başlygy bolmak bilen, ýurdumyzda sportuň täze, şol sanda gyşky we soňky ýyllarda Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna goşulan görnüşlerini ösdürmek üçin düzümi döretmek barada görkezme berende, sporty ösdürmek ugrundaky wezipeleri kesgitlemek arkaly şu meseläni orta atdy.

“Aşgabat—Aziada-2017-niň paýtagty” atly halkara sport sergisi biraýlygyň wajyp ähmiýetli wakalarynyň biri bolar. Onuň ekspozisiýasy 3-5-nji aprel aralygynda Sergi köşgünde guralar. Içeri işler ministrligi, Syýahatçylyk we Sport baradaky döwlet komitetleri Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan bu forum Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görlüşini, ýurdumyzyň sport we degişli düzümi döretmek, olimpiýa hereketini ösdürmek boýunça mümkinçiliklerini äşgär eder. Häzirki wagtda ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Aşgabatda Aziýa oýunlaryny geçirmek baradaky başlangyjyny goldady, bu oýunlar sportuň, dostlugyň we myhmansöýerligiň uly baýramçylygyna öwrüler.

Şunuň ýaly giň gerimli wakalar ýurdumyzyň ykdysadyýetine, medeni durmuşyna we syýahatçylyk pudagyna güýçli we höweslendiriji täsirini ýetirip, dürli ugurly halkara hyzmatdaşlygyny gös-göni işjeňleşdirýär. Bu çäreler dostluk we işewür gatnaşyklaryň ösdürilmegine, dünýäniň halklarynyň arasyndaky ynamyň we özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagyna degerli badalga berýär.

Hut şunuň ýaly uly sport çäresiniň geçirilmegi netijesinde Aşgabat diňe bir uly möçberli sport çärelerini guramak bilen çäklenmän, sporty ösdürmek, Olimpiýa oýunlaryna ýygyndy toparlaryň geljekki düzümlerini taýýarlamak we geljekde şol oýunlary geçirmek üçin tejribe toplar.

Daşyndan syn edeniňde bu umyt-arzuwlaryň irnik bolup görünýändigine garamazdan, bulary amala aşyrmak üçin anyk esaslar bar. Birinjiden, şunda degişli düzüm bar – Türkmenistana eýýäm amala aşyrylan, şeýle hem alnyp barylýan gurluşyklar babatda buýsanmaga esas berýän ýagdaýlar döredildi, galyberse-de, netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň ähli derejelerinde döwlet tarapyndan dolulygyna goldaw berilmegi şeýle forumlaryň üstünlikli geçirilmeginiň göwnejaý kepili bolup durýar, munuň özi hökümetiň diňe bir at-abraýy has-da beýgeltmek bilen çäklenmän, halkyň abadançylygynyň we sagdynlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen işleri geçirýändigini görkezýär.

…5-nji aprelde biraýlygyň bäsleşikli tapgyry olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdebiň ýaşlarynyň arasynda sambo boýunça açyk ýaryşy hem-de Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda milli göreş boýunça ýaryşy geçirmek arkaly dowam etdiriler. Bu bäsleşikler 7-nji aprele çenli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebinde dowam eder. Şol gün Lebapda (Türkmenabatda) Türkmenistanyň göreş boýunça ýaryşy, Aşgabatda bolsa ýaşlaryň arasynda dzýu-do boýunça ýaryş geçiriler. 6-njy aprelde Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde “Sagaldyş bedenterbie we sport lukmançylygy” atly ylmy-amaly maslahat bolar.

7-nji aprelde tutuş ýurdumyzda Bütindünýä saglyk güni belleniler. Şonda ýene-de bir uly sport çäresi – welosipedli köpçülikleýin ýöriş guralar. Şunuň ýaly uly möçberli çäre Türkmenistanda geçen ýylyň 1-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilip, Türkmenistanda sagdynlyk hereketiniň, welosportuň ösdürilmegine goldaw berilmegine, umuman, sportuň wagyz edilmegine önjeýli goşant goşdy hem-de ekologiýa babatda täze düşünjeleriň ornaşdyrylmagyna, jemgyýetiň daşky gurşawyň ýagdaýy boýunça jogapkärçiliginiň artdyrylmagyna çagyryşa öwrüldi.

Şondan bäri, diňe bir köpçülikleýin çäreleriň geçirilýän günlerinde däl-de, dynç alyş günlerinde-de, şäherlileriň aglabasy welosipedli gezelenç etmek arkaly, sagdynlygyň lezzetini duýmak üçin ekologiýa taýdan has amatly iki tigirli ulaga atlanýar. Ýarym ýyldan soňra nobatdaky welomarafon paýtagtymyzdaky Köpetdag şaýolunyň hem-de welaýat merkezleriniň şaýollarynyň ugrunda ýene-de müňlerçe adamlary jemlär.

Şol gün Aşgabatdaky “Olimpiýa” suw-sport toplumynda sportuň suwda oýnalýan görnüşleri boýunça görkezme çykyşlar hem-de IIM-niň institutynyň hokkeý boýunça ýaryş geçiriljek Buzly köşgüniň açylyş dabarasy geçiriler. 7-10-njy aprel aralygynda Türkmen döwlet medeniýet institutynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda küşt boýunça ýaryş geçiriler. “Galkynyş” bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda Türkmenistanyň boks boýunça ýaryşy guralar.

Türkmenistanyň ýüz öýjükli şaşka boýunça ýaryşy sporta bagyşlanan bir aýlygyň intellektual we bäsleşik taýdan diýseň gyzykly boljakdygyny görkezýär. Bu ýaryş 8-10-njy aprel aralygynda Balkanabatda geçiriler. Galyberse-de, 10-13-nji aprelde Balkanabatda alpinizm boýunça bäsleşikler geçiriler.

11-12-nji aprelde paýtagtymyzdaky “Galkynyş” bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ýaryş bolar. Ýekşenbede, 13-nji aprelde Türkmenstanyň orta mekdeplerinde okaýanlar üçin işjeň hereketli sport oýunlary guralar. Şonda welaýatlaryň dolandyryş merkezlerindäki we Aşgabatdaky sport mekdepleriniň we sport toplumlarynyň meýdançalary ýaşlaryň ygtýarynda bolar.

Şeýle hem şol gün 9-njy aprelde Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň mekdebinde ýetginjekleriň arasynyda gşrek-rim we erkin göreş boýunça milli derejedäki ýaryşyň hem-de 10-njy aprelde köpugurly “Aşgabat” stadionynda Türkmenistanyň agyr atletika boýunça başlanýan ýaryşynyň ýeňişjileri belli bolar. Indiki hepdäniň dynç alyş günlerinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda, “Seýrana” myhmanhanasynyň binýadynda Türkmenistanyň plýažda oýnalýan woleýbol boýunça açyk ýaryşy geçiriler.

Şu we indiki hepdede sport boýunça biz şunuň ýaly dürli görnüşdäki ýaryşlara tomaşa edip bileris. Aýyň ahyryna çenli bolsa dürli ugurlara degişli çäreleriň ýene-de onlarçasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Muňa mysal edip, sportuň dürli görnüşleri boýunça talyplaryň arasyndaky bäsleşikleri we milli ýaryşlary görkezmek bolar. Türkmenabat şäherinde taý boksy boýunça ýaryş we Daşoguz şäherinde kýokusinkaý-karate boýunça ýaryş has içgin gyzyklanma bildirýän tomaşaçylaryň ünsüni çeker. Bu ýaryşlar 14-16-njy aprel aralygynda geçiriler. 17-20-nji aprelde Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda Türkmenistanyň uşu boýunça ýaryşyny we Türkmenabat şäherinde akrobatika boýunça ýaryşyny gerçmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda futbol boýunça ýaryşy we ýokary liganyň klublarynyň arasynda futbol boýunça ýaryşyň nobatdaky tapgyryny, şeýle hem baýdarkalarda we kanoede küreklemek, awtosport we karting, basketbol we woleýbol, tennis, küşt, welosport, suwda oýnalýan polo we ýüzmek boýunça ýaryşlar geçiriler.

Soňky ýyllarda türkmen sporty diňe bir öz hatarlaryny artdyrmak bilen çäklenmän, täze sepgide ýetdi. Diňe bir geçen, 2013-njy ýylda biziň türgenlerimiz halkara ýaryşlarynyň 167-sine, şol sanda Koreýanyň Inçhon şäherinde ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlaryna we Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherinde tomusky Bütindünýä uniwersiadasyna, beýleki bäsleşiklere gatnaşdylar hem-de 282 sany medala eýe boldular. Şolaryň100-si altyn, 96-sy kümüş we 86-sy bürünç medallardyr.

Şu ýökary görkezijiler türkmen sportunyň taryhynda ozal görlüp-eşidilmedik netijedir. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy örän uludyr. Hut şunda milli Liderimiziň tagallasy bilen türkmen sporty ösüşiň hil taýdan täze derejesine ýetip, dünýäde sport boýunça köp sanly ugurlarda ynamly öňe barýar.

Türkmenistanda 2017-nji ýylda geçiriljek Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek işleri ýaýbaňlandyryldy. Munuň özi ýurdumyzyň sport babatdaky binýadyny ösdürmekde we sport boýunça işgärleri taýýarlamakda örän uly ähmiýete eýedir. “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly çäre bu işe güýçli itergi bermelidir. Şeýle hem şu aýda milli oýunlar boýunça bäsleşikler, giň köpçülik üçin niýetlenen maslahatlar, medeni-dynç alyş we wagyz etmek bilen bagly çäreler, çagalar üçin oýunlar guralar. Bularyň ählisi oňa gatnaşyjylaryň geljekde-de sport bounça halaýan ugurlary bilen yzygiderli meşgullanmagyna badalga berilmegine gönükdirilendir. Galyberse-de sport-köpçülikleýin çäreler sagaldyş we terbieçilik bilen birlikde oňyn hem-de hyjuwly häsiýete eýe bolmak arkaly, dynç alyş we wagyz etmek babatda möhüm ähmiýete eýedir. Türkmen bedewiniň baýramylygy hem özüne mahsus täsirliligi arkaly şu çäreleriň has-da täsirli bolmagyna degerli ýardam berer.

Şeýle hem 1-nji aprelden başlap, aýyň ahyryna çenli ähli edaralarda, kärhanalarda, ýokary okuw mekdeplerinde iş güni önümçilik türgenleşigi bilen başlanar. Ýeri gelende aýtsak, häzirki döwürdäki alymlar irden ylgamagyň birnäçe sagatlap iş stolunyň başyndan hereket etmän diýen ýaly oturmagyň netijesinde döreýän ýadawlygyň aradan aýyrýandygyny delillenip düşündirdiler. Şunda önümçilikdäki gimnastika ýeke-täk çykalga bolup durýar, munuň özi iş günlerinde aprel aýyndaky başga-da birgiden oňyn başlangyçlar bilen birlikde adaty tejribä ornaşmalydyr.

Şu aýyň ahyrky gününde hokkeý boýunça klubalaryň arasynda açyk ýaryşyň, Türkmenistanyň gylyçlaşmak býounça ýaryşynyň, taekwondo (ITF) we sportuň beýleki görnüşleri boýunça açyk milli ýaryşyň jemleýji duşuşyklary geçiriler.

“Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly çäräniň ýapylyşyna we “Türkmenstan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” diýen şygar bilen geçirilýän V sport bäsleşikleriniň ýeňijileriniň sylaglanmagyna bagyşlanan dabara Milli awtosport merkezinde geçiriler.

Bu köpçüliklýin çärä ýaňy badalga berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkyň sagdynlygyna degişli meseleler bilen birlikde, bu çäräniň geçirilmegine-de içgin üns bermegi beden, ruhy we ahlak taýdan sagdynlygyň toplumlaýyn milli ulgamynyň düzülmeginiň syýasy taýdan esasy ugur, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynda bolup geçýän özgertmelere hem-de häzirki günleriň we baýramçylyklaryň işjeň we döredijilikli häsiýetde bolmagyna badalga berýän güýçdigini aýdyň subutnamadyr.

Ýurdumyzda şunuň ýaly uly möçberli çäreler bedenterbiýe-sagdynlyk hereketiniň hil taýdan täze derejä ýetirilmegini, giň gerimli jemgyýetçilik işelriniň gepçirilmegini alamatlandyrýar, bularyň maksady bolsa türkmen halkynyň, her bir raýatyň abadan, bagtyýar we göwnejaý ýaşaýşyny üpjün etmekden ybaratdyr.

Diýmek, bize diňe bir sport bilen bagly bir aýlygy däl-de, şatlykdan, joşgundan hem-de birgiden mümkinçilikleri äşgär edýän we ýagşy umytlaryň, sagdynlygyň hem-de bagtyýarlygyň güýç-kuwwatyndan doly durmuşy başdan geçirýäris.

Degişli makalalar

Her Derde Melhem

syrach

DÜNÝÄNIÑ IÑ ULY DERMAN ÝARMARKASY PARIŽDE GEÇIRILÝÄR

syrach

Melhem Suwly Gaýnarbaba